СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Туркменистан и Япония обсудили технологии переработки отходов 31 Марта 2026 г., 23:58В Меджлисе Туркменистана прошла конференция о роли женщин в современном обществе 31 Марта 2026 г., 23:56В Ашхабаде обсудили реализацию совместных с ЮНИСЕФ проектов 31 Марта 2026 г., 00:07В северном регионе Туркменистана прошел фестиваль бахши-дестанчи 31 Марта 2026 г., 00:05Состоялась Первая встреча межпарламентских групп дружбы Туркменистана и Монголии 31 Марта 2026 г., 00:03Гурбангулы Бердымухамедов поручил продвигать деятельность Благотворительного фонда на международном уровне 30 Марта 2026 г., 23:50

Gyssagly habar: Öýde ýeke galan ýedi çaga ýangynyň pidasy boldy
25 Февраль 2021 г., 10:26

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda 2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda takmynan sagat 22:00 töweregi etrabyň Bamyly obasynyň ýaşaýjysy Didar Çaryýewiň öýünde ýangyn emele gelip, öý eýesiniň mekdep ýaşly we ondan hem kiçi 7 sany perzendi aradan çykan. Bu barada Dashoguz.live saýtynyň habarçysy wakanyň şaýatlaryna salgylanyp, habar berýär.

Obadaşlarynyň aýtmagyna görä, ýangyn dörän wagty Didar Çaryýew, onuň aýaly Sähragül we maşgalanyň beýleki iki sany çagasy goňşy obadaky garyndaşlarynda myhmançylykda bolanlar.

Habarçymyza mälim bolşuna görä, öýsüz galan Çaryýewleriň maşgalasy Gurbansoltan eje etrabynyň häkimligi tarapyndan waglaýyn ýaşaýyş jaýy we zerur serişdeler bilen üpjün edilen. Obadaşlary hem Çaryýewleriň maşgalasyna ýerli-ýerden goldaw berýärler.

Waka boýunça deslapky derňewi etrap prokuraturasy alyp barýar. Kanun goraýjylar ýangynyň döremegine öýde gurnalan we tebigy gazda işleýän ýyladyjy ulgamda dörän näsazlyk ýa-da olary ulanmakdaky seresapsyzlyk sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Bu barada goşmaça maglumatlara garaşyň.