СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Ашхабаде отметили 195-летие легендарного туркменского музыканта Шукура бахши 25 Марта 2026 г., 09:18Туркменистан и Уганда подтвердили обоюдный настрой на расширение сотрудничества 25 Марта 2026 г., 09:15Посол Туркменистана принял участие в детском фестивале в Токио 25 Марта 2026 г., 09:13В Туркменистане действует уникальный музей бахши 25 Марта 2026 г., 09:10В Ашхабаде стартовала VI Открытая международная математическая олимпиада 25 Марта 2026 г., 09:09Сумма валютных сделок на товарно-сырьевой бирже Туркменистана превысила $13, 8 млн 24 Марта 2026 г., 08:50

Ekişde bökdençlik bolmaz
13 Август 2021 г., 09:10

 Häzirki günlerde ýer eýeleri hem-de olaryň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan edara-kärhanalaryň hünärmenleri iş üstünde bolup, tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny birkemsiz taýýarlamak, güýzlik bugdaýyň ekişini gysga möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde geçirmek boýunça işler gyzgalaňly alyp barylýar. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasy bu işlere ähli taraplaýyn taýýarlykly girişdiler. Bu ugurda işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, öňde goýulýan aýdyň wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi işleriň häzirki gurluşyna köp derejede baglydyr.

 
Kärhanada öňde duran ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary ýokary derejede abatlamak, olaryň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şu ýylky bugdaý ekişinde  dürli kysymly traktorlaryň 60-dan gowragynyň, däne ekijileriň 63-siniň, tekizleýjileriň 40-dan gowragynyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginde esasy daýanç hasaplanylýan kuwwatly tehnikalary, beýleki oba hojalyk gurallaryny talabalaýyk abatlamak işleri gije-gündizleýin dowam edýär. Munuň özi bolsa bugdaý ekişi döwründe tehnikalaryň öndürijilikli işlemeklerini, gündelik ekiş geçirilmeli ekin meýdanlarynda işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmeklerini üpjün eder. Muňa bolsa Tejenli babadaýhanlaryň “Türkmenistan – parahtçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna doly mümkinçilikleri döredýär.