СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Туркменские кикбоксеры завоевали 14 медалей на Кубке мира в Таиланде 21 Апрель 2025 г., 17:09Благотворительный Фонд Туркменистана оказывает финподдержку в лечении детей 21 Апрель 2025 г., 17:04В нефтегазовом вузе Туркменистана прошел конкурс по робототехнике 21 Апрель 2025 г., 17:02Туркменистан и Южная Корея развивают связи в строительстве «умных городов» 21 Апрель 2025 г., 16:52В Ашхабаде состоится премьера спектакля «Курбанназар Эзизов» 21 Апрель 2025 г., 16:51Сумма сделок на ГТСБ Туркменистана превысила 41,1 миллион долларов 21 Апрель 2025 г., 16:40

Dag gudraty
04 Ноябрь 2013 г., 14:54

 

“Keremli daglar ynsana merdemsiligi, çydamlylygy, gaýratlylygy öwredýär” diýip, ýaşuly türgen Orazgeldi ÇARYÝAROW şeýle söhbet açýar:

-Biziň häzirki ajaýyp zamanamyzda Mertebesi Beýik, Hormatly Prezidentimiziň sport, bedenterbiýe babatdaky göreldesinden dünýä nusga alýar. Onuň islendik ugurdan ussat türgendigi köpleri haýran galdyrsa, meniň ýaly ýaşuly türgenleri guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen döwletine baş bolup başlan pursatyndan esasy üns beren meselesi halkyň jan saglygy boldy. Ine, pähim-paýhas diýip şuňa aýdarlar! Sebäbi sportdyr bedenterbiýe bolsa saglygyň çeşmesidir. Meniň ykbalym hem sportdyr bedenterbiýe bilen bagly boldy. Şol sebäplem bu mesele meniň üçin ezizdir hem  ykbal  çözüjidir.

Men 66 ýaşy arka atan-da bolsam, şu döwürde ýaşamak miýesser edenligi üçin, şeýle Arkadagymyzyň bardygyna guwanyp, özümiň heniz Watana, ilime sähelçe-de bolsa peýda bermäge ukybymyň bardygyna buýsanýaryn. Dogrusy, gojalyk ýadyma düşenok. Bu zatlar dogduk depäm dagly obamyň, üstesine-de bedenterbiýäniň gudratydyr. Ata-baba aýdypdyr-a “Gudrat görseň daglara bar” diýip.

Hormatly dynç alyşda bolsam-da, 40 ýyl bäri bir ýerde, dogduk depäm Baharly  etrabynyň Deşt obasyndaky Şaja Batyrowyň adyny göterýän 18-nji orta mekdepde okuwçylara bilimdir terbiýe berýärin. Elbetde, saýlap alan kärimiň ýeňil däldigine indi-indiler düşünýärin. Asylly kärimde maňa obadaşlarymyň hormat-sylagy, gapdalymda mugallym bolup işleýän keýwanymyň hoş sözleri uly goltgy berýär.

Dogduk mekanyma “Allanyň nazary düşen ýeri” diýesim gelýär. Obamyz çar tarapy belent daglar bilen gurşalan, durnagöz çeşmeleriň, maral käkilikleriň mesgeni. Üstesine-de myhmana gujak açyp duran güler ýüzli obadaşlarym bar!

Aslynda men keremli dagda doglan. Ýaşlygym, ýetginjek ýyllarym şu daglarda geçdi. Men çopan maşgalasynda dünýä inen. Şeýle bolansoň bu ýerler maňa has mährem, yssy görünýär.

1964-nji ýylda ykbalym çekip, Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girdim. Şol pursatdan bäri sportdyr bedenterbiýe meniň ykbalyma öwrüldi. Şol ýerde okan 4 ýylymyň dowamynda ýeňil atletikanyň birnäçe görnüşinden tejribeli tälimçilerden tälim aldym. Esasan hem her ýyl ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilýän “Metbugat estafetasynda” okuw mekdebimiziň sport abraýyny gorap, üstünliklere mynasyp bolduk.

Bu mekdebi tapawutlanan diplom bilen tamamlap, şol ýyl häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Bedenterbiýe bölümine okuwa girdim. Şonda bir gezekde sportuň dokuz görnüşinden iň ýokary baha alypdym. Ine, bedenterbiýäniň ýene bir gudratyna mysal. Sportuň bir görnüşini saýlap almagy ýüregime düwdim. 1967-nji  ýylda boksa gatnap başladym. Ussatlardan tälim aldym. Şol ýyllarda boks boýunça geçirilýän dürli ýaryşlara gatnaşdym. 1970-nji ýylda Aşgabat şäheri boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji boldum. Şonda boks boýunça birinji sport derejesi berlip, ýygyndy topara kabul edildim. 1971-nji ýylda öňki soýuz respublikalarynyň 6-synyň boksçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly ýaryşda 3-nji orny eýeledim. Soňam şeýle üstünlikler az bolmady.

Toparymyzda ökde boksçylar kändi. Şolaryň birem Wýaçeslaw Bodniýa diýen ýigitdi. Ol türkmen boks sportunyň ilkinji “Halkara derejeli sport ussadydyr”. Bir waka ýadyma düşýär. Biz uly ýaryşa ugradyk. Aşgabatdan Moskwa, Moskwadan Kriwoý-Roga uçduk. Ýaryşa 254 türgen gatnaşýardy. Olaryň arasynda atly türgenler az däldi. Bizden 67 kilogram agramda Bodniýa çykyş edýärdi. Şu günki ýaly ýadymda, Bodniýa finalda Ijogin bilen duşuşdy. Örän agyr, dartgynly söweş bolupdy. Olar gezek-gezegine güýçli urgy bilen ringiň ýüpleriniň arasyndan garşydaşlaryny agdaryp,  tomaşaçylara tarap togalapdylar. Bu hut şeýle-de bolupdy...

Ýaryşyň netijesinde Murat Hudiýew 48 kilogram, Wýaçeslaw Bodniýa 67 kilogram agramda çempion  boldular. Bu biziň sport guramamyz üçin uly abraýdy ahbetin! Şu ýerde men ýygyndy toparymyzyň agzalaryny uly hormat bilen ýatlasym, olaryň ýaşap ýörenlerine bagt, jan saglyk arzuw edesim gelýär. Bu meniň 40 ýyldan soňky hoşallygymdyr.

Islendik ýaryşda men öz obamy, obadaşlarymy ýatlaýardym. Dogrusy, şol döwürde olar sportdyr bedenterbiýä pitiwa edibem baranokdylar. 1974-nji ýyldy. Ýokdy bu zatlar. Işe başlan mekdebimde menden öň bedenterbiýeçi hünärmen bolman eken. Emma men kynçylyklary hökman ýeňip geçmelidim, bedenterbiýäniň güýjüni okuwçylara, ene-atalara, ýaşulylara düşündirmelidim. Ýyllar tirkeşdiler, wagt meniň peýdama işledi. Şeýdibem wagtyň geçmegi bilen sportdyr bedenterbiýäniň gydraty ýuwaş-ýuwaşdan ilki mekdebimize, soňy bilen tutuş obamyza doldy. Ynha, bu günki  gün mekdebimizde boks sporty resmi taýdan açyldy. Oňa 20-den gowrak türgen  ýaşlar höwes bilen gatnaşýar. Ýene höwesekler az däl. Bu ýagdaý ýaşuly türgen hökmünde  meni diýseň begendirýär. Deşt obasyndan hem ökde boksçularyň dörejekdigine bolan ynam kalbyma dolýar. Şu ýerde obamyzdan ilkinji sportçyny ýatlasym  gelýär.Ol  häzir Änew şäherinde ýaşaýan 77 ýaşly, boksdan “SSSR-iň sport ussady” derejesini alan, hormatly aksakalymyz Allaberdi Orazmämmedowdyr.

Ine, daga ýüzlenmegimiň, oňa togap etmegimiň sebäpleri-ä şulardan ybarat. Obadaşlarym bolsa sportda-da gojaman daglar ýaly berdaşly bolmagy öwrenýärler. Şunda olar ähli babatda bolşy ýaly, sportda hakyky KERWENBAŞY Prezidentimizden nusga alýarlar.