BILÝARDYŇ TARYHY
01 Ноябрь 2013 г., 16:12
Bilýardyň oýun hökmünde ýüze çykmaklygynyň wagty şu güne çenli belli däl. Şu güne çenli bilýard hem küşt ýaly irki wagtda ýüze çykandygy, onuň watanynyň Aziýadygy belli. Şeýle hem onuň watany Hytaý ýa-da Hindistan diýlip çäk ediýärler. Adamzadyň ilkinji oýlap tapan oýunlary şar we top bilen baglanşykly diýlip uly ynam bilen aýdyp bileris. Ilkinji Aziýa bilýarlary Ýewropa ýurtlaryna Angliýda we Fransiýada ýüze çykdy. Häzirki zaman bilýardyň esasynda düzülýän oýunlar ýewropalylara has irräk aýandy.
Bilýard oýnunyň ady barada pikirler dürlidir. Iňlis taryhçysy Jon Bilk bilýardyň ady ilkibaşda “Ball - yerd” diýlip atlandyrylypdyr diýip belläp geçýär. Ýagny “ball” – top we “yerd” – taýak. Beýleki taryhçylaryň “Bilýard” sözüniň fransuz “Bille” ýagny “Şar” diýmek we “billart” – “Taýak” sözünden gelip çykýandygyny aňladýarlar.
Bilýard oýnunyň ýüze çykmaklygy barada Ýewropada iki hilli çaklamalar bar. Birinji çaklamanyň tarapdarlary delil edip Mariýa Stýuartyň arhitertor Glazgo ýazan hatyny görkezýärler. Ol hat Mariýa jeza bermeli güni 1958-nji ýylyň 17-nji fewralynda ýazalypdyr. Tagtdan juda düşen, Angliýanyň tagtyna öz islegini bilderen Şatland şa – aýaly hatynda öz bilýard stoluny başga ýere geçirmekligini haýyş edip ýazypdyr. Ol bilýard diýip şol oýun üçin niýetlenen stol atlandyrylypdyr.
Ikinji çaklamanyň tarapdarlary fransuzlar. Olar başga delil görkezýärler. Ýagny Fransiýanyň şasy Lýudowik ХI (şalyk eden döwri: 1461 - 1483 ý.ý.), öz öýünde bilýard stoluny goýupdyr.
Beýleki awtorlar şa Karl IХ (1560 - 1574) şalyk eden döwründe ýaşan Genrih Delinýeniň bilýardyň ýüze çykmagyna sebäp boldy diýýärler. Taryhçynyň aýtmagyna görä onuň özi bilýard oýunyň jan köýýeri bolupdyr. Ilkinji bilýard stoluň esasy göni we typanjak bolmandyr, kiý - taýýajyklary hem bolsa örän uly bolupdyr, şonuň üçin hem olar bilen şarlary urmak örän kyn bolupdyr. Umuman aýdylanda, gadymy döwürde bilýard oýny ýönekeý oýun hasaplanypdyr.
ХVI asyryň soňunda ХVII asyryň başynda bilýard stoly gowulanyp gönlenip başlanýar. Stoluň gyrasynda ýerleşýän şaryň gaçýan ýeri ýörite tor bilen dikilýär. Ýöne bular ýaly lyzalaryň sany barha azylypdyr. Stoluň gyralaryny ýüňden soňra bolsa kauçukdan hem edilipdir. Bu şaryň has hem batly urulmagy üçin neýetlenýär.
Stoluň umumy gurlyşy barada aýdylanda soňky döwürlerde stoluň 8 sany luzasy bolsada ýeterlik hasaplanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bilýard stoly has kämilleşýär. Ýuwaş – ýuwaşdan çekiç taýýagyň ýerine kiý taýýagy ulanylyp başlaýar. Kiý taýýagynyň ulanylmagy we bilýard stolunyň kämilleşmegi bilen bu oýuna gyzyklanýanlaryň sany barha artýar. Meselem, ХVII asyryň ortalarynda britanlylyryň orta we ýokary gatlaklary bu oýuny oýnap başladylar, her bir uly ýa-da kiçi şäherlerde bilýardy erkekler bilen deň derejede aýallar hem oýnaýardy.
Bilýard stoluň eýeleri ilki başda kilar bilen oýnamagyna garşy bolupdyrlar, sebäbi stola zyýan ýetýär diýlip pikir edilipdir. Ýöne gorkuly zat bolmandyr, stola hiç – hili zyýan ýetmändir. Bilýardy gowy oýnap bilýän ussatlaryň sany köpelipdir, bu oýny uly höwes bilen synlamaga gelýänleriň sany gün – günden köpelipdir.
Bilýard stoluň kämilleşmegine onuň şekiliniň üýtgemegi hem sebäp bolupdyr. Ilkinji stol dörtburç, soňra bolsa 6, 8 burç, tegelek hem bolupdyr. Netijede stol dörtburçlygyna galypdyr. Şeýle hem, stoluň uzynlygy onuň ininden iki esse uly bolmagy diýlip ykrar edilýär. Bilýard stolunyň uzynlygy hem üýtgeýär. Tejribede görlüşi ýaly, uly bilýard stollary özünde köp amatlyklary jemleýär we uly gyzyklanma döredýär.