KÜŞT OÝNUNYŇ TUTÝAN ORNY
10 Январь 2014 г., 12:49
Türkmenistan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ulgamlarynda heniz görlüp-eşdilmedik ösüşler gazanylyp, belent derejelere ýetilýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, ruhubelent hem gujurly bolmaklary üçin mekdeplerimizde bedenterbiýe dersiniň girizilmegi we şol ugurdan ylmy-barlag işleriň geçirilmegi bu meseläniň wajyplygyna şaýatlyk edýär.
Mekdepde bedenterbiýe sapagynyň dowamynda çaga aňynyň kämilleşdirmegin-de, akyl-paýhas işjeňliginiň artmagynda, bilim derejeleriniň pikirleniş ukyplarynyň ösmeginde, öz ýalňyşlaryny düzetmekde we beýleki sapaklaryny özleşdirmekde küşt oýnunyň aýratyn täsiri bar. Küşt oýnunda meseleler, mysallar we testler uly orun tutýar hem-de onuň çaganyň logiki pikirlenmek ukyplaryny ösdürmekde, küşti durmuşda ulanmak başarnyklaryny we dialektiki dünýägaraýyşlaryny kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Bedenterbiýe sapaklarynda mekdep okuwçylaryna küşt oýnuny öwretmekligiň pedagogikanyň ähli talaplaryna laýyk gelýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Ol çaganyň aňyny ösdürýär, gözýetimini giňeldýär, kanagatlylyk, sabyr-takat häsiýetlerini kämilleşdirýär.
Küşt diňe bir oýun däl-de, eýsem ol sportdur, ylymdyr we sungatdyr. Küşt oýny gadymy oýunlaryň biri. Birnäçe müňýyllyklar mundan ozal, nirededigi we haçandygy belli däl, adamlaryň bu oýna bolan höwesi, ymtylmasy esasynda oýny döretmek maksady bilen ilki-ilkiler ýönekeýje tagtalary ýasapdyrlar. Häzirki wagtda küşt tagtasy agaçdan, plastmassadan we dürli sintetiki materiallardan ýasalyp, halk arasyna giňden ýaýrady. Sebäbi türkmeniň aňyrsynda dünýäniň ilkinji çempiony Muhammet As-Suly bar. Ol dünýäde meşgurlygy küşt arkaly gazanypdyr.
“Jemgyýetçilige işjeň gatnaşmagynda mekdeplerde, çagalar edaralarynda, sport mekdeplerinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taglymat-terbiýeçilik işleri güýçlendirilmelidir. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumy adamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek möhümdir” diýip, Türkmenstanyň Prezidenti nygtap belleýär. Şeýle hem gol çekilen karara laýyklykda, şu günler Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň gurluşygy gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Bu desgany 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkmenstanyň Prezidenti hem ylym-bilimiň, türkmen aňyýet kämilliginiň pajarlap ösýän bagtyýar zamanasynda, gadymy eždatlarymyzyň sarpa goýan bu akyl-paýhas küşt oýnuna aýratyn üns berýär.
Şeýlelik bilen, çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şol özgertmeler ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, sagdyn nesliň kemala gelmegini nazarlaýar. Bu wajyp wezipäni ygtybarly çözmekde döwlet Baştutanymyzyň “Türmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly kitaby we adybir şygar astynda geçirilýän Milli uniwersiada uly goldaw, egsilmez hujuw berýär. Bu işler, elbetde, döwlet ýolbaşçysynyň ýöredýän syýasatynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň durmuş ýörelgesiniň möhüm düzüm bölegidigini görkezýär. Döwletimizde adamyň saglygyny, onuň ajaýyp zamanada halal işläp, päk zähmetiniň eşretini görüp ýaşamagyny ähli zatdan ileri tutýan ýurt Baştutanymyzyň sporty ösdürmek barada edýän taýsyz tagallasyna biz - ýaşlar guwanýarys we buýsanýarys.
Küşt oýny
Kimler oýlap tapypdyr,
Öýjük altmyş dürt sany.
Iki tarap goşun bar,
Hersiniň bar öz hany.
Şol hanyň elindedir,
Ähli goşunyň jany.
Ähli hüjüm şoňa garşy,
Şeýdip başlar küşt oýny.
Küşt oýny, küşt oýny,
Gyzykly bor küşt oýny,
Üýşüp-üýşüp oýnasaň,
Gyzykly bor küşt oýny.