СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Гурбангулы Бердымухамедов выступил с речью по случаю открытия новой мечети Сегодня, 18:07Глава Туркменистана встретился с Генсеком Организации тюркских государств Сегодня, 18:06Президент Туркменистана встретился с главой Международной федерации тенниса Сегодня, 11:37Сердар Бердымухамедов принял Генерального секретаря ЮНВТО Сегодня, 11:33Президент Туркменистана принял Генерального секретаря ОЭС Сегодня, 11:22Рассмотрена возможность открытия факультета туркменского языка в университете Кореи Сегодня, 11:16

Aşgabatda Olimpiýa şäherjigi - Orta Aziýada iň iri sport desgalarynyň birine öwrüler
03 Декабрь 2013 г., 19:18

Türkmenistan! Sport! Halkara sport ýaryşlary! Ýeňişler! Elbetde häzirki wagtda, häzirki günde iň aktual temalaryň birine öwrüldi. Türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň halkara bäsleşikerinde eýe bolýan üstünlikleriniň barha ýokarlanyp barýandygy barada aýdyň mysallar getirilende ýaş sportsmenlerimiziň ruhlanmagyna güýç berýär, galyberse-de bu buýsançly habarlar ildeşlerimizi buýsandyrýar. Ýagny talyp sportsmen ýaşlarymyzyň halkara derjesinde gazanýan netijeleri barada aýdylanda, diňe 2013-nji ýylyň dowamynda dünýäniň ýaş zehinleriniň arasynda uly tutanýerlilik görkezip, altyn medallaryň 12-sine, kümüş medallaryň 17-sine, bürünç medallaryň 22-sine eýe bolmagy başarandyklary barada resmi we internet habar serişdelerinde maglumatlaryň ýaýramagydyr.

Şonuň ýaly-da döwlet tarapyndan edilýän aladalar Türkmenistanda sportuň gysga wagtda çalt depginde ösmegine gönükdirilýär. Hat-da Aşgabatda bu iri halkara sport çäresini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen Orta Aziýada iň iri Olimpiýa şäherjiginiň okgunly depginler bilen gurulmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ol köpsanly sport desgalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, sportuň adamyň saglygy üçin ägirt uly ähmiýetini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sport toplumlary, halkara derejeli sagaldyş-dynç alyş merkezleri bina edildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki zaman iri sport desgalary – Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, köpugurly “Aşgabat” stadiony we beýleki soprt desgalary guruldy we hereket edýär. Bu işleriň hemmesi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýe hereketiniň giň gerimli bolmagyny üpjün etmäge, halkara derejesindäki türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

         Olimpiýa şäherjiginiň gurluşyk meýdançasynda ajaýyp taslamalary hakykata geçirmek arkaly iň soňky ösen halkara tehnologiýalarynyň gazananlaryny ulanmaklyk üçin öňki Olimpiýa stadionyny täzeden dünýä standartlaryna, häzirki zaman talaplara laýyk getirmek üçin durkuny täzelemek, modernizasiýa işleri hem geçirilýär.

Sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň gelen myhmanlar tarapyndan uly baha berilmegi türkmen sportsmenlerini has hem buýsandyrýar. Ýagny Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) prezidenti Janni Merlonyň çykyşy media-foruma gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Onuň belleýşi ýaly, sport – bu geçmişden geljege uzalýan köprüdir. Milli sport hereketi döwletiň kuwwatynyň özboluşly görkezijisi bolup durýar. Şonuň üçin sporty ösdürmek islendik ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir.

Şeýle buýsançly sözlerden soň we ajaýyp wakalaryň ummanynda ýaşaýan türkmen halkynyň bagtly gününe göz-görtele şyltak atyp, anygyna ýetmän ýalan maglumatlary ýaýradýan internet saýtlaryndaky hadysalara gös-göni  göripçilik, bahylçylyk diýmek bolar.