СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Президент Туркменистана принял главу дипломатии Великобритании Сегодня, 13:01Туркменистан и Франция обсудили перспективы партнерства в космической отрасли Сегодня, 11:30Туркменистан и Грузия обсудили сотрудничество по вопросам экономики Сегодня, 11:26Главы МИД Туркменистана и Великобритании провели встречу в Ашхабаде Сегодня, 11:20Медицинский университет Туркменистана приглашает на День открытых дверей Сегодня, 11:17В Туркменистане утвердили нормы строительства жилых домов коттеджного типа Сегодня, 11:07

Ýurdumyzda sportyň ösüşi
29 Ноябрь 2013 г., 12:14

Türkmenistanda 2007-nji  ýyldan bäri sport güýçli depgin bilen ösüp başlady. Şu döwrüň içinde bäş welaýatymyzyň hersinde  15 -20 aralygynda , tutuş ýurdumyz boýunça 100 ýakyn sport mekdepleri guruldy, Ýurdumyzda sport mekdeplerini , desgalaryny gurmak güýçli depgin bilen häzirem dowam edýär.  Şeýlelikde  welaýat  hem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sport komitetleri gaýtadan janlandyryldy,  degişlilikde her etrabymyzda doly güýjünde işleýän  sport komitetleri ýerlerde sport bilen meşgullanýan ýaş türgenleri gözläp tapmak hem olara tälim bermek boýunça uly işler alyp barýar.

Orta mekdebe 2007-nji ýylyň sentýabryndan  bedentgerbiýe sapagy gaýtadan girizildi, mekdebiň bedenterbiýe mugallymlary öz etrabynyň sport komitetleri bilen ylalaşykly hem bilelikde işläp, olar ýaş okuwçylary sporta höweslendirmek hem ýaş türgenleri gözläp tapmak  üçin tagalla baryny edýärler.

Türkmenistanda sporty ösdürmek üçin edilýän aladalar öz netijesini hem berip başlady. Şu ýylyň iýunynda Sambo we söweş sungaty hem-de taýekwonda boýunça Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempiýonatynda 16 medaL, 14 altyn, 2 kümüş medal bilen dolanyp geldiler, şol ýaryşa guşakly göreş boýunça 12 pälwanymyz gatnaşyp, olar 9 medal 8 altyn medal gazandylar.

29-njy iýunda Koreýanyň Inçhon şäherinde gecen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa cempiýanatynda türkmen sportsmenlerimiz 7 medal, 2 altyn, 4 kümüş, 1 bürünç medala mynasyp boldular.Bu ýaryşda hem guşakly göreş boýunça sportsmenlerimiz uly üstünlige eýe boldular.  Sport hem syýahatçylyk institutynyň talyplary Nuraly Ýalkabow, Gurban Beghanow  altyn medal, Nasiba Surkaýewa, Muhammet Temirow, Aýna Jumakulyýewa hem Serdar Jümmiýew kümüş, Şöhrat Hallyýew bolsa bürünç medala mynasyp bolup, bu halkara ýaryşynda Türkmenistanyň baýdagynyň belentden  parlamagyna uly goşant etdiler. Türkmenistanyň sportsmenleriniň wekilçilikli topary halkara derejesindäki  Aziýa çempiýonatyna ilkinji gezek gatnaşdylar.

Aziýa çempiýanaty hakynda söhbet edilende,  2017-nji ýylyň tomsunda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa çempiýanatynyň paýtagytymyz Aşgabatda geçirilijekdigi has guwançlydyr.  Bu Aziýa ýaryşyny geçirmek üçin gözel paýtagytymyzda  halkara derejesinde olimpiada sport şäherçesi gurulýar. Ýurdumyzda äpet sport gurluşygyň Aziýa çempiýanaty başlamazyndan, bir ýyl öň doly tamamlanjakdygyny aýtmak has hem ýakymlydyr.  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa cempiýonatynyň Türkmenistanda geçmegi bilen  biziň ýurdumyz   halkara derejesindäki sport ýaryşyny gurnamak we geçirmek boýunça hem uly tejribe gazanar.

6-17-nji iýul aralygynda Orsýetiň Tatarystan Respublikasynyň  Kazan şäherinde geçirilen XXVII tomusky  uniwersiada ýaryşyna  hem Türkmenistanyň sportsmenleri ilkinji gezek wekilçilik edip gatnaşdylar hem ol ýerden 14 medal, 2 altyn, 3 kümüş, 9 bürünç medalyň eýesi boldular.  Bu ýaryşda hem guşakly göreş boýunça sportsmenlerimiz  1altyn, 2 kümüş hem 3 bürünç medal gazanyp, şowly çykyş etdiler.

Sport hem syýahatçylyk institutynyň talyby, guşakly göreş sporty boýunça öz agramynda dünýäniň iki gezek çempiýony Ýagşymyrat Amanmyradow altyn,  82 kg agramda Gylyç Jumaýew hem 90 kg agramda Seýdi Batyrow kümüş medala mynasyp boldular.

Halkara sport  ýaryşynda sportyň  dürli ugry boýunça uly tejribe toplan,  dünýä derejesinde ykrar edilen,  ýaş türgenlerimiz barmak büküp sanardan köp.  Mysal üçin, 2012-nji ýyl boýunça dzýoda Ýewropa kubogynyň eýesi, sambo boýunça öz agramynda Aziýa çempiýony Gülbadam Babamyradowa,  Aýna Jumakulywa,  halkara derejeli sport ussady Muhammet Temirow,  Aşgabat şäheriniň Abadan etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçisi sambo boýunça Türkmenistanyň iki gezek, söweş sambosy boýunça dört gezek çempiýony Begenç Bagbanow, şu ýylyň iýunynda karate sporty boýunça Türkiýäniň Sakariýa şäherinde geçen halkara ýaryşynda ýurdumyzyň abraýyny goran  karatiçeler Gurbanmyrat Gylyjow, Diýar Hojaýew, Begmyrat Jepbarow hem Zuhrajan Jumabaýewa we halkara ýaryşynda ýurdumyzyň abraýyny goran ýaş türgenlerimiziň adyny agzamak bolar. Geljegine uly umut bildirýän bu türgenlerimiziň tas hemmesiniň Sport hem syýahatçylyk institutynyň talyplarydygyny aýratyn bellemek gerek.

Ýetginjeklerimiziň arasynda hem sporta bolan höwes barha rowaçlanýar. Olar hem halkara derejeli sport ýaryşynda Türkmenistanyň bähbidini goramagy başarýarlar.  Sankt Peterburgyň tennis klubynyň güýzki ýaryşynda  on dört ýaşlylaryň arasynda Allanur Garryýew 2-nji orny eýeledi.  Orsyýetiň Çerkesk şäherinde guşakly göreş boýunça 1993-1995-nji  ýyllarda doglan ýaşlaryň arasyndaky halkara ýaryşynda türkmen sportsmenlerimiz on döwletden gelen sportsmenleriň arasynda 3 altyn, 2 kümüş hem 2 bürünç medalyň eýesi boldular. Ol ýerden Medet Hallygurbanow  Seýdi Batyrow, Garmämmet Şamämedow altyn medal getirdiler.

Şu ýylyň a Eýranyň Sard şäherinde ýaşlaryň arasynda  küşt boýunça Aziýanyň çempiýonaty geçdi.  Şol halkara ýaryşynda nusgawy küştde Gözel Atabaýywa on sekiz ýaşdan ulularyň arasynda Aziýada üçünji orna mynasyp boldy. Şol halkara küşt ýaryşynda rapidde /15 minutda tamamlanmaly küşt oýny/ Saparmyrat Atabaýew ýetginjekleriň arasynda Gözel Atabaýewa bolsa on sekiz ýaşdan ulularyň arasynda altyn medalyň eýesi bolup, olara taý tapylmady.

Geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Sport hem syýahatçylyk komitetiniň hersi özbaşdak komitete öwrüldi.  Bu bolsa döwlet derejesinde sporta aýratyn üns berilýändigini alamatlandyrýar.  Mahlasy, Türkmenistanda sport uly güýç bilen soňky ýyllarda ösüp başlady.  Bu günki gün ýurdumyzda sportyň  dokuz ugry boýunça Milli sport merkezleri bar, olaryň sany hem barha köpelmek bilendir. Mysal üçin, 2014-nji ýylyň dekabryndan Türkmenistanda Milli küşt mekdebi hem  hereket edip başlar.

Futbol, hokkeý, buzda typmak  buz üstünde maşklary ýerine ýetirmek, welosiped sporty boýunça hem ýaş türgenlerimiziň uly geljeginiň bardygyna ynansa bolar.  Mahlasy, Türkmenistanda  sportyň uly ösüşe  eýe bolup başlandygy şübhesiz hakykatdyr.  Çünki sport halkymyzyň sagdynlygynyň hem ruhubelentliginiň girewidir.

Döwletmyrat Ýazkulyýew, Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.