Şahyr sport hakda
21 Ноябрь 2013 г., 18:00
SPORT---ZYBANYMDA DESSANYM!
Garaşsyz döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sportdyr bedenterbiýe ulgamynda bolýan uly özgerişlikler, rowaçlyklar her bir ynsanyň kalbyna güneş nury bolup çaýylýar. Ykbal çözüji wakalary ilki duýýanam, oňa ilkinji bolup öz sesini goşýanam şahyrdyr. Sebäbi olar Watanyň, il-günüň ykbalyny öz ykbalyndan ileri saýýarlar. Şeýle şahyrlaryň biri Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, “Galkynyş” gazetiniň bölüm müdiri Hudaýguly Gurbanowdyr. Beýik özgerişlikleriň döwründe şahyr döwür bilen aýakdaş gadam urýar. Ol öz döwrüniň beýik işlerine ýürekden guwanýar. Onuň ýürek buýsanjy bolsa kalbyndan joşup çykýan şahyrana setirlerine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Şeýle bolansoň bizem onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.Söhbetdeşlik gysga boldy. Sebäbi biziň berjek sowallarymyzyň jogaby eýýäm şahyryň goşgularyna siňen eken.
---Şahyr, Size aga diýip ýüzlenäýsek aýyplaşmarsyňyz-da!
---Aga bolup bilsek armanymyz-a ýokdur. Ýöne ajaýyp döwrümiz, Eziz Arkadagymyzyň ähli ugurlarda bolşy ýaly, bedenterbiýe babatynda bitirýän ägirt uly işleri ýadawlygy, argynlygy, garrylygy ýada-da salanok. Sag bolsun, Gahryman Arkadagymyz!
---Hudaýguly aga, bizden öňürtip gürrüňi sporta syrykdyrdyňyz oturyberdiňiz! Aňyşyma görä, Siz şähdaçyklygyň, ruhybelentligiň, ylham joşgunynyň özenini sportda görýän ýaly !?
-- Bildiň. Bu şeýle. Neneň şeýle bolmasyn. Sebäbi bize bu ugurda hakyky görelde, nusga alarlyk Beýik Ynsan bar. Bu günki gün ýelden ýyndam, ajaýyp ahalteke bedewine atlanyp aýlawy baglamakda, gojaman Hazaryň mawy tolkunlaryny gulaçlap ak gämili ýüziş etmekde, nyşana ok atyp, mergenligini görkezmekde, sesden çalt uçýan uçary sürmekde, söweş tehnikasyna başarjaň erk etmekde, «Alfa Romeo» ulagynda iň ezber sürüjiler bilen bäsleşmekde, welosiped ýörişinde kerwenbaşy bolmakda ähli ildeşlerimize görelde bolýan Eziz Arkadagymyz bar. Ýurt Baştutanymyzyň her bir başlangyjy körpelerden başlap, dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň kalbyna galkynyş hem ruhubelentlik çaýýar . Onsoň neneň şahyr kalby joşmasyn !?
-- Belki, başga-da ylham çeşmeleri bardyr?
-- Barlygyna bar, ýöne sportdan daşlaşmaýyn diýdim-dä. Her kimi bir zat joşdurýar. Bagyr obam —dogduk depäm meniň ylham çeşmämdir. Obamyzyň gözelligi, adamlarynyň hoşgylawlylygy, myhmansöýerligi, öýümiň abatlygy, ýeňňeňiziň mähirliligi, çagalarymyň edepliligi, obamyzyň uz gözelleriniň sadalygy, ýigitleriniň zähmetsöýerligi, gojalarynyň pähim-paýhaslylygy, ilerimizdäki gojaman Köpetdagyň gerişleriniň beýikligi, gaýramyzdaky Garagum çölüniň üstünden öwüsýän sähra şemalynyň ýakymlylygy, obamyzyň gündogaryndan dogýan Günüň tylla nurlary, Bagyryň Aýly agşamlary, töweregimizdäki durnagöz çeşmeleriň joşguny... meniň setirlerimiň säbäpkärleridir.
--Bu diýýän zatlaryňyz-a söýgä çekip barýan ýaly. Ylalaşsaňyz söýgi meselesini soňa goýaly. Şahyr kalby sport barada nähili joşýarka?
-- Dogrysy, men döwür bilen aýakdaş gitmegi halaýan.Hoş habar eşitdigim dessine galama ýapyşaýmam bar. Endige öwrülipdir-dä. Bu gün sport şol özgerişlikleriň öň hatarynda barýar. Sport meniň zybanymda dessanym diýsemem ýalňyşmaryn. Şonuň üçinem okyjylar meniň şol joşgunymy şu goşgy setirlerimden aňar diýip umyt edýärin.
--Beýle bolsa, söhbetdeşligimizi gysgaldalyň. Size durmuş, maşgalaňyz, halypadyr şägirt, kärdeşleriňiz barada-da sowallarymyz-a bardy. Ýöne olary ýeneki söhbetdeşlige goýmaly boldy. Gowusy, goşgularyňyzy okaýsak!
Woleýbol oýnan mahalym
Ganat baglap uçýan Göge,
Woleýbol oýnan mahalym.
Begenýän men misli çaga,
Woleýbol oýnan mahalym.
Waspy owaz dillerime,
Şowhundyr sag-sollaryma,
Gujur gelýär gollaryma,
Woleýbol oýnan mahalym.
Şähdim açar, köňül joşar,
Bagtyýarlyk dolup-daşar,
Saglygyma saglyk goşar,
Woleýbol oýnan mahalym.
Boljak bolsaň ezber türgen,
Woleýboly oýna her gün,
Bar yhlasyň oňa bergin,
Woleýbol oýnan mahalyň.