СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Ýurdumyzda studentleriň sany barha artýar
31 Август 2013 г., 09:31

12-nji iýulda geçirilen Ministrler kabinetiniň giňeldilen mežlisinde Türkmenistanyň ýokary okuw, hünär mekdeplerine alynjak studentleriň sany kesgitlendi.  Şu ýyl 6100 oglan-gyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebiniň studenti bolar, bu san geçen ýylky bilen deňeşdireniňde hem 334 adam köpdür.  2005-njy ýyl bilen deňeşdireniňde bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän studentleriň sany iki esse gowrak  artdy. 2005-nji ýylda ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdebine 3000 student kabul edilipdi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebinde studentleri seçip almakda SSSR döwründen kök uran korrupsiýany ýok etmek üçin döwlet derejesinde soňky ýyllarda duýarlykly işleriň edilýändigini hem aýtmak gerek. Mysal üçin,  2009-njy ýylda  Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň rektorynyň ýolbaşçylygynda mugallymlar düzüminiň  student seçip almakda eden uly möçberdäki korrupsiýasynyň üsti açylyp, ol parahorlara degişli jeza berildi. Olaryň näçe adamdan, näçe möçberde para alandygy  habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka aýan edildi.

2012-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Giriş ekzamenleri alynýan döwürde onuň geçýän ýerine wideokameralar oturdyldy. Elbetde, oturdylan wideokameralaryň netijesi hakynda halka maglumat berlen bolsa, has gowy bolardy. Belki, wideokameralaryň berjek  oňyn  netijesi şu ýyl halka äşgär ediler. Ýatladyp geçsek, 1989-1992-nji ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine student kabul etmek üçin  geçirilen Giriş ekzamenlerde wideokameralar oturdylyp, onuň nähili geçýändigini her ýokary okuw mekdebiniň bellenen ýerinde halk köpçüligi arkaýyn synlap bilipdi.  Şu ýylky ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Giriş synagynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başyndaky tejribe ulanylsa,  bilim pudagynda korrupsiýanyň iň ýokary derejede azalmagyna şert dörederdi.

Emma geçen ýyl  ýokary okuw mekdeplerinde oturdylan wideokameralaryň  görkezen netijesi hakynda halkja açyk maglumat berilmedigem bolsa, bu edilen oňyn işiň halk köpçüligine uly peýda getirendigini hiç kim inkär edip bilmez. Has dogrusy, oturdylan wideokameralaryň peýdasy netijesinde öz güýji bilen okuwa giren ýaşlar görnetin köpeldi.Ýaşlaryň uly bölegi öz güýjüň bilen okuwa girip bolýandygyna ynam edip başladylar. Munuň özi döwletiň, hökümetiň edýän oňyn işine ýaşlaryň ynam etmegidir diýsek, öte geçdigimiz bolmasa gerek.

Ýaşlaryň öz güýjüne bolan ynamy olaryň okuwa girmek isleýänleriniň sanyny hem barha artdyrýar. Mysal üçin, 2005-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebine 3000 student alnyp, her student ýer üçin  ortaça 3 adamdan sähel gowrak bäsleşik bolupdyr, geçen ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebine 5766 student alnyp, her student ýer üçin  dört adamdan hem köp bäsleşik bolupdyr, şu ýyl bolsa 6100 ýaşlaryň student bolmagyna garaşylýar. Iň tejribeli pedagoklarymyzyň çaklamasyna esaslansaň hem, şu ýyl ýurdumyzyň her student ýeri üçin azyndan ortaça4,5-5 adamyň bäsleşjekdigine göz ýetirse bolýar.

Anyk sanlara ýüzlensek, resmi berlen maglumatda 2005-n ji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýyna girmek islänler 9500-e hem ýetmändir, geçen ýyl 24 müňe golaýlapdyr, bu ýyl bolsa 30 müňe barjakdygy çaklanýar. Diýmek ýurdumyzda 2005-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, şu ýyl  ýokary okuw mekdebine kabul ediljekleriň sany iki esse gowrak artan bolsa, ýokary okuw mekdebine girmek isleýänleriň sany üç esseden gowrak köpelipdir. Has dogrusy, bir student ýer üçin bäsleşik ýurdumyzda ýyl geldigiçe köpelýär. Bu gutlanmaly ýagdaý, çünki ýaşlarymyz geljegimiziň halkyň ylym-bilim sowadyna baglydygyna düşünip başladylar.

Okuwa girip bilmedik ýaşlar üçinem bar umudyň soňlandygy däl. Ýurdumyzyň ýörite hünär mekdebine /öňki tehnikumlara/  6522 student kabul ediler, mundan daşgary hem başlangyç hünär mekdeplerine /öňki uçilişşeler/  hem 30 müň ýaşlaryň okuwa kabul ediljekdigi yglan edildi. Ýurdumyzyň resmi maglumatynda şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan 98240 oglan-gyzyň 46622  sanysynyň ýurdumyzyň ýokary okuw , ýörite we başlangyç hünär mekdepleriniň studenti bolup biljekdigi aýdyldy.Bu sanyň üstüne daşary ýurda okuwa gitjek müňlerçe ýaşlarymyzy goşsak,  orta mekdebi tamamlan ýaşlarymyzyň ýarysyndan köpüsiniň şu ýyl student boljakdygyna şübhelenmese bolar.

Döwlet gerejesinde ýurdumyzda ylym-bilimiň hilini kämilleşdirmek üçin hem uly işleriň edilýändigini bellemek gerek, 2007-nji ýylda 9 ýyllyk orta mekdebimiz on ýyl edilen bolsa,  şu okuw ýylyndan  ýurdumyzyň orta mekdepleri on iki ýyllyk okuw sistemasyna geçdi. Diýmek, Türkmenistanda hökümetimiziňem, ýaşlarymyzyňam ýurdumyzyň geljeginiň sowatly raýatlarymyzyň elinde boljakdygyna ynamy barha güýçlenýär.  Bu bolsa  Türkmenistanyň geljek ýyllarda uly ösüşlere beslenjeginiň aýdyň alamatydyr, çünki ylym-bilim  durnukly ösüşiň girewidir. Şonuň üçin şu ýyl student bolmak  isleýän ýaşlarymyzyň içinden mynasyplarynyň bu ada eýe bolmagyny arzuwlap, makalamyza nokat goýýarys.

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri