Halkymyzyň ynanjy mizemezdir
04 Июль 2013 г., 17:06
Her bir halk beýleki bir kowumdaş halkyndanam özüniň milli mentaliteti /häsiýeti/ bilen tapawutlanýar. Türkmenler dini ynanjy boýunça Yslama uýsalaram, beýleki halklardan dine bolan garaýşynda bütinleý tapawutlanýar. Türkmenler onlarça döwleti döreden ýa-da döretmäge gatnaşan bolsalaram, hiç haçan Yslam dinini syýasata aralaşdyrmandyrlar. Munuň özi türkmeniň halk hökmündäki aýratynlygyndan gelip çykýan milli häsiýetdir.
Döwrüň, adamlaryň ynam-ygtykadyna eýerip, türkmen şalary haýsydyr bir halk, döwlet ähmiýetli haýyrly işi etjek bolsalar, iň sylagly din wekilinden-işan-pirden şol haýyrly işiň şowly bolmagy üçin ak pata alypdyrlar. Ýöne din wekilleriniň hyzmaty haýyrly işe ak pata bermek bilen tamamlanypdyr. Mysal üçin, Gaznawy türkmen soltany Masudyň özlerine garşy edýän zulmuna baş göteren Seljuk soltanyTogrul beg, Çagryl beg dagy döwlet gurmak üçin şol döwrüň iň hormatlanýan, sylanýan piri Mäne babadan ak pata alypdyrlar. Mäne babanyň Togrul begdir, Çagryl bege ak pata bermegi bilen halkymyzyň uly bölegi olaryň tarapyna geçip, Seljuk döwleti esaslandyrylypdyr.
Seljuk türkmen döwleti döränden soňra, Mäne babanyň syýasata gatyşmandygyna gojaman taryh gözli şaýat. Dogry, Seljuk soltanlary Mäne baba uly hormat edip, onuň häzirki Mäne baba kümmetini özi dirikä, gurup beripdirler. Olar bu meşhur pirden maslahat alypdyrlar. Ýöne türkmen din wekilleri şa-patyşalara maslahat berenlerinde, diniň adyndandan däl-de, öz pähim-paýhasyna daýanyp, şalara nesihat edipdirler.
Türkmenler Yslamyň sünni mezhebine- Muhammet pygamberiň berjaý eden dini däp-dessur gatnaşyklarynyň jeminden emele gelen dini kadalara uýýarlar, ýöne pederlerimiz dini däp-dessury özüniň ata-baba dowam edip gelen milli däp-dessury bilen bitewüleşdiripdir.
Türkmeniň döwrebap däp-dessury yslam kadalary bilen utgaşyp, täze türkmen dünýägaraýşyny emele getirýär. Türkmen yslam düzgünini asyl görnüşindäki ýaly berjaý edipdirler, Hindistana, Kawkaza, häzirki Türkiýä yslamyň ýaýramagynda türkmenleriň hyzmatynyň uludygy inkär edip bolmajak hakykat. Gaznawylar, Seljuk türkmen döwleti Hindistan-Müsür aralykdaky tabyn ýerlerinde yslamyň hemişelik ornaşmagyna uly tagalla edipdirler. Şonuň bilen birlikde beýleki dinleriň wekilleri hem yslama uýmaýanam bolsalar, özleriniň dini ynanjy üçin hiç bir ýerde yzarlanmandyrlar. Mysal üçin 600 ýyl gowrak ýaşan Osman türkmen soltanlygynda ýaşan hristiýanlar, ýewreýler özlerini beýleki ýurtlardakydan has howppsuz duýupdyrlar. Ýeri gelende Yslamyň ýürek şäheri adyny alan Stambulyň hem türkmenler tarapyndan boýun egdirilendigini aýtmak has ýakymlydyr.
Ata-babalarymyz yslam dininiň arassalygy, päkligi wagyz edýändigi üçin, bu dini kabul edip alsalaram, hiç haçan yňdarma dindar bolmandyrlar. XIII asyrda Orta Aziýa syýahata gelen Marki Polo türkmenler hakynda şeýle ýazgy galdyrypdypdyr: „Türkmenlerde gelin-gyzlar beýleki halklaryň gelin-gyzyndan has erkin, olaryň ýüzleri açyk. Türkmenlerde, köpaýalylyk, hatda iki aýallylygam häsiýetli däl“
XIX asyrda Türkmenistana syýahata gelen Wamberi bolsa türkmenler hakynda haýran galmak bilen şulary ýazypdyr: „Türkmenlerde her bir adam, garyp-baý bolsun, pikirini açyk aýdyp bilýär. Bu halkda diniň täsiri beýleki haklaryňkydan juda az.Ýöne birek-biregi aldamaýarlar, öz däp-dessurlaryna berk eýerýärler“
Syýahatçylaryň bu ýazgylary türkmeniň aşa yňdarma dindar däldigini kepillendirýär. Ata-babalarymyz „Hudaýa ynansaňam ynan, ýöne eşejigiňi berk duşa“ diýen pähime uýupdyrlar. Ýöne beýle diýildigi türkmen yrga halk diýmegi aňlatmaýar. Türkmen ganyna siňen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülen yslam däbini berjaý etmek üçin yzarlamalardan hem heder etmändir. Mysal üçin, SSSR döwründe din, şol sanda Yslam kadalaram inkär edildi. Adamlaryň gurbanlyk etmezligi, oraza tutmazlygy üçin Kompartiýa uly güýç sarp etdi, emma muňa garamazdan, türkmen orazada tutdy, gurbanlygam etdi. Sünnet etdirmezlik, onuň zyýany hakda toslamaly „düşündiriş“ işleri alnyp barlanam bolsa, hatda kommunist bolan iň ýokarky ketdelerem ata-baba däp-dessurymyzy berjaý edip, çagalaryny sünnete ýatyrypdyrlar.
Hatda namaz okaýaň, oraza tutýaň, çagalaryňy sünnet etdirýäň diýen ýaly günäler bilen adamlar aýplanyp, çäre görülse-de, aýplananlaryň çagalary hem hiç kimden heder etmezden, ol dini däp-dessury berjaý edipdirler. Dini garaýşy üçin yzarlanan adamlaram bu dünýägaraýşyny gizlinlikde berjaý edipdirler, ýöne ol däp-dessuryndan el üzmändirler. Bir gezek meşhur halypa sazandamyz Mylly Täçmyradyň namaz okaýandygy, oraza tutýandygy üçin kimdir biri anyk betpäl maksat yzarlap, Moskwa arza ýazypdyr. Ol ýerdenem Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň şol wagtky ýolbaşçysyna bu meseläni derňäp, netije çykarmak tabşyrylypdyr. Şonuň üçin Mylly Täçmyrat Merkezi komitetiň haýbatly gupbaly jaýyna çagyrylypdyr. Mahlasy, ýygnakda Mylly agaň dini däp-dessury berjaý edip, halka ters görelde görkezişi ýazgarylyp, Mylly agadan indi däp-dessurlary berjaý etmejekdigi hakynda „dilhaty“ alnypdyr. Şeýdibem mesele çözdüm edilipdir.
Haýran galmaly zat, Mylly aga edil ýaňy dini däp-dessury berjaý etmejekdigine „söz berenem“ bolsa, ýygnakdan çykanda Günüň dagdan aşak sallanyny görüp, „Men öýe barynçam, Gün ýaşar, şeýdibem ikindi namazym kaza bolar, näme bolsa, şol bolsun“ diýip, egnindäki donuny namazlyk ornunda ýazyp, Türkmenistanyň şol wagtky Kompartiýanyň Merkezi komitetiniň öňündäki gupbaly jaýyň edil öňüne namazlygyny ýazyp, ikindi namazyny okapdyr. Mylly aganyň bu hereketini edil ýaňy namaz okaýany üçin oňa käýýän ketdeleriň hemmesem görüp, hiç zat diýmändirler.
Türkmeniň dine bolan gatnaşygyny „Görogly“ eposyndaky Jygaly begiň şu jümlesi aýdyňlygy bilen subut edýär. Erenlerden ak pata alan Göroglydan atasy Jygaly beg näme diländigini soraýar. Ýaşajyk Göroglam tejribeli, gojaman atasyndan bir bada sussy basylyp, erenlerde näme diläp alandygyny düşündirip bilmän, Hudaý, din ýaly sözleri dile getirýär, onuň bu jümlesine ters düşünen Jygal beg „Haý, zaňňar, sen indi ar-namysyňy bir gyra taşlap, namaz okap, bäş wagtyna yranjak ýörjekmi, watanyňa, halkyňa näme bolsa şol bolsun eden diýerler saňa...“
Türkmen dini däp-dessury öz milli däp-dessury bilen uýgunlaşdyryp berjaý edýär. Özem türkmeniň Yslam ynanjynyň arassa bolandygyny hemme döwürde hem yslam alymlary hem ykrar edipdirler. Hatda asly türkmen bolan ýa-da türkmen topragynda ýaşan Mäne baba, Zamahşary, Jelaleddin Rumy, Nejmeddin Kubra ýaly onlarça pir yslam alymlarymyz tutuş Gündogarda ykrar edilipdir.
Pederlerimizden miras alyp, däp-dessurymyz bilen uýgunlaşyp berjaý edýän Yslam däp-dessurymyza tapawutly, her hili dini akymlara goşulýanlaryň bardygy hakynda daşary ýurt metbugatlarynyň käbirlerinde seýregem bolsa ýalan maglumatlar berilýär. Ýöne ol maglumatlaryň belli bir matlap bilen ýörite ýalany ýaýradýandygyny bellemek isleýäris. Dogry, türkmenleriň arasynda hem dürli dine ýa bir diniň dürli akymyna ynanýanlar azlygam bolsa bar. Bu islendik halkda hem şeýle. Türkmenistanyň Baş kanunynda hem dine ynanyp ynanmazlyk, haýsy dine uýmak her bir adamyň erkindedigi doly ykrar edilen. Her bir etrapda-şäherde 500 agzasy bolan islendik din şol ýerde kanuny hasaba alynýar. Ýöne dinini „täzeleýänleri“ halk bütinleý goldamaýar. Olar az sanly bolmagynda galýar.Şonuň üçinem türkmenleriň gadymdan gelýän dini ynanjy mizemezdir.
Nemes akyldary Gýote halklaryň dini ynanjyna şeýle kesgitleme berýär: „Din däp-dessuram, urp-adatam, hatda ol ynanjam däl. Din her bir halkyň, adamyň kalbydyr, janydyr“ Gýotanyň dine beren şu kesgitlemesi özüniň dogrudygyny aňryýany bilen subut etdi. Bizem Gýotanyň bu paýhasly pikirine daýanyp, ata-babalarymyzyň nesilme-nesil şu günümize getiren dini ynanjy halkymyzyň kalby-janydyr. Türkmen öz janyny, kalbyny, ar-namysyny islendik yzarlamalarda hem goramagy başarypdyr. Bu günki Garaşsyz döwletimizde ýaşaýarkak bolsa pederlerimiziň döş gerip goran milli däp-dessurymyzy ýitirmejekdigimize dünýäniň islendik paýhasa gulluk edýän ynsany düşünýän bolsa gerek. Hawa, türkmen yňdarma bir dindar halk däl, ýöne öz uýýan dinini gorap şu gününe kämil derejede getirip bilen halk. Şonuň asyrlaryň synagyndan geçen milli däp-dessurymyza öwrülen dini ynanjymyzy şu päk görnüşde geljekki nesillerimize hem miras goýarys. Muňa hiç bir adamda şübhelenmäge esas ýokdur.
Döwletmyrat Ýazkulyýew
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Milli Golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri