Bilim ulgamyndaky binýatlyk özgertmeler
27 Июнь 2013 г., 15:47
Ýurdumyzda milli bilim ulgamy ýyl geçdigi saýyn täze belentliklere galdy. Ýaş nesle berilýän bilimiň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi, orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň dünýäniň ähli döwletlerinde ykrar edilmegi ýaly meseleler öz-özünden çözülmedi. Ösen döwletlerde ulanylýan täzelikleriň, usulýetleriň mekdep durmuşyna netijeli ornaşdyrylmagy, innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy, internet ulgamyna girmäge mümkinçiligiň döredilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli ösdürmäge şert döretdi. Geçilen ýol gysga bolsa-da, edilen işler bimöçberdir. Dogry, bilim ulgamyny ösdürmek boýunça edilen işler barada metbugat sahypalarynda gürrüň edilýär. Ýöne olar bu ulgamda durmuşa geçirilen düýpli işleri doly öz içine alýar diýip aýdyp bilmeris. Şonuň üçin biz şu makalamyzda olar barada takyk maglumatlar esasynda giňişleýin, has dolurak durup geçmegi maksat edindik. Taryh üçin uzak möhlet bolmadyk 6-7 ýylda ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylan üstüliklere ser salyp, edilen işlere täzeden göz aýlasak, geljekde nähili işleriň edilmelidigi doly äşgär bolar.
Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydygyny gözöňüne tutmak bilen bilim ulgamyna döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň şerti hökmünde garalyp, ýaşlaryň bilim-terbiýesi barada aýratyn alada edilýändigini görkezýär. Türkmenistanda ilki bilen ýokary okuw jaýlarydyr mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşygyna aýratyn üns berlendigini hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. Munuň şeýledigine şu aşakdaky mysalyň üsti bilen doly göz ýetirse bolýar. Biziň bilşimiz ýaly, Prezident G.Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ählihalk saýlawlary netijesinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlandy. Şondan sanlyja gün geçenden soň onuň gol çeken ilkinji permanynyň biriniň 15-nji fewraldaky „Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda“ Perman bolmagyny tötänlik hasaplap bolmaz. Biziň pikirimizçe, munuň özi Prezidentimiziň uly we jogapkärli işiniň başyny döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň şerti hökmünde bilim ulgamyny ösdürmekden başlamagy maksat edendigini aňladýar. Bu Perman şol ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap okuwyň möhletini orta mekdeplerde 10 ýyl, ýokary okuw mekdeplerinde 5 ýyl, lukmançylyk uniwersitetinde we sungatyň aýratyn hünär ugry boýunça okuwlaryň 6 ýyl bolmalydygyny göz öňünde tutýardy. Ýokary synplarda jemgyýeti öwreniş we bedenterbiýe sapaklarynyň girizilmegi, orta mekdebi tamamlan ýyly ýaşlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmeklige rugsat edilmegi bilim ulgamyny kämilleşdirmekde aýgytly ädim boldy.
Bilim ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan şol Permanyň kabul edilen gününiň ertesi Prezident G.Berdimuhamedow baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň baş binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we beýleki fakultetleriň binalarynyň gurluşygyna ak pata berdi. 168 müň 262,53 inedördül metr meýdany tutýan binalar toplumy häzir ''uniwersitet şäherjigini'' emele getirip, merjen paýtagtymyza özboluşly görk berýär. Şondan soň orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalara göçüp barmak dabarasy adaty ýagdaýa öwrüldi. Ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi, owadan, ak mermere beslenen, dünýä ülüňlerine laýyk gelýän, tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan täze binaly boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutyny, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmenistanyň Serhet institutyny, Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny, Türkmen döwlet medeniýet institutyny, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetini, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet energetika institutyny, Daşoguzdaky Türkmen döwlet oba hojalyk institutyny, Türkmenistanyň IIM-niň S.A.Nyýazow adyndaky Polisiýa institutyny we beýlekileri görkezmek bolar. Orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň köpüsi täze binalara göçürildi ýa-da döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzda 2006-2007 okuw ýylynda 16 sany ýokary we 16 sany orta hünär mekdebi bolan bolsa, häzir ýokary hünär mekdebi 23-e, orta hünär mekdebi 32-ä ýetdi. Bu görkezijiler soňky ýyllarda Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmeklige uly üns berlýändigini doly görkezýär.
Hökümetiň 2012-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda geçiren giňişleýin mejlisinde bolsa gurlaly bäri belli bir okuw binasy bolman, ondan-oňa göçüp ýören baýry okuw jaýlarymyzyň biri bolan Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine täze binany gurup bermek baradaky Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan umumy meýdany 31 müň 548 inedördül metr bolan mekdebiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada „Total Inşat we Tijaret Limited Şirketi“ türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga Bilim ministrligine ygtyýar berildi. Karar şol günden güýje girdi we häzir bu ýerde gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Şondan sanlyja gün geçenden soň ýurt Baştutanymyz Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binasyny gurmak hakdaky başlangyjy öňe sürdi. Şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň döredilmeginiň 21 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Serhet institutynyň binalar toplumyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu gol çekilen kararlardyr permanlar ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmeklige uly üns berýändiginiň subutnamasydyr.
Prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda geçiren giňişleýin mejlisinde: „Geçen ýyl biz bilim ulgamynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda ilkinji gezek şeýle köp sanly desgalary, ýagny multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen 36 sany umumybilim berýän mekdebi, 25 sany sport mekdebini we 48 sany çagalar bagyny gurup ulanmaga berdik. Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda bilim ulgamy şeýle uly möçberdäki desgalara eýe bolmandy. Bu gazanylan üstünlikler bilim işgärleriniň öz işlerine has hem guwanç duýgusyny döretdi. Öz işlerine has yhlasly ýapyşmaklaryna itergi berdi“ diýip, uly guwanç bilen aýtdy. Munuň özi bilim ulgamyny ösdürmeklige döwlet tarapyndan goýberilýän harajadyň ýylsaýyn artýandygyny aňladýar.
Türkmenistanda bilim ulgamy boýunça edilyan aladalar bilen neşirýat işleri düýpli gowulandy. Şonuň netijesinde reňkli suratlar bilen bezelen okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň ençemesi neşir edildi. Şeýle geçirilen çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu ugurdaky öňe gidişlikleri subut etmek üçin mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly. Mysal üçin, Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara ylym-bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Geçen okuw ýylynyň birinji ýarymynda orta mekdepleriň okuwçylary halkara ders bäsleşikleriniň 21-sine gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 122-sine eýe boldular. Şolardan 20-si altyn, 42-si kümüş we 60-sy bürünç medallardyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolsa Halkara olimpiadasynyň 7-sine gatnaşyp, 32 medala mynasyp boldular.
Türkmen türgenleri hem geçen ýyl dünýä we Aziýa boýunça guralýan ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallaryň 82-sine, kümüş medallaryň 89-syna we bürünç medallaryň 113-sine eýe boldular. Bu görkezijiler ýurdumyzda ylym-bilimiň, sportuň we bedenterbiýäniň pajarlap ösýändigini aýdyň görkezýär.
2012-nji ýylyň 16-njy awgustynda Prezident G.Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda bu pudaklaryň öňünde durýan derwaýys wezipeleri çözmek barada giňişleýin iş maslahatyny geçirdi. Ol bilim ulgamyny, şol sanda akademiki we ýokary bilimi, orta hünär bilim edaralaryny, umumybilim berýän mekdepleri özgertmek kararyna gelendigini şol iş maslahatynda aýtdy. Şu iş maslahatynda mundan başga-da mekdepleri okuw kitaplary bilen üpjün etmek meselelerine degip geçip, ýurdumyzyň mekdepleriniň özümizde çykarylýan ýokary hilli okuw kitaplaryna we gollanmalaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi degişli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek ýatlatdy.
Türkmenistanda bilim edaralaryna täze binalary gurmak bilen birlikde mugallymlaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesi hem ünsden düşürilmeýär. Mysal üçin, „Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda“ Permanyň durmuşa ornaşdyrylmagy, mugallymlaryň öz işine bolan höwesleriniň artdyrmaklary üçin olary maddy taýdan gyzyklandyrmagyň zerurdygyny göz öňünde tutup, ýurt Baştutanymyz 2007-nji ýylyň 4-nji martynda „Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda“ Karara gol çekdi. Bu Karar mugallymyň agyr we hysyrdyly zähmetini ep-esli derejede ýeňilleşdirmegi göz öňünde tutýardy. Ýagny mugallymlaryň sapak ýazgylaryny ýazmak, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak, okuwçylaryň ýazuw depderlerini, gündeliklerini barlamak, sapakdan daşary çäreleri geçirmek üçin goşmaça wagt sarp edýändiklerini nazarda tutup, orta we orta hünärmen mekdeplerinde mugallymlaryň hepdelik iş sagatlaryny 24-e, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ýyllyk işiniň möçberini 850 sagada çenli azaltdy. Şonuň bilen birlikde orta mekdeplerde synplaryň dolulygynyň ortaça sanyny 25 okuwçydan ybarat diýip kesgitledi we 1-3-nji synplarda 30-dan, 4-10-njy synplarda 34-den köp bolanda, ugurdaş synplary açmaga ygtyýar berilýärdi. Şeýle ýeňillikler çagalar baglarynda-da göz öňünde tutulýardy. Türkmenistanda ýokarky oňyn çözgütleri durmuşa geçirmek üçin bilim ulgamynyň işgärleriniň maddy taýdan üpjünçiligini entek hem gowulandyrmagyň zerur bolup durýandygyny öz wagtynda duýulyp, 2007-nji ýylyň 30-njy martynda „Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda“ Karara gol çekildi. Bu resminamada talyplaryň talyp haklaryny we professor-mugallymlaryň iş haklaryny 40 göterim köpeltmeklik göz öňünde tutulýardy. Munuň özi talyplar we professor-mugallymlar üçin uly goldaw bolup durmak bilen birlikde ýurdumyzda bilim ulgamynyň işgärleri barada edilýän aladalaryň subutnamasy boldy. „Eziz ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim-sowat almaklaryny, hünär edinmeklerini gazanmak, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, beýik watançylyk ruhunda terbiýelemek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özenidir“ diýlip, kararda ýaşlara uly umyt bildirilýär.
Bu kararlardan soň hem ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselesi Türkmenistanda esasy meseleleriň üns merkezinde boldy. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda „Bilim hakynda“ Kanuna gol çekildi. Ol Kanun şol günden güýje girdi we ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli gowulandyrmakda ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Bu Kanunda: „Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar“ diýlip kesgitlenýär. Bu Kanun kabul edilen gününden başlap döwlet syýasatynyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ýörelgelerini, maksadyny, hyzmatyny we bu ulgamy dolandyrmagyň tertibini kesgitledi. Kanunda: „Türkmenistanyň raýatlaryna olaryň jynsyna, teniniň reňkine, milletine, diline, gelip çykyşyna, ýaşaýan ýerine, dini garaýşyna, dünýä garaýşyna, ýaşyna, saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkünçiligi kepillendirilýär“ diýlip bellenilmegi biziň ýurdumyzda raýatlara bilim almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aňladýar.
2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçen ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatynyň XV mejlisinde edilen çykyşlarda öňe sürlen pikirler diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça täze basgançak boldy. Bilim ulgamyny hili boýunça hem, ylmy-tehnologiýa babatda hem ösen döwletleriň derejesine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, Prezident G.Berdimuhamedow: „Bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak işi bilim babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurt bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ornaşdyrmak arkaly, ähli bilim edaralary üçin internet ulgamynyň doly elýeterli bomagyny gazanmak arkaly amala aşyrylmalydyr“ diýip belleýär.
Mundan başga-da ýurt Baştutany gurultaýda bilim ulgamyny düýpli ösdürmek barada has derwaýys ýene-de bir meseläni öňe sürdi. Ol bu barada: „Şonuň bilen birlikde biz bilimiň möçberiniň hemişe artýandygyna, geriminiň giňelýändigine şaýatlyk edýän halkara tejribesini hem nazara almalydyrys. Bu bolsa öz nobatynda bilimleri özleşdirmek üçin göz öňünde tutulan wagtyň artdyrylmagyny talap edýär. Umumybilim berýän mekdeplerde bilimleri özleşdirmek üçin azyndan 11-12 ýylyň gerekdigini dünýä tejribesi görkezýär. Bilimiň bu basgançagy tebigy-gumanitar ylymlaryň esaslaryny düýpli öwrenmegi hem, okuwyň tamamlaýjy tapgyrynda ugurlar boýunça ýöriteleşdirip okatmagy hem öz içine alýar.
Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetine bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri nazara alyp, umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak we möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak meselesine seretmegi teklip edýärin“ diýen täze, biziň döwletimizde ilkinji gezek amala aşjak teklibi orta atdy. Prezidentimiziň bu teklibi bilim ulgamy üçin täzelikdi. Ýöne şol özgertmeleri geçirmegiň zerurlygynyň sebäplerini, birinjiden, bilimleriň möçberiniň artýandygy, geriminiň giňelýändigi, ikinjiden, bilim berlişini dünýä derejesine çykarmagyň zerurlygy bilen düşündirýär. Ol ylym-bilim özgertmelerini geçirmegi ýurdy ykdysady taýdan kuwwatlandyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň hem esasy şerti hökmünde öňe çykardy. Bu barada: „Biz ylmyň, bilimiň we telekeçiligiň örän ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şertleri döretmelidiris. Bu bolsa, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri gurmagyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň şerti hökmünde aň-bilim, ylmy-tehniki mümkinçilikleri ösdürmegiň we netijeli ulanmagyň girewidir. Şoňa görä-de ykdysadyýetimizi ýokary taýýarlykly, ökde hünärmenler bilen üpjün etmek biziň esasy we ýakyn döwür üçin möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar“ diýýär. Şonuň üçinem 2013-nji ýyldan bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usuly binýadyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrýar. Ýokardakylardan görnüşi ýaly, meseläniň goýluşy dogry we öz wagtyndady, gaýragoýulmasyzdy. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn pajarlap ösüp barýandygyna dünýä şaýatdy. Munuň özi bilim ulgamyndaky aýgytly ädimdir. Bu täze badalgany ýurt Baştutanynyň hut özi orta atmak bilen, onuň aýratynlyklaryny, düýp özenini, ýagny onuň nämeleri öz içine almalydygyny kesgitläp, zerur şertleri döredip berdi. Galyberse-de şol maslahatda daşary ýurt dilinde okadylýan mekdebi we tölegli bilim edaralaryny döretmek ýaly wajyp meseleler hem gozgaldy.
Türkmenistanda öňe sürlen her bir meseleleriň soňuna çenli alnyp gidilýändigini biz göre-göre gelýäris. Bilim ulgamyndaky özgetrmeleriň hem şeýle boljakdygyny häzirki durmuşa geçirilýän işler doly subut edýär. Sebäbi il bähbitli, döwlet ähmiýetli maslahatlaryň, mejlisleriň ählisinde diýen ýaly beýleki meseleler bilen bir hatarda bilim özgertmelerine-de deglip geçilýär. Gerek bolsa gaýtadan dolanylýar we şu meseledäki täze pikirler orta atylýar.
2012-nji ýylyň 16-njy awgustynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda bu pudaklaryň öňünde durýan derwaýys wezipelri çözmek barada giňişleýin iş maslahaty geçirildi. Ýurt Baştutany bilim ulgamyny, şol sanda akademiki we ýokary bilimi, orta hünär bilim edaralaryny we umumybilim berýän mekdepleri özgertmek maksadyna gelendigini şol iş maslahatynda aýtdy.
Türkmenistanda 12 ýyllyk bilimi durmuşa geçirmek maksady bilen 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde giňişleýin maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim pudagyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim-ylym ulgamyna dahylly ministrlikleriň jogapkär işgärleri gatnaşdylar we şu mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde orta mekdeplerde okuwyň möhletini 12 ýyla geçirmegiň iki hili görnüşi hödürlendi we onuň üç basgançakdan ybarat boljakdygy bellendi. Şeýlelikde, 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 6 hem-de 7 ýaşly çagalar okuwa kabul edilip başlanar. Şeýle bolansoň gysga döwrüň içinde täze okuw kitaplaryny taýýarlamak meselesiniň üstünde hem durlup geçildi. Bu meselede Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde işlemelidikleri nygtaldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2012-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bolup geçen mejlisinde: „Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibi“ hakyndaky Karary kabul edildi. Bu örän taryhy ähmiýetli resminama boldy.
Şeýle-de „Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda“ kabul edilen kararyň hem ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýeti boldy. 2012-nji ýöylyň aprel aýynda kabul edilen „Ýokary okuw mekdeplerinde Hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetlerini açmak hakynda“ Karar hem bilim işgärlerniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Ýurdumyzda mugallymlarymyzyň ýeňil bolmadyk zähmeti Watanymyzyň şu güni we geljegi üçin örän zerur bolup durýar, çünki olaryň döredijilikli, erjel zähmetleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyna, röwşen geljegine gulluk edýändiklerine ýokary baha berilmegi bilen gysga döwrüň içinde bilim ulgamynyň işgärleriniň iş, durmuş şertlerini ähli taraplaýyn düýpli gowulandyrmak, olaryň abraý-mertebesiniň galmagy üçin uly işler durmuşa geçirildi. Munuň özi mugallymlaryň öz işlereine bolan höweslerini artdyrdy, jogapkärçilik duýgularyny ýokarlandyrdy. Mysal üçin, 2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda çykyp geplemeler başlananda, ilkinji sözi Aşgabat şäheriniň 61-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy O.Suhanowa, ikinji sözi bolsa bilim ulgamynyň hormatly dynç alyşdaky baýry işgäri, häzir Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň weteranlar geňeşiniň başlygy D.Aýydowa bermegi, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda bolan Ýaşulularyň Türkmenbaşyda geçen maslahatynda oňa Türkmenistanyň „Hormatly il Ýaşulusy“ diýen adyň dakylmagy ýurdumyzda bilim işgärlerine goýulýan sylag-hormatyň alamatydyr.
Türkmenistanda geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri halklar arasynda doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge-de öz täsirini ýetirýär. Ukrainanyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Ermenistanyň we beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 5000-den gowragy okaýarlar.
Häzirki döwürde Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösen we ösüp barýan adalatly, ynsanperwer, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny giňden ýola goýýan ýurt hökmünde tanalýar. Dünýäniň nazary Türkmenistana gönügýär. Munuň şeýledigini Rumyniýadan Türkmenistana okamaga gelip, häzir ýurdumyzyň belli okuw jaýlarynyň biri bolan Türkmen döwlet çeperçilik akademiýsynyň talyby bolan Dragoi Aleksandranyň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Ol Türkmenistan bilen ir gyzyklanyp başlaýar. Gün geldigiçe pajarlap ösýän, çogly günüň şöhlesiniň bolluk bilen düşýän ülkesinde bolmak, synlamak, okamak duýgusy ony öz erkine goýmaýar. Internet ulgamyndan Türkmenistanda giňden alnyp barylýan özgertmeleri synlaýar, türkmen telewideniýesiniň ýaýlymlarynda berilýän gepleşiklere seredýär, türkmeniň şirin aýdym-sazlaryny diňläp, bu gözel ýurdy görmegi, okamagy, ylym almagy arzuw edýär. Aýratyn hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýada iş sapary bilen bolandaky eden many-mazmunly çykyşy onuň Türkmenistana gelmek höwesini has hem artdyrýar. Onuň arzuwy 2012-2013-nji okuw ýylynda hasyl bolýar. Oňa Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn fakultetine okuwa girmek bagty miýesser edýär. Ol öz begenjini: „Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Rumyniýa saparynyň çäklerinde eden çykyşlaryny diňläp, men hökman Türkmenistana okamaga gitmeli diýen netijä geldim. Bagtyýar, asuda, myhmansöýer türkmen topragynda bilim almagyň we hünär öwrenmegiň özüme miýesser edendigine tüýs ýürekden begenýärin. Bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berenligi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz sagbolsun aýdýaryn“ diýip minnetdarlyk bildirýär. Şeýle mysallaryň sanyny ýene-de artdyrsa bolardy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçiren mejlisinde bilim ulgamyny ösdürmek barada ýene-de täze pikir orta atyldy. Ýagny „Nusgalyk mekdep“ diýen at ugrunda bäsleşikleriň geçirilmekligi baradaky ajaýyp başlangylar öňe sürüldi. Bu teklip ýurdumyzdaky mekdeplerimizi döwrebaplaşdyrmaga, okuw-terbiýeçilik işlerini ilerletmäge, okuw otaglaryny döwrebap bezemäge ýardam eder.
Ýurt bähbitli geçirilýän her bir maslahatlarda, mejlislerde bilim ulgamyny ösdürmek meselesine degilip geçilýändigini biz ýokarda belläpdik. 2013-nji ýylyň 1-nji martynda „Oguzhan“ köşkler toplumynyň „Berkarar“ zalynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda Milli maksatnamanyň amala aşyrylyşynyň iki aýynyň jemine garaldy. Şonda ýaşlary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň hemişe döwletimiziň üns merkezinde durjakdygy bellenildi hem-de 12 ýyllyk orta bilime geçmek bilen baglanyşykly hasabatlar diňlenildi. Bu meselede Türkmebistanyň bilim ministri 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmekligiň 2013-2014-nji okuw ýylynda amala aşyrylyp başlanjakdygyny we orta mekdeplere 6 ýaşdan kabul edilip, 1-4-nji synplaryň başlangyç, 5-10 synplaryň orta bilim, 11-12-nji synplaryň umumy orta bilim aljakdygyny belledi.
Döwletimizde 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek bilen baglylykda mekdep okuwçylaryny zerur bolan okuw kitaplary bilen üpjün etmek, oba ýerlerindäki kitaphanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen maliýe serişdelerini goýbermek, ýurdumyzyň ähli kitaphanalaryny internet ulgamy we kompýuter bilen üpjün etmek barada hem tabşyryklar berildi. Mekdep mugallymlarynyň zähmet haklaryny ýokarlandyrmak meselesine seretmek barada hem ýene-de täze görkezmeler berildi.
Bu mejlisde „Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky“ Permana hem-de „Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakyndaky“ Karara-da gol çekildi. Kararda Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2004-2005-nji, 2012-2013-nji ýyllar aralygynda orta mekdebe kabul edilen okuwçylaryň, 2013-2014-nji okuw ýylynda 7 ýaşdan orta mekdebe kabul edilýän okuwçylaryň 11 ýylyň dowamynda on iki ýyllyk okuw meýilnamasy boýunça okamagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Jemläp aýdanda, Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky gol çekilen kararlardyr permanlar, görkezmeler, çykyşlar, maslahatlar, esasan, şu aşakdaky ugurlary öz içine alýar:
1.Döwrebap abzallaşdyrylan täze okuw binalaryny, çagalar baglaryny gurmak ýa-da abatlamak.
2.Okuw mekdeplerini taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek.
3.Mugallymlaryň iş şertlerini gowulandyrmak, hepdelik we ýyllyk iş sagatlaryny azaltmak.
4.Bilim işgärleriniň zähmet haklaryny ýokarlandyrmak.
5.Mekdepleri interaktiw tagtalar, multimediýa enjamlary bilen üpjün etmek.
6.Döwrebap okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we okuwçylary şol esasynda ýazylan ýokary derejede çap edilen okuw kitaplary we gollanmalar bilen üpjün etmek.
Döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmek baradaky kararlardyr permanlar şu ulgamy ösdürmek üçin zerur bolup durýan meseleleriň ählisini öz içine almak bilen birlikde etaplaýyn, yzygiderli we özara baglanşykly bolansoň, olar biri-biriniň üstini ýetirdi. Şeýlelikde, ýurdumyzda bilim ulgamy täze basgançaklara galdy. Dünýaniň ösen döwletlerinde berilýän bilim derejesi bilen deňleşdi. Bilim işgärlerine Watan üçin halal zähmet çekip, joşgunly işläýmek galýardy. Ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatlara dogry düşünen işjanly mugallymlar şeýle hem edýärler. Biz şu ýerde Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilen işlere taryhy nukdaý nazardan ser saldyk. Taryh biziň düýnki şu günümizdir. Gysga döwrüň içinde durmuşa geçirilen bu işler bilim ulgamy üçin binýatlyk özgertmelerdir we bagtly ertirimiziň badalgasydyr.
Ýunus Allaberdiýew