СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Туркменистане отметили 135-летие Мыллы Тачмурадова Сегодня, 19:45Туркменистан и ЮСАИД обсудили аспекты сотрудничества Сегодня, 16:26Глава Туркменистана поздравил Лукашенко с вступлением в должность Президента Беларуси Сегодня, 08:46Рашит Мередов приняли посла ЕС в Туркменистане 23 Сентябрь 2020 г., 14:05В МИД Туркменистана приняли посла Китая 23 Сентябрь 2020 г., 08:50Телеканал “Туркменистан Спорт” покажет матчи Кубка Английской лиги в прямом эфире 22 Сентябрь 2020 г., 11:45

Işleýän ýaşlar üçin okuwlar
04 Январь 2014 г., 14:22

Türkmenistanda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak işi “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gurnalaýar. Oňa laýyklykda Türkmenistanda başlangyç, orta, ýokary hünar taýýarlygy, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak bilim ulgamy hereket edýär.

Önümçilkde işleýän ýaşlar üçin hünär okuwlary pudaklaryň aýratynlyklaryna laýyklykda gurnalýar. Işçi hünärmenlerini döwrüň talaplaryna, önümçilik tehnologiýalaryna, häsiýetine we enjamlaşdyrylyşyna  laýyklykda taýýarlamak, esasan hem, dokma, gurluşyk, azyk senagatynyň, hyzmatlar ulgamynyň kärhanalaryna häsiýetlidir. Bu pudaklarda hünärmenler esasan halypaçylyk usulynda taýýarlanylýar. Hünärmenleri önümçilikde taýýarlamak kärhanalar üçin amatly hasaplanylýar. Hususan-da, hünärmen taýýarlamagyň bu usuly özüniň çaltlygy we maksada gönükdirilenligi, serişdeleriň az harajat edilmegi, hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary hilliligi bilen tapawtlanýar. Kärhanalarda işçi hünärmenleri taýýarlamak ýöriteleşdirilen toparlarda, kurslarda, halypa-şägirt usulynda amala aşyrylýar.

Önümçilkde işleýän ýaşlar üçin hünär okuwlarynyň maksady okaýanlara belli bir çylşyrymly bolmadyk işi, işler top­lumyny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan endik­leri çaltlaşdyrylan görnüşde öwret­mek­den ybaratdyr. Ýaşlaryň hünär taýýarlygy okuwlary degişli ygtyýarnamasynyň bolan ýagdaýynda ýörite bilim edaralaryndan başga-da, bilim ugurly bolmadyk kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň okuw bölümlerinde, şeýle hem degişli hünär derejesi bar bolan hünärmenlerden şahsy taýýarlyk tertibinde alnyp bilner.

Işleýän ýaşlar üçin okuwlaryň guralmagy önümçiligiň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ugurly ösdürilmegi kärhanalardan önümçilik tehnologiýalaryny, enjamlaryny yzygider kämilleşdirmekligi talap edýär. Täze enjamlary işletmek, täze tehnologiýalary özleşdirmek üçin hem kärhanalarda işleýän ýaşlara hünär okuwlary gurnalýar. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, işleýän ýaşlar üçin okuwlary halypa-şägirtlik usulynda guramaklyk giňden ýaýrandyr. Halypa-şägirtlik usulynda okuwlar guralanda şägirtlik şertnamasy baglaşylýar.  Şägirtlik şertnamasynda  taraplar, şägirdiň alýan anyk käri, iş berijiniň şägirtlik şertnamasyna laýyklykda işgäre öwrenmek mümkinçiligini üpjün etmegi, işgäriň okuw geçmegi we alan  hünärine laýyklykda kärhanada iş beriji bilen şägirtlik şertnamasynda bellenen möhletiň dowamynda zähmet şertnamasy boýunça işlemek borjy, okuwyň  möhleti we ş.m. görkezilýär. Şägirtlik şertnamasynda taraplaryň ylalaşygy bilen kesgitlenen beýleki şertler hem bolup biler.

Kärhanada işleýän ýaşlar önümçilikden aýrylmak şerti bilen hem okuwlara ugradylyp biliner. Onda kärhana tarapyndan okuwa ugradylan ýaşlaryň iş ýerleri saklanyp galýar.

Türkmenistanda işleýän ýaşlar üçin hünäri ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş okuwlary babatda-da giň mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnaçe ýokary okuw mekdeplerinde hünäri ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyda, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynda, S.Seýdi adyndaky Türkmen döňwlet mugallymçylyk institutynda, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hünäri ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Olarda ýaşlar önümçilikden aýrylmazlyk şertinde gysga möhletli hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. Okuwlarda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ýaşlar öz hünärlerine degişli ylmy täzelikleri, pudaklaryň aýratynlyklaryna laýyklykda, öz hünärlerine bildirilýän talaplaryň kämilleşdirilmegi üçin mümkinçilikleri öwrenýärler.

Şeýle hem, işleýän ýaşlaryň üçin daşary ýurtlaryň tejribelerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hususan-da, döwlet şerişdeleriniň, kärhanalaryň serişdeleriniň, halkara grantlaryň, taslamalaryň serişdeleriniň hasabyna ýaşlaryň daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda, bank-maliýe edaralarynda, önümçilik kärhanalarynda hünär taýýarlygyny we kämilleşdiriş okuwlaryny geçmäge giň mümkinçilikler döredilendir.

Hünär taýýarlygynyň ýokary derejede we kämil bolmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik ugry bolmak bilen, bu ugurda  ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär.