Mekdep kitaphanasy
03 Январь 2014 г., 18:07

Mekdep kitaphanasy öz işini guramakda Türkmenistanyň Baş Kanunyna, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanda bilim hakyndaky Kanunyna Bilim ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň kitaphana işleri baradaky düzgünnamalaryna hem-de görkezmelerine esaslanýar.
Mekdebiň bilim işgärleriniň okuw-usuly edebiýatlar bilen öz wagtynda üpjün edilmegi olaryň hünärini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerur şertleriniň biridir. Bu ugurda mekdep kitaphanasynyň hyzmaty uludyr we onuň öňünde aşakdaky wezipeler durýar:
1 . Mekdep kitaphanasy mekdep düzüminiň aýrylmaz bölegi bolup, ol okuwçylara bilim-terbiýe bermek, mekdebiň işärleriniň hünärini ýokarlandyrmak işiniň bähbitlerine hyzmat edýär.
2. Mekdep kitaphanasy mugallymlar köpçüligi, okuwçy guramalary, ata-eneler hem-de ýerli (oba, şäher) kitap söýüjileri bilen bilelikde:
- okuwçylary jemgyýetçilik-syýasy, okuw, çeper, ylmy kitaplary yzygiderli okamaga çekmek bilen, olaryň halka, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly, arassa, päk ahlakly, çuňňur bilimli ýaşlaryň terbiýelenmegine ýardam etmek;
- okuwçylaryň okuw dersleri boýunça oňat okamaklaryna kömek bermek maksady bilen olaryň yzygiderli okamagyny gazanmak;
- okuwçylaryň başarnygyny, bilesigelijiligini ösdürmäge ýardam etmek;
- ýaş aýratynlyklaryny, isleg-arzuwlaryny hasaba almak bilen, okuwçylaryň kitap okamaga bolan islegini ödürmek;
- okuwçylaryň özbaşdak kitap okamak başarnygyny, endigini ösdürmek, olara kitap bilen eşlemegiň usullaryny öwretmek;
- ylmy-usuly edebiýatlary saýlap almakda mugallymlara kömek etmek, kitaphana gelip gowuşýan täze kitaplar, gazet-žurnallar bilen olary öz wagtynda tanyşdyrmak ýaly çärleri geçirip durýar.
Mekdep kitaphanasynda aşakdaky çäreler ýola goýulmalydyr:
- döwürleýin metbugata abuna ýazylyşyk geçirmek we gazet-žurnallaryň yzygiderli çatylyp durulmagyna gözegçilik etmek;
- mugallymlar bilen bilelikde okuwçylaryň arasynda kitaplary ündemek, wagyz etmek, okyjylar maslahatlaryny, ýazyjylar bilen duşuşyklary guramak, okuwçylar bilen kitap barada gürrüňler, sergiler we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek. Bu işlere ata-eneler edebiýat, sungat işgärlerini çekmek işini guramak;
- synpyň ýolbaşçylary bilen bilelikde okuwçylaryň sapakdan daşary wagtlarda kitap okamaklaryny guramakda ata-enelere kömek bermek;
- kitap bilen işlemek boýunça okyjylar höwesjeňleriniň işine ýolbaşçylyk etmek;
- tertipleşdirilen kitap toplumy (katalog); bellik kagyzy (kartoçka), ýörite toplum (kartoteka) döretmek, kitaplaryň hasabyny ýöretmek;
- okyjylar bilen okalan kitabyň mazmuny barada gürrüňler geçirmek;
- kitap toplumyny (fonduny) aýap saklamak we hasabyny ýöretmek bilen bagly çäreler guramak we şuňa meňzeş işleri alyp barýar.
3. Mekdebiň kitaphanasynda bar bolan kitaplar goralyp, abat saklanylýar hem-de okyjylar üçin zerur şertler bolar ýaly kitaphana üçin ýörite okalga döredilýär.
4. Kitaphananyň kitap toplumy Bilim ministrligi tarapyndan yzygiderli doldurylyp durulýar.
Mekdep kitaphanasynyň işiniň dogry ýola goýulmagy, okaýanlaryň bilimler dünýäsine içgin aralaşmagyna, dünýä garaýşynyň giňelmegine, pedagogik işgärleriň kämilleşmeklerine, öz sapaklaryny döwrümiziň talaplaryna laýyk guramaklarygyna uly ýardam edýär. Mekdep kitaphanasynyň elmydama okyjylar köpçüligi bilen dolup durmagy, çagalaryň kitaba bolan çäksiz söýgüsiniň bardygyny aňladýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwürnde hormatly Prezidentimiziň kitaphana işine aýratyn üns bermegi mekdep kitaphanalarynyň işiniň kämilleşdirilmegine oňaýly täsir edýär. Täze döredilen «Galkynyş» kitap merkezi tarapyndan çykarylýan kitaplar bilen mekdep kitaphanalarynyň gory baýlaşdyryldy. Bilim ministrliginiň sargydy bilen çykarylýan okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň üsti bilen mekdep kitaphanalarynyň gorunyň üsti ýetirilip durulýar.