СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Bilim ulgamynda çagalaryň ruhy ösüşi
02 Январь 2014 г., 16:30

Häzirkizaman dünýäsinde islendik döwletiň ösüşiniň geljegi, ilkinji nobatda, bilim-terbiýe edaralarynda terbiýelenilýän çagalaryň sowatly, bilimli, ýokary ahlakly, watansöýüji, milli ruhda terbiýelenmegine bagly bolup durýar. Şonuň üçin, türkmenlerde “Çaga eziz, onuň terbiýesi has hem eziz” diýen nakyla eýerilýär. Bilim ulgamy çagalaryň ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy ojagy bolup durýar. Türkmenistanyň demokratik, dünýewi döwletdigi biziň Esasy Kanunymyz-Konstitusiýamyzda bellenilýär. Şundan ugur alnyp, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ähli bilim edaralarynda çagalara dünýewi bilim berilýär. Çagalarymyzyň giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenip bilýän, milli däp-dessurlarymyza  hormat goýýan we olary berjaý edýän, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ata-enesine, özünden ululara hormat goýýan, edepli-ekramly, dost-doganlyk ruhunda terbiýe almaklary üçin ähli bilim edaralarynda doly şertler döredilendir. Hususan-da, çaganyň ruhy terbiýesini göz öňunde tutýan, ýöriteleşdirilen dersler okuw maksatnamalaryna girizilendir. Bu dersler öwrenilende mugallymlar tarapyndan çagalara has täsirli okuw usulyýetleri ulanylýar, görkezme esabaplar, çeper edebiýatlar, häzirkizaman interaktiw usullary arkaly sapaklaryň geçirilmegi çagalarda uly täsir galdyrýar. Bilim ulgamynda çagalaryň ruhy ösüşinde mekdep kitaphanalarynyň we muzeýleriniň uly ähmiýeti bardyr. Esasan hem, döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalaryň netijesinde oba mekdepleriniň kitaphanalarynyň we muzeýleriniň işiniň ýola goýulmagy çagalaryň gözýetiminiň giňelmegine, ruhy terbiýesiniň kämilleşmegine aýratyn täsir edýär. Oba ýerlerinde ýerleşýän mekdepleriň muzeýlerine çagalaryň baryp görmekleri olarda ata-enelerine, obanyň abraýly adamlarynyň edermenlikli, göreldeli zähmetine hormatyny has-da artdyrýar. Döwletimiz tarapyndan gurulyp ulanylmaga berlen we halkymyza hyzmat edýän Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki taryhy-medeni we ülkäni öwreniş muzeýlerine çagalarymyzyň gezelençleriniň guralmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu ýerde çagalar geçmişimize göz aýlamak bilen şu günki durmuşymyzyň gadyryny bilmek we geljege ynamly garamak ruhunda terbiýelenmegine uly täsir edýär.

Bilim ulgamynda çagalaryň ruhy ösüşine milli we dünýä edebiýatynyň hem uly täsiri bardyr. Mekdeplerde edebiýat sapaklarynda şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň eserleriniň, taryhy şahsyýetlerimiziň öwrenilmegi hem özboluşly terbiýe usuly bolup durýar. Dürli gurnaklaryň işini netijeli guramak arkaly çagalaryň arasynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgularydyr-eserleriniň çeper okaýyşlary geçirilýär. Çeper okaýyşlarda, esasan, çagalara durmuşyň dürli ugurlarynda edep-terbiýe ähmiýeti bolup biljek şygyrlar okalýar.

Çagalaryň ruhy terbiýesine türkmen nakyllarynyň hem-de atalar sözüniň uly täsiri bolýar. Mekdeplerde we beýleki bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik bilen baglanyşykly bolan şygarlar, nakyllar, atalar sözi ýörite diwarlyklarda ýerleşdirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady ösüşi hem çagalarymyzyň aň-bilim terbiýesinde öz beýanyny giňdeň tapýar. Ýaşlary watansöýüjilik, milli tugumyza, tugramyza, medeni däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek hem ruhy ösüşiň esasy ugry höküminde çykyş edýär. Ähli okuw mekdepleriniň synp otaglarynda, auditoriýalarda döwlet atributlary görnükli ýerde ýerleşdirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň şäher gurluşyk we obalary özgertmek maksatnamalarynyň çäklerinde medeni-durmuş desgalarynyň, seýilgähleriň gurluşyklary uly orun tutýar. Bilim edaralarynyň ýörite maksatnamalaýyn işleriniň çäklerinde çagalaryň şeýle medeni-durmuş desgalaryna, seýilgählere gezelençleri guralýar. Seýilgählerde taryhy şahsyýetlemiziň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi çagalarda uly täsir galdyrýar.

Bilim ulgamynda çaganyň ruhy ösüşi köptaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Şol sebäpli, döwletimiz tarapyndan bilim-terbiýeçilik edaralarynda çagalarymyzyň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, kämilleşmegi, ruhy taýdan ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, jemgyýetimiziň kämil, sagdyn, döwür bilen aýakdaş ösmegine uly täsir edýär.