СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Olimpiadalar (şol sanda halkara) we olaryň netijesi
30 Декабрь 2013 г., 12:35

Häzirki wagtda umumy orta bilimiň baş maksady barha ösýän jemgyýetde ýaşamaga ukyply, ilkinji nobatda jemgyýetiň, soňra özüniň şahsy bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmekden ybarat bolup, ol dünýä tejribesinden we milliligimizden ugur alyp, okuwçynyň şahsyýet bolup ýetişmegine, onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilýär.

Mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşikleri, ylmy gözlegleri babatda döwlet derejesinde taslama bäsleşikleri geçirilýär. Okuwçylaryň halkara bäsleşiklerine gatnaşmaklaryna barha giň ýol açylýar.

Bäsleşigiň geçiriljek gününe çenli mugallymlar tarapyndan okuwçylaryň ukyplaryna, islegine, taýýarlygyna görä haýsy okuw dersinden bilesigelijiliginiň ýokarydygyny anyklanylýar. Degişli okuw dersleri boýunça 1-nji we 2-nji orna mynasyp bolan okuwçylary etrap, şäher, Döwlet  tapgyrlaryna taýýarlanylýar, goşmaça sapaklar gurnalýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiklerini guramakda oňyn tejribe toplanyldy. Adaty mekdepler bilen aýratyn zehinli çagalaryň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň aýratynlykda geçirilmegi maksadalaýyk, ol özüniň oňyn netijesini hem berdi. Bu tejribe geljekde hem dowam etdirilse, maksadalaýyk bolar.

Okuwçylaryň alan nazary bilimlerini amaly endikler bilen berkitmekde, olaryň döredijilik hem-de pikirlenme endiklerini ösdürmekde soňky ýyllarda aýratyn işjeňlige eýe bolan dersler boýunça taslama bäsleşikleriniň ähmiýeti uludyr. Aýratyn hem tebigy ugurly derslerden okuwçylarymyzyň taýýarlan taslamalary daşary ýurtlarda geçirilýän taslama bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Dersler boýunça tasalama bäsleşikleriniň mundan beýläk hem kämilleşdirilmeginde ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň ylmy barlag institutlarynyň orta mekdepler bilen gatnaşygyny has-da ýygjamlaşdyrmaly. Alymlar we hünärler zehinli çagalara halypalyk etseler, geljekde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hataryny aýratyn zehinli çagalaryň doldurjakdygyna şübhe bolup bilmez.

Mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmeginiň ilkinji zerur şertiniň biri olaryň iňlis dilini ýeterlik derejede bilmegi. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň azyndan üç dili suwara bilmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, dilleri çuňlaşyryp öwretmäge, onuň usulyýetini kämilleşdirmäge üns bermeli.

Okuwçylaryň bilimleriniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagy, olaryň daşary ýurtlarda bilimlerini artdyranda hem uly ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyndaky uly ösüşleri, ýetilen beýik sepgitleri zehinli okuwçylaryň görkezen netijelerinde hem görmek bolýar. Häzirki bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanýan döwründe ders olimpiadalarynyň ýokary derejede geçirilmegi oňyn netijelerini berýär. Jemgyýetiň ösüşinde, onuň has ýokary derejede kämillige ýetmeginde ders olimpiadalarynyň orny uludyr.

Mekdep okuwçylarynyň ders bäsleşiklerinde ýeňijilik hökmany suratda olaryň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmegine täsirini ýetirmeli. Häzirki tejribä laýyklykda, ýeňiş gazanan ýyly döwlet bäsleşiginde 1-nji ýer alan okuwçylara öz ugry boýunça giriş synaglarynda ýeňillik döredilýär. Bu ýeňillik 2-3-nji ýer alan okuwçylara hem döredilse, şeýle hem halkara taslama bäsleşiklerine, gatnaşandygy üçin höweslendiriji ýer alan okuwçylar babatda hem döredilse, bäsleşikleri kämilleşdirmäge, ony jogapkärçilikli geçirmäge ýardam ederdi.