СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Talyplar bir ädim öňde
05 Декабрь 2013 г., 18:31

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim-ylym babatda durmuşa ornaşdyrylýan tutumly işler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bilim ulgamyna ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny omaşdyrmaklyk döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmek bilen, berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk getirilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Milli liderimiziň tagallalary esasynda bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny, usulyýetini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, geçirilmegi däbe öwrülen “Bilim, ylym, sport we syýahatçylyk beýik Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe” atly Aşgabat halkara forumy dünýäniň ünsüni özüne çekýär we oňa gatnaşýan ýurtlaryň, kompaniýalarynyň sany yzygiderli artýar. Bu halkara sergisi we maslahaty dünýä tejribesini öwrenmäge hem-de olary özümizde giňden ornaşdyrmaga giňden hyzmat etmek bilen bir hatarda Türkmenistanyň ylym-bilim babatda ýeten belent sepgitlerini-de äleme äşgär edýär.

Diýarymyzda bilim-ylym maksatly gurluşyklar görlüp eşidilmedik depginde giň gerimler bilen ýaýabaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli pugtalandyrylýar. Ylym-bilim syýasatynyň barha rowaçlanýan häzirki döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary-da ýaşlara öwredilýän nazary ylym-bilimiň amaly başarnyklar bilen berk baglanyşygyny gazanmaklyga aýratyn uly üns berýärler. Iň häzirki zaman tehnologiýalary talabalaýyk ulanylyp, döwrebap okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalarda döwrebap hünärmenleri taýýarlamak babatda giň mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Okatmagyň bütin dünýäde giňden ýaýran usuly ýaşlara has döredijilikli pikirlenmegi, her dürli bäsleşiklere, çekişmelere işjeň gatnaşmagy öwredýär. Döredilýän ajaýyp şertler, professor-mugallymlaryň ýadawsyz tagallalary we talyp ýaşlaryň erjelligi, yhlasy olara ylym-biüm dünýäsine ynamly aralaşmaklyga uly mümkinçilik berýär. Bilim-ylym ulgamynda amala aşyrylýan tutumly işleriň guwandyryjy netijeleri döwlet, şol sanda halkara derjesinde geçirilýän abraýly bäsleşiklerde hem aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen talyp ýaşlarynyň halkara bäsleşikerinde eýe bolýan üstünlikleriniň barha ýokarlanyp barýandygy ildeşlerimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Talyplaryň halkara derjesinde gazanýan netijeleri barada aýdylanda, biziň erjel ýaşlarymyz diňe, 2013-nji ýylyň dowamynda dünýäniň ýaş zehinleriniň arasynda uly tutanýerlilik görkezip, altyn medallaryň 12-sine, kümüş medallaryň 17-sine, bürünç medallaryň 22- sine eýe bolmagy başardylar. Dürli ugurlar boýunça geçirilen halkara bäsleşiklerinde zehinli talyplarymyz, 4 sapar 1-nji orna, 9 sapar 2-nji orna, 2 sapar bolsa 3-nji orna mynasyp boldular, olara 10 sany Hormat haty gowşuryldy. Bu görkezijileriň ýylsaýyn barha ýokarlanjakdygyna bolsa, hiç hili şek-şübhe ýokdur. „Döwlet adam üçindir“ diýen döwlet syýasatynyň barha dabaralanmagy ugrunda ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, eziz Diýarymyzyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagyna uly goşant goşjak halkara derjesinde kämil hünärmenleri ýetişdirmek babatda durmuşa geçirilýän möhüm çäreleriň özüniň ajaýyp miwelerini berjekdigi ikuçsyzdyr.