Ýene-de ahlaklylyk hakynda
18 Октябрь 2013 г., 18:14
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýaş nesili kemala getirmek we terbiýelemek işinde wajyp kararlaryň biridir.
Taryhy, durmuş we medeni-ruhy tejribeleri, milli mirasymyzy ýurdymyzyň häzirki zaman ösüşiniň wezipeleri bilen döredijilikli utgaşdyrmak, täze durmuş filosofiýasyny döretmek – şu günki gün ileri tutulýan wajyp meseleleriň biridir. Medeni mirasymyzy mazaly öwrenip, olardan ýerlikli peýdalanyp işleýän döredijilik ojaklary – teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, sergiler, ýadygärlikler toplumlary, goraghanalar, sport desgalary...ýaş nesil barada uly iş alyp barýan ugurlardyr.
Halkymyzyň milli – medeni, ruhy – ahlak gymmatlyklaryny gorap saklama, öwrenmek, öwretmek, ösdürmek Berkarar döwletimiziň hoşniýetli syýasatynda ileri tutulýan ýollaryň biridir.
Jemgyýetimizde sagdyn endikleri ösdürmäge esaslanýan syýasat halkymyzda sagdyn durmuşda ýaşamaga uly höwes döredýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň sanyny artdyrýar, türgenlerimizi bolsa täze ýeňişlere ruhlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe – sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny ösdürmek, milletiň saglygynyň berkidilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleri döretmek, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanşykly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Muzeýlere okuwçy ýaşlar, talyplar köp barýarlar. Olar şol ýerde goýulan milli gymmatlyklary, ajaýyp ussalaryň elinden çykan gurallary, şaý – sepleri görüp, olara guwanýarlar. Milli eşikleri öwrenýärler. Türkmeniň şöhratly geçmiş taryhyna dahylly gyzykly maglumatlar, Türkmeniň ruhy medeniýetini açyp görkezýän däp – dessurlar, türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi ýaşlarda uly gyzyklanma, bilesigelijilik döredýär.
Demokratik, hukuk döwletiniň idialogiýa we ahlak esaslarynyň kemala gelmegi we ösmegi, jemgiýetiň döredijilik aň – bilim mümkinçilikleriniň kämilleşmegi üçin zerur şertleri döredýär.
Ýaşlarda türkmen tebigatyna mähir – söýgi, onuň baýlyklaryna aýawly garamak, halkyň däp – dessurlaryna, milli aýratynlyklaryna guwanmak, buýsanmak duýgulary kemala gelýär.
Aň – bilim işleriniň medeni – köpçülik çäreleri, leksiýalar, taryhy sapaklar, sergiler ýaly görnüşler ýaşlar bilen iş geçirmekde giňden ulanylýar.
Taryhy – medeni ýadygärlikleri we gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we goramak boýunça döwlet derejesinde geçirilýän işlere şaýat bolmak ýaşlarda ylyma bolan höwesi, sowgatlylyga bolan arzuwy artdyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň, hususanda, BMG – niň düzümindäki ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň halkara medeni – ynsanperwerlik hyzmatdsaşlygy ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Umumadamzat gymmatlyklarynyň ajaýyp ýadygärlikleri hökmünde Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý şäherleriniň ÝUNESKO – nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň subutnamasydyr. Muzeýlere, ýadygärliklere, sergilere gelýän ýaşlar bu ýagdaýlary öwrenip, öz Watanyna guwanýarlar. Bu bolsa olaryň durnukly häsiýetiniň ýüze çykmagynda uly rol oýnaýar. Täze kabul edilen “Ýaşlar barada dölet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýaşlary terbiýelemekde uly goldaw bolup, ýaşlarymyzyň taryhymyza bolan garaýşynyň artmagyna getirer.
Kitaphanalarymyzyň gapylary ýaşlar üçin hemişe açykdyr. Körpe nesli terbiýelemekde, olaryň edebiýat bilen gyzyklanmasy, sungata goýýan sarpasy, bilime bolan höwesi uly rol oýnaýar. Olar halk döredijiligini – ertekileri, rowaýatlary, matallary, nakyllary, läledir – hüwdileri öwrenmegi, olary ürç edip okamagy halaýarlar. “Ejekejan”, “Mämmetjan”, “Akpamyk” ýaly eserleri sahnalaşdyrmagy, monjukatdylary öwrenmegi halaýarlar. Çagalar ýazyjylar Agahan Durdyýewiň, Hajy Ismaýylowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Aky Baýmyradowyň, Nury Baýramowyň, Hemra Şirowyň, Azat Rahmanowyň ýaşlar barada ýazan eserlerini ürç edip okaýarlar. Edebiýata bolan höwesi, ylma bolan arzuwy olaryň terbiýesinde ilkinji orunlaryň birini tutýar. Täze Kanun olaryň bu ymtylşynyň has ösmegine, ylymly adamlar bolup ýetişmeklerinde çäksiz kömek eder.
Körpe nesliň çagalar bagyndan başlap tä okuwy tamamlaýança görüp – eşidýänleri ajaýyp suratlar, okaýanlary gyzykly eserler, diňleýänleri ajaýyp aýdym – sazlar bolansoň, özlerem Garaşsyz Watanymyzyň gahryman adamlarynyň zähmet ýeňişlerine şaýatlyk edensoňlar, Bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp adamlaryna öýkünensoňlar, olara guwanansoňlar olaryň ynsançylyk duýgylarynyň, Watansöýüjiliginiň, sahawatlygynyň çäginiň giňdigine şübhelenmese bolar. Biz ýaşlaryň teatr sungaty baradaky düşünjesiniň giňemegini isläp, teatrlarymyzyň çagalar we ýaşlar barada aladalanyp, olara bagyşlap goýan oýunlary barada hem söhbet açmakçy. Ýöne, ol barada, indiki çykyşlarymyzda gürrüň edeliň.
Hudaýberdi Bäşimow,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.