СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Jygalybeg, Görogly beg, Agaýunus peri,....
16 Октябрь 2013 г., 11:32

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň “Görogly” operasynda halkymyzyň söýgüli aýdymçylarydyr artistleri bilen bir hatarda, ýaňy döredijilik ýoluna düşen ýaşlar çykyş edýärler. Olaryň ençemesem talyp oglan-gyzlar. Emma, halypalardan tälim alýan ýaş zehinler ussatlardan galmajak bolup jan edýärler.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň köp külpetleri başyndan geçiren, Çardagly Çandibili gözüniň göreji ýaly goran, gojaman, parasatly Jygalybegi, halkyň ykbalyny öz üstüne alyp gelipdir. Onuň düşünjesinde her bir adamyň ykbaly-halkyň ykbaly. Şonuň üçinem ol, halk bilen bir ten, bir jan bolup ýaşaýar. Köpçüligiň:

                Çandybile döndi döwran!

                Seniň ogluň boldy bolgaý – diýip, ýüzlenen pursatynda artist şeýle bir tolgunýar weli, oňa guwanman durup bileňok.

Atasynyň parasady bilen terbiýelenen, özüne onuň iň gowy gylyklaryny siňdiren, her bir işde atasyndan tälim alyp, atasynyň:

                Ýalňyz balam, algyn pendim,

                Ýurdy terk ediji bolma.

                Özünden gaýry bir merdiň,

                Minnetin çekiji bolma – diýen pähim-paýhasyna daýanyp ulalan Görogly beg, il-halka hossar bolup ýetişýär we ýurdy, Watany ärlerçe goramak, ejize ganymlyk etmeli däl diýen düşünjesine ýugrulýar.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Didar Sarykow halkyň söýgüli serkerdesini Watansöýüji, ynsanperwer, çalasyn hem duýgur, ýoldaşyna, il-gününe wepaly, hatynyna hormat goýýan, şol bir pursatda-da, wäşi, degişgen, aýdym-sazyň muşdagy, ulyny uly, kiçini kiçi hökmünde söýmegi başarýan päk göwün hem garadan gaýtmaz batyr hökmünde wasp edýär.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, hoş owazly                   Liliýa Çürçaga, ýylyň parlak ýyldyzy hökmünde özüni ile aldyran            ýaş aýdymçy. Onuň ýerine ýetirmeginde, seýkin basyp,                   töweregine şöhle çaýyp, söýgi hesretini çekip ýören Agaýunus peri,              il-günüň küýseýän zenany, akylly-başly, oýlanmazdan hiç bir işe ýapyşmaýan, söýgüsine wepaly maşgala edilip görkezilýär.                   Ana, şol halkyň:

Owal başda Hudaýymdan,

Döwlet gerekdir ýigide.

Ýykylanda goldamaga,

                  Medet gerekdir ýigide – diýýän maşgalasy, ýanýoldaşyny bela-beterden gorap ýören, “Içen suwy bokurdagynda görnüp duran” görmegeý peri-peýker. Ol Görogly begiň tüýs goşataýy. Ol öz söýgüli ýary üçin, onuň alyp barýan adalatly işi üçin janyny bermäge taýyn.

Spektaklda şowly çykan, ýatda galyjy keşpleriň hatarynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Aman Amanowyň Mollawelisini, Atajan Berdiýewiň Genjim begini, Türkmenistanyň at gazanan artisti Mämmetmyrat Annamyradowyň ýaşulysyny agzap geçeliň.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýewiň Däli Mäteli, Kuwwat Çaryýewiň Jansyzy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowanyň Garry mamasy öwgä mynasyp teswirlenen keşpler.

Türkmenistanyň halk artisti Annagurban Annarejepowyň Hüňkäri diýseň gazaply hem mekir, dünýäde bir özi höküm sürmegi isleýän, agzyndan çykan sözüniň ýerine ýetirilmegini isleýän, gözleri ýanyp duran ganojak wagşy patyşa. Artist bu keşbi ynandyryjy edip görkezmegi başarypdyr. Teatr işgärleriniň arasynda “Şalaryň, hanlaryň, begleriň keşbini halk döredýär”  diýen bar kesgitleme bar. Hut şol nukdaý nazardan “Görogly” operasyndaky han-begleriň keşpleriniň şowly çykmagynda köpçülik sahnalarynda çykyş edýän artistleriň, talyplaryň hyzmaty ulydyr. Olar döwrebap, wakalara laýyk gelýän hereketleri etmegi başarýarlar.

Sözümiziň ahyrynda halkyň söýgüsine mynasyp bolan “Görogly” operasynyň ýiti wakalaryny aýdyň görkezen, ertekilerdäki ajaýyp mekanlary ýadyňa salýan, behişti ýurt Awazanyň şowhunly tolkunlarynyň arasyndan çykan ýaly bolup, sahna girýän söýgüli gahrymanlarymyzyň janly keşplerini döreden agzybir döredijilik toparymyza täze üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Hudaýberdi Bäşimow

Teatry öwreniji.