Görogly türkmen sahnasynda
24 Сентябрь 2013 г., 19:44
Gündogar halklarynyň genji hazynasy bolan “Görogly” şadessany türkmen halkynyň iň söýgüli, iň kän okalýan, halk içine giňden ýaýran eseridir. Bu dessany bagşylarymyz asyrlaryň dowamynda aýdyp geldiler. Diňe bir aýdymlaryny däl, eýsem kyssasyny hem gürrüň berýärler. Onuň gahrymanlaryny suratlandyryp, olaryň gürleýiş äheňlerini, edýän hereketlerini tapmaga ymtyldylar. Bu sungat häzirem dowam edýär. Biziň pikirimizçe, dessanlaryň ýerine ýetiriliş sungatynda, teatr sungatynyň gaty köp taraplary duýulýar. Aýdymlary şowhunly, dabaraly, gynançly aýtmak, gahrymanlary mahabatlandyrmak, käte olaryň edýän hereketlerine meňzeş hereketleri etjek bolmak ýaly synanşyklar dessan aýdyja uly üstünlik getirýär. Dessançy teatr artistine diýseň golaý barýar. Aýratynam sazly teatra ýakynlaşýar.
“Görogly” dessanynyň dürli şahalarynyň esasynda, türkmen teatrlarynyň sahnalarynda ençeme oýunlar goýuldy. “Görogly”, “Göroglynyň öýlenişi”, “Göroglynyň sawçylary”, “Harmandäli”, “Bezirgen”, “Öwez öýlenen”, “Gyrat” ýaly spektakllar tomaşaçylara görkezildi. Şeýle – hem bu dessanyň esasynda ençeme radio oýunlar döredildi.
Opera žanrynda Görogly barada eser döretmäge synanşyk hem telim gezek boldy. Başda türkmen döwlet opera we balet teatry Azerbaýjan kompozitory Uzeir Gajybekowyň eserine ýüzlendi. Ol opera “Görogly” däl-de, “Körogly”, ýagny körüň ogly diýip atlandyrylýardy.
Türkmeniň Göroglysyny wasp etmäge ilki Daňatar Öwezow synanyşdy. Ol şahyr Gara Seýitliýewiň librettosynyň esasynda, operanyň käbiriniň esli bölegini ýazdam. Emma biwagt gelen ajal oňa bu eseri tamamlatmady.
Soňra Görogly barada opera ýazmaga Nury Halmämmedow hyýal etdi. Ol eseriň librettosyny şahyr Gurbannazar Ezizow ýazypdy. Awtorlaryň biwagt ölümi bu işi ýene togtatdy. Emma halkymyzyň ol esere bolan söýgüsi barha güýjedi. Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Rejepow ol barada opera döretdi. Ýöne ol mowzugy dowam etmek höwesi barha artdy. Opera spektaklyny döretmek höwesi Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew bilen Türkmenistanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýewde döredi. Esli wagtdan täze operanyň edebi esasam, sazam taýyn boldy.
Watana bolan söýgüni, il-günüňe goýulýan hormaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi wasp edýän bu operany Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry goýdy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň çözgüdinde ata Watana guwanç, çäksiz söýgi, il-günüň bagty ugrunda janyňy orta goýmak, ynsana bolan söýgi, birek-birege goýulýan hormat hemme mowzuklardan öňde goýuldy. Režissýor sahna bezeýjileriň işlerinem öz çözgüdine görä ulandy. Asudalyk, Watan goragy, iliňe wepalylyk öňe sürüldi. Hudožnikler Perman Döwletowyň, ajaýyp eşikleri hödürlän Keýik Hojaýewanyň oýlap tapan tilsimleridir biçüwleri režissýora ýakyndan kömek etdi.
Dirižýor, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Resul Gylyjowyň, hormeýsterler Žanna Skorohodowanyň, Ýelena Moskwiçowanyň, Türkmenistanyň döwlet horunyň ýolbaşçysy Hojaguly Çaryýewiň, tans goýujy Türkmenistanyň at gazanan artisti Läle Altyýewanyň irginsiz çeken zähmeti ýerine düşdi. Täze eser Berkarar döwletimiziň Bagtyýar tomaşaçylarynyň göwnünden turdy. Goja Hazaryň kenarynda ilkinji gezek görkezilişde opera çalynan çapaklar muňa şaýatlyk edýär.
Operada janlandyrylan keşpler, olar üçin çekilen zähmet, artistleriň işleri barada bolsa, biz indiki işlerimizde söhbet açarys.
Hudaýberdi Bäşimow
Teatry öwreniji.