Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň suratkeşleriniň döredijilik eserleriniň sergisi.
19 Сентябрь 2013 г., 19:50
Häzirki döwürde Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty täze üstünliklere gadam basýar. Ýurdumyzda bolup geçýän özgerişikleriň täsiri bilen sungat ussatlarynyň ylhamy joşýar. Nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika we amaly-haşam sungatynyň eserleri durmuşyň, ýaşaýşyň şöhlelenmesi hökmünde gözelligiň gudratyny ýaýradýar, adamlarda päk duýgulary oýarýar.
Gadymy eýýamlardan gözbaş alýan şekillendiriş sungatynyň görnüşleri ýyl geçdigi saýy barha özgerýär we kämilleşýär. Döwrüň talabyna laýyklykda medeniýetiň we sungatyň jemgyýete berýän täsiri artýar. Asyrlaryň synagyndan geçip, halkyň döredijilik eleginden süzülen milli sungatymyz-biziň ruhy hazynamyzdyr.
Türkmenistanyň suratkeşleri ýurdumuzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çeperçilik sergilere we bäsleşiklere işeňňir gatnaşyp, türkmen sungatyny dünýä äşgär edýärler. Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzalary Watanymyzyň dürli künjeklerinde - welaýatlarda hem etraplarda zähmet çekýärler. Suratkeşleriň döredýän eserleri döwrüň aýnasy bolup, durmuşyň ähli pursatlaryny, sypatlaryny şöhlelendirýär. Hakyky suratkeşiň başdan geçiren duýgylary, oýlanmalary döredijilik tejribesine daýanyp, öz halkynyň islegine we arzuwlaryna manydaş bolup, döwrebap eseriň döremegine getirýär.
Türkmenistanyň dört welaýatynda Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň şahamçalary işleýär.
2011-nji ýylyň noýabr aýynda Daşoguz şäherinde Suratkeşler Birleşiginiň şahamçasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Alymlaryň, akyldarlaryň, sungat ussatlarynyň gadymy mekany, Horezm ady bilen tanalýan Daşoguz topragynda bu şahamçanyň açylmagy welaýatdaky döredijilik adamlarynyň işeňňirligini, sungata bolan höwesini, ýaş, zehinli suratkeşleriň öňe çykmagyny subut edýär.
Sungat - milletiň ruhy we maddy dünýäsini döredýän ylham çeşmesidir.
Döwletimizde türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine, nesilleriň şol ruhda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrümiziň özgerişlerinden ugur alyp, tutuş millete şan getirjek täzeden-täze eserleriň döremegine giň mümkinçilikler açylýar. Sungatda ýaş ussatlaryň, zehinli şahsyýetleriň kemala gelmegi döwletiň ruhy hem döredijilik kuwwatyna itergi berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň suratkeşleriniň döredijilik eserleriniň sergisi Aşgabat şäherinde dowam edýär.