Al Mamunyň Akademiýasy
18 Сентябрь 2013 г., 13:15
Gojaman taryhda gadymy siwilizasiýanyň merkezi hökmünde şöhratlanyp, dünýä taryhynda altyn sahypalary açan Türkmenistanyň çäklerindäki umumadamzat ähmiýeti bolan taryhy gymmatlyklarymyzyň gaýtadan öwrenilýändigi bütin dünýä mälimdir. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda we onyň çäklerinden daşarda milli Liderimiziň başlangyçlary bilen geçirilýän halkara ylmy maslahatlar bolsa bu işler babatda dünýä alymlary bilen jebislikde iş alyp barmaga çuňňur ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmenler taryhda köp sanly döwletleri döredipdirler. Ol döredilen döwletlerde ylma, edebiýata, sungata aýratyn üns berlmegi döwletleriň ösmegine-örňemegine ýardam edipdir. Muňa gadymy Köneürgenjiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkindir.
Hawa, gadymy Köneürgenç Orta asyrda ylmyň, medeniýetiň we ykdysady gatnaşyklaryň merkezleriniň biri bolupdyr. Ol ýerde ýaşan Muhammet ibn Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Mahmut Zamahşary, Nejmeddin Kubra ýaly beýik danalar öz döwründe dünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşupdyrlar. Şeýlelikde, bu gadymy künjekde ilkinji gezek Al Mamunyň akademiýasy esaslandyrylypdyr.
Hawa, gadymy Gürgenç (häzirki Köneürgenç) adamzat hakydasynda diňe bir syýasy-sosial wakalary bilen däl, eýsem, ösen ylmyň uly merkezi bolanlygy bilen hem meşhurdyr. Beýik Horezm döwletiniň şol gazananlary ylmyň köp pudaklarynyň soňky ösüş etaplary üçin esas bolup hyzmat edipdir. Geliň, ol ýerde işlän beýik alymlaryň alyp baran işlerine gysgaça nazar salalyň.
Meselem, IX asyrda matematika ylmynyň düýbüni tutan, hindi algebrasynyň we grek geometriýasynyň arabaglanyşygyna we sazlaşygyna amal eden, 780-850-nji ýyllar aralygynda ömür süren Muhammet ibn Musa al-Horezmi özüniň ylmy taglymatlary bilen Beýik Horezmiň taryhynda baky yz goýupdyr.
973-1048-nji ýyllar aralygynda ýaşan dünýä meşhur horezmli alym Abureýhan Biruni bolsa astronomiýa, geologiýa, geografiýa, taryha degişli işleriň 150-den gowragyny ýazyp , halkyna ölmez-ýitmez miras galdyrypdyr. Ol astronomiýa barada öz pikirini Nikolaý Kopernik, Leonardo da-Winçi ýaly alymlaryň dünýä belli açyşlaryndan ençeme asyr öň aýdypdyr hem-de mineralogiýa ýaly täze ylmyň düýbüni tutupdyr. Onuň ,,Öten nesilleriň ýadygärlikleri’’, ,,Hindistan’’, ,,Mineralogiýa’’ diýen ylmy işleri indi ençeme asyr bäri ylmy dolanyşykdan düşmän, ylma, ynsan paýhasyna hyzmat edip gelýär.
Abureýhan Biruniniň döwürdeşi, 980-1037-ýyllar aralygynda ýaşan Abu Aly Ibn Sina şol zamanlarda Horezmiň paýtagty Gürgençde ýaşan we medisina ylmyna uly açyşlar girizen meşhur alymdyr. Onuň ykrar edilen ,,Tebipçilik ylymlarynyň kanuny’’ atly işi dünýä medisinasynyň taryhynda deňsiz-taýsyz ylmy miras bolup durýar. Alymyň bu işiniň -XIV asyrda Ewropanyň dürli ýurtlarynda 16 sapar, XVI asyrda bolsa 20 gezek neşir edilendigi, Ýewropa medisinasynyň tä XVII asyra çenli Ibn-Sinanyň gönüden-göni täsiri esasynda ösendigi-de aýratyn bellenilmegine mynasypdyr.
XII sayrda beýik alym Ibn Sinanyň taglymatlaryny horezmli meşhur hekim Seýit Ysmaýyl Jürjany ösdüripdir. Onuň ylmy we amaly ähmiýeti bolan örän seýrek duşýan medisina maglumatlaryny berýän sözlük görnüşinde düzen kitaby ylymlar dünýäsinde hemişe öwrenilmäge mynasyp eser hökmünde dabaralanypdyr.
Şeýle beýik alymlaryň biri bolan Gündogaryň meşhur alymy, filosof Fahreddin Razi bolsa XII asyrda Gürgençde Tekeş şanyň köşgünde işläp, köp-köp ylmy agtaryşlary alyp barypdyr.
IX--XII asyrlarda Horezmde-Gürgençde ylmyň ýokary derejä göterilendiginden ugur alyp, belli alym S.P.Tolstow Horezm ylmynyň Gündogaryň taryhynda gadym zamanlarda-da mynasyp orny eýeländigini öz ylmy işlerinde belläp geçipdir.
Gadymy Gürgenjiň harabaçylygynda ýerleşýän Kyrkmolla atly depe ylym-bilim bilen gönümel baglanyşyklydyr. Bu depe barasynda halk arasynda ençeme rowaýatlar döräpdir. Olaryň birinde nygtalyşyna görä, Horezm şa öz alymlaryna henize çenli görlüp-eşidilmedik uly we ajaýyp ymarat saldyrypdyr. Onuň dünýäde deňi-taýy bolmandyr. Onda kyrk sany meşhur alym kyrk müň talyba sapak beripdir diýlip aýdylýar.
Hawa, taryhy maglumatlardan beýan edilişine görä, Mamunlar neslinden bolan Aly ibn-Mamunyň ýa-da Mamun II-niň döwründe Gürgençde Akademiýa döredilipdir. Emiriň köşgi Muhammet Musa Al-Horezmi, Abureýhan Al-Biruni, Seýit Ysmaýyl Jürjany, Abu Aly Ibn Sina, Fahreddin Razi ýaly meşhur akyldarlaryň ýüzlerçesiniň jemlenen merkezine öwrülipdir. Şonuň üçin-de Mamun II-niň köşgünde jemlenen alymlar toparynyň işlän metjit-medreseleri Akademiýa diýlip atlandyrylypdyr.
Hawa, bu günki gün gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan türkmen ylmy-bilimi häzirki ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşleriň özeni bolup durýar.