СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Magtymgulydan täsirlenen Puşkin
15 Июль 2013 г., 19:34

Beýik rus şahyrynyň Pyragynyň şygyrlary bilen tanşansoň, onuň täsiri bilen döreden goşgusy hakda söhbet

Özüniň akyl-paýhasa ýugrulan köpgyraňly döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna saldamly goşant goşan beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň älem peleňinde ýagty saçýan Gün ýaly nurly, çörek deýin mukaddes şygyrlary köňüllerde bakylyk nagmasy bolup ýaşaýar.

Şahyryň ilkinji şygryrlary dünýä halklarynyň dillerinde XIX asyryň başlarynda ýaýrap ugrapdyr. Edebiýatyň umman deýin äleminde täze dogan parlak ýyldyz hökmünde tanalyp ugran şahayryň akyl-paýhasa ýugrulan parasatly setirlerinde Gündogaryň müň dürli öwüşgini nur saçyp, onuň tylla ýalkymy ýedi yklyma ýaýylypdyr. Ol şygyrlaryň ilkinjileri rus dilinde metbugat sahypalarynda çap edilipdir.

Öz ýaşan manyly ömründe beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkin Gündogar bilen çuňňur gyzyklanypdyr. Şahyryň  «Bakjasaraý fontanyny» nazarda tutup: «Gündogaryň ýokary stilleri meniň üçin nusga boldy» diýen setirleri onuň Gündogara aýratyn sarpa goýandygynyň güwäsidir.

Puşkini öwreniji edebiýatçy alymlar şahyryň musulmançylygy, Gündogaryň şygyrýetini, medeniýetini örän gowy bilendigini nygtaýarlar. Şahyr köpgyraňly döredijiliginiň belli bir böleginde, aýdalyň, «Pýotryň taryhy» ýaly giň göwrümli eserlerinde Orta Aziýa, türkmen topragy bilen baglanyşykly wakalary şöhlelendiripdir.

Şahyryň döredijiliginde Gündogaryň müň dürli öwüşgini hemişe duýulýar. Heniz ýaşlyk ýyllarynda onda Gündogaryň durmuşyny, medeniýetini bilmäge bolan höwes döräp ugrapdyr. Bu höwes ony Gündogar durmuşynyň taýsyz älemine alyp barypdyr. Şonuň üçin şahyr iň gowy şygyrlaryny gündogar äheňlerine ýugrupdyr.

Puşkini öwreniji alym N. M .Lýubikowanyň 1974-nji ýylda çapdan çykan «Puşkin we Gündogar» atly kitabynda ýazmagyna görä şahyrda pygamber bilen baglanyşykly ilkinji pikirler 1815-nji ýylda döräpdir. Ýagny, Puşkin şol ýyl söýgüli neşiri bolan «Ýewropa habarlarynda» A. B. Boldyrewanyň «Muhammediň asmana syýahaty» atly makalasyny okapdyr. Bu makala şahyra güýçli täsir edipdir. Soňra şahyr kämillik käsesi bolup, zehininiň ýalaw ýaly wagty, 1824-nji ýylda 25 ýaşyndaka beýik Allatagalanyň asmandan Muhammede (s.a.w.) ýollan mukeddes Gurhanyny okaýar. Musulman äleminiň baş kitaby bolan Gurhany-Kerim Puşkiniň döredijilik dünýäsine egsilmez ylham berýär. Şonuň üçin ol ylham atyna atlanyp, Kelamyň göwher nurundan gana-gana, düýpgöter başgaça yhlas bilen şygrýet älemine rowana bolýar. Şunlukda ol 9 goşgudan ybarat «Kurana öýkünmeler» atly şygyrlar toplumyny döredýär.

Bu şygyrlar bossany şahyryň Gündogara akyl ýetirmäge dini-filosofiki dünýägaraýşydyr. Şahyr goşgy setirlerinde mukaddes Kelamyň jümlelerini, setirlerini getirmek bilen, onuň manysyny düşündirmäge synanyşýar. Edebiýaty öwreniji alym N.W. Fridman: «Ol setirler Gurhanyň jümlelerinden çekilen «keşdeler» däl-de, erkin pikirli şahyryň mukaddesligi ykrar etmegidir» diýip belleýär. Şonuň bilen birlikde Puşkiniň döredijiligini öwrenijileriň ählisi «Kurana öýkünmeleriň» terjimehal äheňdedigini belleýärler.

Hawa, beýik şahyryň bu  äleme ädim ätmesi ony bu ugurda köp-köp gözleglere, agtaryşlara atarýar. Şahyryň 1829-njy ýylda Kawkaza, Arzurma eden syýahaty onuň bu  äleme has-da çuňňur aralaşmagyna ýardam edýär. Ol baran ýerinde gözel Gündogar bilen baglanyşykly wakalary, onuň nur saçyp duran öwüşginli şygryýetini inçeden yzarlýar, öwrenýär.

Şol ýyllarda şahyr iş sapary bilen Kazana (Tatarystana) barýar. Dünýä medeniýetiniň ösen merkezleriniň biri bolan Kazan şäheri şahyrda ýatdan çykmajak täsirleri goýýar. Bu ýerdäki dürli çeşmeler, taryhy maglumatlar, dürli-dürli eserler şahyryň dürli  ugurlardan gözýetiminiň giňemegine ýardam edýär.

Puşkin Kazane bolan şol saparynda ol ýerdäki metbugat sahypasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň rus dilinde ilkinji sapar çap edilen birnäçe terjimelerini okaýar. Ol şygyrlar şahyryň ýüregine egsilmez ruhy güýç berýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny okandan soň Puşkin hyýalynda köp ýyllardan bäri Orta Aziýa, Türkmenistan bilen Orsýetiň taryhy gatnaşyklaryndan söhbet açýan «Pýotryň taryhy» eseriniň wakalaryna, Arzurma eden syýahatynda Knýaz Bekowiçiň tagallasy bilen türkmen ýigidi Perhat beg bilen duşuşygyna, oňa bagyşlan «Gafizden» atly şygryna, çeken suraty hakdaky ýatlamalaryna dolanýar. Esasanam, türkmen şahyrynyň «Turgul!'' diýdiler», «Boldum girýana» atly şygyrlary rus genisinde ýatdan çykmajak täsirler goýýar. «Turgul! diýdilerdäki» wakalar, ondaky taryhy şahslar, otuz enbiýa, otuz eshan, olaryň şahyra Arşda ak pata berşi hakdaky wakalar Puşkini çuňňur oýlandyrýar. Ol meşhur şygyrdaky:

Daşdan çykdy, altmyş atly gördüler,

«Muhammet» diýip bary garşy ýördüler.

Saglyk, salamatlyk bir-bir sordular.

«Durmaň, ulug jaýa ýörgül» diýdiler — diýen seirlerde ady getirilýän beýik şahsyýet hakynda täzeçe oýlanyp ugraýar.

Pyragynyň «Boldum girýana» şygrynda  pata berýän üç kişi, şonda beýik Serweriň hümmet isläp, suýy-asmana nazar salşy, has hem goşgudaky:

Biri gelip, elin göksümge urdy,

Biri bir tyg bilen ýüregim ýardy,

Agzyma agz goýup, biri dem urdy,

Diýdiler: «Arzyň diý Şahymerdana!» — diýen setirleri Puşkine güýçli täsiz edýär.

Şahyr köp-köp mahallap ol şygryň täsirinden çykyp bilmeýär. Şunlukda, ol şygryň täsiri bilen özüniň «Pygamber» atly meşhur şygryny döredýär.

Puşkiniň bu goşgusyndaky:

Agzyma hem el degirdi,

Meniň şalpak hem hileli,

Ýazykly dilim sogruldy,

şeýle hem:

Öz göwsüme gylyç saldy,

Gorkak ýüregimi aldy,

Ýaraly göwsümde özi,

Goýdy bir ýalynly közi — diýen setirler Magtymgulynyň «Boldum girýanasyndaky»:

Biri gelip, elin göksümge urdy,

Biri bir tyg bilen ýüregim ýardy.

Agzyma agz goýup, biri dem urdy... diýen setirleri bilen gönümel manydaş gelýär.

Magtymguly Pyragynyň «Turgu!'' diýdileriniň-de», «Boldum girýanasynyň-da», A.S.Puşkiniň «Pygamberiniň-de» özeninde beýik Biribardan, ärlerden-pirlerden, erenlerden-enbiýalardan, öwlüýä ynsanlardan ak pata almak beýan edilýär.

Görnükli türkmen alymy, publisist Marat Durdyýew bilen taryh ylymlarynyň doktory Aleksandr Kolesnikow 1999-njy ýylda Moskwada rus dilinde çap bolan «A.S.Puşkin we Türkmenistan» atly kitabynda A. S. Puşkiniň «Pygamber» şygrynyň özeninde Magtymgulynyň «Turgul!'' diýdiler» we ,,Boldum girýänä'' şygrynyň ýatandygyny  nygtaýarlar. Bu meňzeşlik «Boldum girýanada» has aýdyň ýüze çykýar. Munuň özi beýik rus şahyry A.S.Puşkin «Pygamber» şygryny beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň «Boldum girýana» şygrynyň  täsiri esasynad döredipdir diýmäge doly esas berýär.

Hawa, özüniň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen dünýä edebiýatynda yz galdyran Magtymguly Pyragynyň döredijilik ummany hemişe öwrenilmäge, agtarylmaga, ylmy nukdaýnazardan çuňňur özleşdirilmegine mynasyp. Belki, şahyryň dürüň dänesi deýin şygyrlaryndan A.S.Puşkin ýaly ýene-de ýüzlerçe geniler ylham alyp, täsirlenendirler. Geliň pikir edeliň.

Şaguly Gurbanow