Dünýä ýaň salýan Magtymguly
05 Май 2014 г., 19:01
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedow 2012-nji ýylyň 16-njy martynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 yylllygyny 2014-nji ýylda giňden we dabaraly belläp geçmekligi Karar etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Magtymgulynyň 290 ýyllyk ýubileýini belläp geçmek hakyndaky Kararyndan soň, azerbaýjan doganlarymyz 2012-nji ýylyň maýynda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýine bagyşlap, Baku şäherinde halkara ylmy–amaly maslahaty geçirdiler. Bu halkara ylmy–amaly maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň alymlaryndan düzülen delegasiýa gatnaşdy. Azerbaýjan doganlarymyz Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynbyň 300 gowrak goşgusyny azerbaýjan diline geçirip, kitap neşir etdiler.
2012-nji ýylyň noýabrynda Birleşen Аrap Еmirliklerinde hem Gündogaryň beýik akylary Magtymgula bagyşlap, ylmy–amaly maslahat geçirilip, arap doganlarymyz hem P:yragynyň 300 ýakyn goşgusyny ene dillerinde kitap edip çykardylar. Birleşen Аrap Еmirliklerinde geçirilen ylmy–amaly maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlaryndan düzülen döwlet toparam gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti 2014-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 13477 Karary esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli Türkmenistanda we dünýäniň dürli künjeklerinde geçirljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Şol meýilnamanyň esasynda Türkmenistanyň alymlaryndan, döredijilik işgärlerinden, tele–radio ýaýlymlarynyň žurnalistlerinden düzülen döwlet delegasiýasy dünýäniň 20–den gowrak ýurdunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymgula bagyşlanan ylmy–amaly maslahata , çärä gatnaşdylar.
Häzire çenli Magtymgulynyň goşgulary azerbaýjan, arap, pars, gazak, iňlis, ispan, nemes, hytaý, koreý, belorus, ukraýin, özbek, gyrgyz, türk, rus, mahlasy dünýäniň ýigimi gowrak dillerine terjime edilip, kitap bolup çykdy.
Türki dilli halklaryň medeni –ruhy birleşigi bolan „Türksoý“ halkara guramasynyň Karary bilen 2014-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli hem dünýäniň 30 golaý ýurdunda goýlupdyr. Bu bolsa dünýäniň türkmen akyldaryna goýýan uly hormatynyň aýdyň mysalydyr.
Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanyp, Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen ylmy–amaly maslahata, dabaraly çärä gatnaşmak bize hem miýesser etdi. 2014-nji ýylyň 18-20-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Özbegistanyň Türkmen medeniýet merkezi bilen bilelikde Buhara şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçiren ylmy maslahatyna türkmen wekiliýeti tarapyndan gatnaşdyk we ylmy dokladlarymyz bilen çykyş etdik.
19-nji aprelde sagat 10-da Buhara şäheriniň Sadreddin Aýny adyndaky sazly drama teatrynda ylmy-amaly maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Bu maslahata Özbegistan Respublikasynyň Halkara medeniýet merkeziniň, “Özbegistan – Türkmenistan” dostluk jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň, Özbegistanyň Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçylary we wekillri gatanaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda Özbegistan Respublikasynyň Halkara medeniýet merkeziniň direktory, Özbegistandaky medeni hyzmatdaşlyk merkeziniň işgäri N.Muhammedow, Türkmenistanyň Özbegistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ş.Şiriýew, Buhara welaýat häkiminiň orunbasary U.Z.Şokirow giriş sözleri bilen şykyş etdiler.
Maslahatyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaşulylar maslahatynyň edrasynyň iş dolandyryjysy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary G. Myradow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy, Özbegistanyň halk ýazyjysy Muhammet Aly, TYA–nyň Milli golýazmalar institutynyň alymy M. Taganowa, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri E. Oçilow, Buhara döwlet uniwersitetiniň dosenti N. Bekowa, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri D. Ýazkuliýew, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri professor M.Joraýew, Özbegistan Respublikasynyň ýazyjysy G.M. Pizo, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri G. Kömekowa, “Buharanama” gazýetiniň baş redaktory, Buhara welaýat žurnalistler birleşmesiniň başlygy Ž.Ismoilow, Buhara döwlet uniwersitetiniň mugallymy, professor Ş. Ahmedowa, TYA-nyň Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri Ç, Kulyýew, Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýat Ýazyjylar birleşmesiniň bölüm başlygy, Özbegistandaky medeni hyzmatdaşlyk merkeziniň işgäri Taşpolat Ahmet, Buhara döwlet uniwersitetiniň dosenti L. Şaripowa, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň alymy P. Barakaýew, Garagalpagystandan ýazyjy Ýangibaý Kuçkorow, Buharadan şahyr Dilşat Rejep çykyş etdiler.
Özbek ýazijysy Muhammet Ryza Magtymguly hakynda mundan 42 ýyl öň pýesa ýazandygyny, şol pýesasyny Horezmiň döwlet drama teýatrynda şol wagt goýandyklaryny aýdyp, häzir beýik akyldar hakynda roman ýazýandygyny gürrüň berdi. Muhammet Ryza çykyşynyň soňunda özbek–türkmen dostlygy hakynda gyzykly goşgy okady. Bu goşgysynyň soňuny:
Ömür bozulmazdyr özbek–türkmen dostlugy diýip jemledi. Ýazyjynyň bu jümlesi oturanlar tarapyndan uly şowhun, el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Maslahatyň ýapylyş dabarasynda Özbegistanyň Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy O.Gurbanow çykyş etdi. O. Gurbanow Özbegistanda ýaşaýan türkmenleriň hem ata Watanymyz Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlikleri uly gyzyklanma hem kanagatlanma bilen synlaýandyklaryny gürrüň berdi. Türkmenistan hökümetiniň ýardam bermeginde Özbegistan Respublikasynda ýaşaýan türkmenleriň öz ene dilini, milli däp –däp dessuryny saklaýandyklaryny buýsanç bilen gürrüň berdi.
Maslahatyň soňunda özbek-türkmen bagşylarynyň aýdym-saz, tans çykyşlary boldy. Özbek halk bagşylary we estrada aýdymçylary Magtymguly Pyragynyň sözlerine özbek dilinde aýdymlary ýerine ýetirdiler. Özbegistan Respublikasyndaky türkmen medeniýet merkeziniň aýdymçylary Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen estarda aýdymlaryny aýtmak bilen dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdylar.
Saparyň çäginde Buhara şäheriniň gözel taryhy ýerlerine, Magtymguly Pyragynyň okan, ylym alan ýeri bolan Gögeldaş medresesine, gezen, syýahat eden ýerlerine gezelenç edip, ýakyndan tanyş bolduk. Gündogaryň beýik akyldarlarynyň, pir-welilileriniň, öwlüýäleriniň düýnän ýerlerine, aramgählerine zyýarata baryp, ruhlaryna aýat-töwirler etdik.
Buhara şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdyk. Özbek ýazyjy-şahyrlary bilen duşuşdyk, olar bilen ylym, alyp barýan işlerimiz dogrusynda pikir alyşdyk. Pyragynyň ýubileý-toý dabarasyna bagyşlanyp, türkmen-özbek alymlarynyň gatnaşmagynda we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda geçirilen bu halkara ylmy-amaly maslahat göz öňünde tutan maksadyna ýetdi diýip hasaplaýarys.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragyny dünýä wagyz etmek işi häzirem dowam edýär. Ynha öňümizdäki günlerde türkmen alymlaryndan, döredijilik işgärlerinden düzülen döwlet delegasiýasy Peterburga, Täjigistana, Saut Arabystana gidip geler. Şu ýylyň maýynda bolsa Ýewropanyň birnäçe döwletlerine Magtymgulynyň 290 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanan ylmy –amaly maslahata, dabaraly çärä baryp geler. Şu ýylyň maýynda bellenjek Magtymgulynyň şygryýet baýramçylygynda türkmen delegasiýasynyň uly topary Magtymgulynyň, onuň kakasy Döwletmämet Azadynyň aramgähine–Eýrana zyýarat ederler.
Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýini halkara derejesinde geçirmek üçin Türkmen hökümeti uly tagallalar edýär. Magtymgulynyň döredijilinie bagyşlanan kitaplar neşir edilýär. Umuman, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ady dünýä dillerinde ýaň salýar diýmäge doly esas bar. Çünki türkmeniň milli şahyry Magtymguly türkmeniň azat –erkin bolmagyny arzuwlapdy. Ynha şahyryň bu arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy türkmen akyldary hökmünde dünýäniň köp halkaryna meşhur boldy. Muňa guwanmazlyk mümkin däl.
Döwletmyrat Ýazkulyýew, Türkmenistanyň YA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri