Türkmen tahýasy barada...
09 Январь 2014 г., 16:51
Ýagny, milletimiziň kemala geliş ýollarynda döräp, şu günlere çenli özüniň asyl durkuny saklap gelýän türkmen tahýasy geýene gelşik berýär. Gyz tahýasy bilen oglanlaryň tahýasynyň nagyşlary tapawutlydyr.
Durmuşa çykan gyzyň tahýasy baldyzyna berilýär. Çeper elli ene-mamalarymyzyň bize miras goýan gyz we oglan tahýalarynyň biçilişinde-de özboluşly aýratynlyk bar. Men tikinçiligiň ylmy ugurlaryny öwrenmek bilen bir hatarda, milli mirasymyz bolan tahýanyň biçilişi-tikilişi bilen hem gyzyklanyp başladym.
Tahýa irki döwürlerde esasan gyzyl reňkli gyraw mata hem ulanylýar. Tahýa üçin emeli süýümden taýýarlanylan gyraw matany ulanmak oňaýly, onuň reňki hem solmaýar.
Tahýanyň tikilişi şeýle: ...ilki bilen tahýany biçmeli. Onuň etegi bilen depesi aýry biçilýär. Etegini biçmek üçin uzynlygy 28 santimetr, ini 8-9 santimetr mata gerek. Nagyşlary tekiz düşer ýaly aşagyna biz matadan iki gat içlik goýmaly. Etegiň depä birikdirilýän ýerinden 4 sany dan alynýar. Biz bilen ketenini bile tutup gyralary ýabşyrylýar.
Tahýanyň depesi biçilende 18-20 santimetr ululykda tegelek kesilip alynýar. Gyrasyndan 1 santimetr çemesi içine epläp owadanlamaly hem-de biz matadan iki gat içlik tutulmaly. Oglan tahýasy hem şeýleräk biçilýär-de, etegiň depä birikdirilýän ýerinden 6 dan alynýar. Şeýlelik-de, oglan tahýasy ýabaşygrak bolýar. Gyzlaryň tahýasynyň depesi tegelenip durýar.
Aslynda-da, gyz tahýanyň depesi oglanlaryňkydan ulurak alynýar. Gyradeň we owadan düşmegi üçin öňürti nagyşlaryň ýeri maşynda bölünýär. Gyz tahýasynyň depesine «Günebakar» we «Gül» nagyşlary salynýar. Onuň arasyndan inçejik kesilip gyýak geçirilýär. Tahýanyň etegine esasan «Okgözi» we «Tegbent» nagyşlary salynýar. «Okgöziniň» arasyndan hem gyýak geçirilse, owadan bolar.
Akdyr sary sapaklar bilen çekilen keşdeleriň daşy gara sapak bilen köjelip garalanýar. Şeýtseň tahýa garagözelek,owadan bolýar.
Oglan tahýasynyň depesiniň iň içki bölegi deň alty ýa-da sekiz bölege bölünip, içi «Gülýaýdy» bilen doldurylýar. Soňra ak süňşük, «Sekizkeşdäniň» ýarysy ýene-de ak süňşük salynýar. Nagyşlaryň arasyndan goşa ak gaýma geçirilýär. Etegine aşakdan ýarty «Sekizkeşde», soň «ak süňşük», bütin «sekizkeşde» we ýene-de «ak süňşük» edilýär. Bolandan soň ütükläp, depäni etege birikdirmeli. Birikdirmek üçin etegiň üstünde depäni goýup, dört ýerinden 3-4 gatlanan sapak bilen ýörmäp, çatmaly. Çatylan ýeriň üstünden pugtamanyň çigme görnüşi bilen pugtamaly. Ondan soň tahýanyň etegine jähek salmaly. Biriň barmaklaryňdan aýlanan ýüpekleri biri-biriniň içinden geçirip jähek salmaly, beýlekiň ýörmemeli. Jäheklenen tahýanyň soňky işi ýüp tutmak. Munuň üçin jäheklik ýüpekden 4-5 gatlap ýüp işilýär we ol jähegiň aşagyna tutulýar.
Tahýa tikilende keşdesiniň owadan bolmagy üçin pileden çekilen ýüpek ulanylsa hem-de ýüpegi endigan işilse, keşde ýylmanak we owadan düşer. Munuň üçin iş edeniňizde demir oýmak däl-de ýüwse ulansaňyz, tahýa salan keşdäňiz ýüpegiň öz öwüşgini bilen ýalkym saçar durar.