СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Ýigit bary ýygnanypdy (Edebiýat we sungat işgärleri barada ýatlama)
29 Декабрь 2013 г., 14:00

 

Şu ýatlamany özüm barada gysgajyk maglumat bermekden başlamakçy. Sebäbi, okyjylar ýatlamany okap, “şunça adam barada gürrüň açar ýaly, awtoryň özi kim-kä?“ diýip, böwrüni diňlemesin diýdim. “Özüni öweniň tanapy çüýrük“ diýipdirler. Men özümi öwmekçi däl, onda-da bir edarada, bir egne 42 ýyl işländigimi aýtmasam bärden gadýan ýaly bolup dur.

1962-nji ýylda Daşkendiň teatr – çeperçilik institutyny gutaryp gelip, awgust aýynyň 1-den Türkmenistanyň Medeniýet ministriliginiň (häzirki Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriligi) teatrlar bölüminde hünärmen bolup işe başladym. Soňra uly hünärmen, repertuar – redaksion kollegiýanyň agzasy, şol kollegiýanyň baş redaktory, teatrlar bölüminiň başlygynyň orunbasary, soňra başlygy wezipelerinde işledim. Biziň bölümimiz ilki sungat bölümi, soňra teatrlar we saz edaralary, iň soňunda-da teatrlar bölümi (häzir hem ol şeýle) atlandyrylýardy. Biz esasan kompozitorlar, suratkeşler, dramaturglar, şahyrlar we teatr bilen iş salyşýardyk. Edebiýat we sungat işgärleriniň agramly bölegi biziň tabşyrklarymyzy, buýurmalarymyzy ýerine ýetirýärdi. Şonuň üçin hem Medeniýet ministriliginiň iň gelim-gidimli ýeri biziň bölümimizdi.

Maňa şol 42 ýylyň içinde 10 ministr, ministriň ençeme orunbasarlary bilen işleşmek miýesýer etdi.

1954-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Medeniýet ministriligine ministr edilip, ýazyjy Gylyç Kulyýew bellenilýär. Men onuň bilen, dramaturg hökmünde soňra iş salyşsamam, ilkinji ministr hökmünde işleşmedim.

Men okuwy gutaryp gelenimde Medeniýet ministri Akmyrat Orazowdy (ol öň ministriň orunbasary ekeni). Onuň başga işe geçmegi bilen ministr edilip, “Sowet Türkmenistany“ (häzirki “Türkmenistan“) gazetiniň baş redaktory Nurjan Amanow bellenildi. Ol bir ýyla-da ýetmän başga işe geçirildi we ministr edilip atly şahyr Gara Seýitliýew tassyklanyldy. Gara Seýitliýewiň aradan çykmagy bilen, Medeniýet ministriligine Hudaýberdi Durdyýew ýolbaşçylyk etdi. Soňra Rahym Esenow, Aşyr Mämiliýew, Geldimyrat Nurmuhammedow, Soltan Pirmuhammedow, Oraz Aýdogdyýew, Gözel Nuralyýewa dagy ministr wezipesinde işlediler.

Men 2002-nji ýylda hormatly dynç alyşa çykdym, emma ýene iki ýyl ministrilikde teatrlar bölüminiň başlygy wezipesinde işläp,    2004-nji ýylda öz islegim bilen işden çykyp, häzirki işime Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň dramaturgiýa bölüminiň müdirligine (oňa il içinde edebiýat bölümi hem diýýärler) işe geçdim.

Indi bolsa, men ýatlamamyň esasy bölümine geçeýin.

1964-nji ýylda Medeniýet ministriliginiň teatrlar we saz edaralary (häzirki teatrlar) bölüminde täze döredilýän drama we saz eserlerini saýlap-seçip almak, täze buýurmalara ýol açar ýaly repertuar – redaksion kollegiýa döredildi. Ol kollegiýa esasan dramaturglar, kompozitorlar, şahyrlar, režissýorlar bilen iş salyşýardy. Atly dramaturglar, ussat kompozitorlar, aýdymçy şahyrlar bize täze-täze eserler ýazyp bererdiler. Maňa şolaryň ençemesi bilen işleşmek, tirkeşmek miýesýer etdi. Men olaryň käbirini ýatlasym gelýär.

Kompozitorlaryň arasyndan köp tirkeşenlerimiziň biri, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezowdy. Ol biziň şol kollegiýamyzda ştatdan daşary agza bolup işledi. Mundan ötri, onuň gözi görmänsoň, men ony itmeli hem bolýardym. Iş saparlarynyň birinde biz şaýat etrabynda bolduk. Daňatar aga şonda özüniň Gara Seýitliýewiň sözlerine döreden “Kyrk baharyň gülleri“ (aýdym Türkmenistanyň döredilmeginiň 40 ýyllyk toýuna sowgat edilip ýazylypdyr) hem “Kosmonawtlar uçdylar“ aýdymlaryny çeper höwesjeňlere öwredýärdi. Höwesjeňler aýdymlary uly höes bilen ýerine ýetirýärdiler. Kompozitor ýaşulymyzdan gaty hoşaldylar. Gaýtmaly pursadymyz gelende, ýüze golaý ýaş gyzlar elleri al elwan çemenli myhmanhana, bizi ugratmaga geldiler. Daňatar Öwezowy gujaklaşyp, gözüne ýaş aýlanlary hem tapyldy. Kompozitor bu ýagdaýa gaty tolgundy.

Berdişka (ol meniň adymy şeýle diýip tutýardy) ministre jaň et, men beýle eziz adamlar bilen aýrylyşyp bilemok. Kalbymda bir saz döredi. Şony şu gyzlara bagş etjek, saýatly gyzlar barada aýdym ýazjak. Gyzlar, şol aýdymyň adyna “Balsaýadyň gyzlary“ diýip at goýsak nähili bolar? – diýip, begenjinden ýaşaran gözlerini süpürişdirdi. Ine, şeýdip, sähel wagtdan “Läle kakýar Balsaýadyň gyzlary, haly dokaýar gül Saýadyň gyzlary“ diýen gaýtalamaly aýdym döredi. Aýdymyň goşgusyny telefon arkaly (bogun sanyny we manysyny salgy berip) bir gijäň içinde şahyr Gara Seýitliýewe ýazdyrdy. Şahyr, öz dosty Daňatar Öwezowa gaty düşgür bolansoň, ajaýyp aýdym setirlerini döretdi. “Balsaýadyň gyzlary“ öz döwründe uly meşhurlyk gazandy we bu iki ägirdiň öň döreden onlarça aýdymlarynyň üstüni ýetirdi.

Daňatar Öwezow ajaýyp adamdy. Pes göwünli, şahandaz, ynsanperwer, bir sözli ynsandy.

Bir gezek, täze aýdymlar diňlenenden soň, biz olara baha kesmeli bolanymyzda, Daňatar aga baş redaktorymyz Aşyr Mämiliýewe uly towakga bilen ýüz tutdy:

- Şu aýdymlaryň kemi ýok, jüpüne düşen eserler. Kesilen bahalaryna barysy mynasyp. Ýöne şu aýdymyň bahasyny azajyk galdyrmaly. Awtory ýaşam bolsa, gaty zehinli ýigit ekeni. Ol uly kompozitor bolup ýetişer. Men ol ýigidi gowy tanamok, ýöne zehinine weli, göwnüm ýetýär. Puluňyz az bolsa, maňa aýdymym üçin tölejek galamhakyňdan kem weli, şu aýdymyň awtoryna beriljek hak-heşdegi köpeldeli. Aýdym diýseň ajaýyp – diýdi.

Soň seredip otursak, ol eser ýaňy saz ýazyp başlan, soňra adygan kompozitor Orazgylyç Gurbannyýazowyňky bolup çykdy. “Ýazlarym bar“, “Enem sen“ ýaly onlarça süýji aýdymlaryň, göçgünli marşlaryň eýesi bolan Orazgylyç Gurbannyýazow hakynda Daňatar aga alada edipdi, onuň aýagynyň saz äleminde ýer tutmagyna golutgy beripdi.

“Şasenem-Garyp“ operasyndaky Ilmyradyň aýdym “Palawa gel“ ady bilen adygypdy, köpleriň söýgüli aýdymyna öwrülipdi. Daňatar Öwezow bolsa, “çynymy aýtsam, şol aýdyma meňki diýmäge ynsabym çatanok. Ol, näbelli bolup galan bir kijijek oglanjygyňky diýseňem bolýar. Maňa “Palawa gel, palawa gel“ diýen gaýtalamany şol salgy berdi“ diýerdi.

Daňatar Öwezow “Palawa geliň“ heňini tapyp, bir zadyň ýetmeýändigini aňýar. Emma näme ýetenok, şony weli bilenok. Ýadap daş çykanda, suw akýan grandyň ýanyna, susap gelen bir çaga gözi düşýär. Çaga, “biri göräýmesin, kowaýmasyn“ diýip, heder edip suwa tarap gelýär-de, yzyndaky ýoldaşlaryna elini bulap: “Gel, gel, suwa gel“ diýip ümleýär. Şol “Gel, geleý“ ýetmeýän zat ekeni. “Gel, gel, palawa gel“ diýip, begenjine oglanjyga minnetdarlyk bildirjek bolup, oňa tarap ugran kompozitor, ýaş “awtory“ ürküzýär. Oglanjyk gaçyp gidýär. Şeýdibem, Daňatar Öwezow ol ýaş oglanjygyň adyny bilmän galýar.

Howwa, “Palawa gel“, “Hallygözel“, “Joş kanalym“, “Leýla“, “Keýpim kök“, “Täzegül“, “Güp-güpüň paň-paňy“, “Ýadyňda dälmi?“, “Istäp gözel ýary“ ýaly ajaýyp aýdymlaryň, oratoriýadyr kantatalaryň, tanslardyr marşlaryň, “Şasenem-Garyp“, “Leýli-Mežnun“, “Aýna“ operalarynyň milli saz sungaymyzyň altyn fonduna giren eserleriň awtory Daňatar Öwezow şeýle adamdy.

1964-nji ýylda açylan repertuar – redaksion kollegiýada ştatdan daşary agza bolup işlänleriň birem ýazyjy Taňryguly Taganowdy. Ol ençeme proza eserleriniň awtory hökmünde tanalýanam bolsa, dramaturgiýada ýaňy adygyp başlandy. T.Taganowyň nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragy hem Mollanepes hakynda ýazan “kökenli ýüzük“ hem “Yşyk mülküniň şasy“ atly pýessalaryny Marynyň Kemine adyndaky drama teatry şowly goýupdy. Dramaturgiýanyň adyny-tabyny alan ýazyjy soň-soňlar “Gekgewler“, “Satlyk“, “Dört ýürek“ ýaly pýessalary we şahyr Gara Seýitliýew bilen bilelikde “Gowgaly gije“ operasynyň (sazy Aman Agajanowyňky) librettosyny hem ýazdy.

T.Taganow hemişe ruçka bilen däl-de, galam bilen ýazardy. Özem onuň üçin töwereginde adamlar üýşüp otursa-da, goh-galmagal bolsa-da parhy ýokdy, ýazar oturardy. Işine jürdi. Okamaly eserleri günübirin okardy, teatrlaryň oýunlaryny görmäge höwesekdi.

Repertuar – redaksion kollegiýada Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Aman Agajykow hem işledi. “Sona“, “Gowgaly gije“, “Saýatly Hemra“ ýaly operalary, ençeme ajaýyp aýdymlary, birnäçe romanslary döreden kompozitor saz ýazýan adamlar bilen ümmülleşse-de, işe gezek galanda örän talapkärdi. Işsiz oturmany halamazdy, özem eden işini birkemsiz ederdi, golýazmalaryny arassaja edip göçürip goýmany halardy. Degişmänem erbet görmezdi. Şähti açyk wagty: “Şu howada näme edilse gowy bolar?“ diýip, degişerdi. Şolar ýaly pursatlaryň birinde men oňa: “Sen-ä aýdym ýaz, menem bir aktlyja pýessa ýazjak bolaýyn. Howa, tüýs döredijilik işi bilen meşgullanaýmaly howa“ diýip onuň kakdyryp aýdýan gürrüňine dünmediksirän boldum. Ol hezil edip güldi-de: “Onda ilki bir garny doýuraly, aç bolsaň işem başardanok“ diýip, elini naharhana tarap salgady.

Tomus aýlary aman Agajykow Moskwanyň eteginde “Ruza“ diýen ýerde dynç alardy. Dogrusy, yssydan gaçyp, şol ýere döredijilik bilen meşgullanmaga giderdi. Uly göwrümli eserleriniň köpüsini ussat kompozitor şol ýerde ýazýardy.

Bir gezek, tans goýujy Kerim Nyýazow: “Aman dostumyz gelipdir, ýör onuň bilen salamlaşyp geleli“ diýip, meni Amanlara alyp bardy. Aman bir kiçiräk kruşka üç sany ýumurtga salyp, gaýnatmaga durdy. Kerim degişip: “Üç ýumurga kim ýok boljak?“ diýende, kompozitor dostumyz: “Siz salama geldiňizmi, ýa ýumurtga iýmäge?“ diýip, bizi gülüşdirdi.

Men iýmek-içmek hakda köpürägem agzadym weli, Aman Agajykow işe gezek gelende, iýmän-içmäni unudýardy. Işini birýan ýüzli etmän çykmazdy. Ol şahyrlaram gününe goýmazdy, işlederdi. Şeýdibem gulaga ýakymly ajaýyp aýdymlary, ýürek gopduryjy romanslary dünýä inderdi. Onuň operalaram milliligi bilen tapawutlanýardy.

Repertuar-redaksion kollegiýada esli wagt işlänleriň birem, dramaturg hem terjimeçi, soňky döwürde proza eserlerini ýazmaga ürç eden, ikinji jahan urşuna gatnaşan ýaşulymyz Taňryberdi Hojakgaýewdi.

Taňryberdi aga ur döwür ençeme eserleri terjime eden ekeni. Biz bilen işlän döwründe esasan drama eserlerini ýazdy. Onuň “Atdaşlar“, “Kime pul gerek?“ ýaly bir perdeli pýessalary çeper höwesjeňler toparlarynyň repertuaryny bezese, “It gyrkýan hojaýyn“, “Direktor sud öňünde“, “Dawa gök eşekden başlandy“ ýaly uly göwrümli eserleri teatrlarymyzyň sahnalarynda goýuldy.

Taňryberdi Hojakgaýew kän gürlemegi halamaýan, böwrüni diňlemegi unaýan, ýedi ölçäp, bir kesmegi däp edinen juda parasatly adamdy.

Maňa Taňryberdi aga bilen birnäçe bäsleşiklerde, festiwallarda eminlik etmek miýesser etdi. Şol ýaryşlaryň birinde, arakesme wagty ol meni bir gyra çekdi-de:

- Meniň senlik bir işim bar, eger oňlasaň, häzir aýtjak – diýdi.

Ýaşula “ýok“ diýip bolýarmy: “Aýdyberiň“ diýdim weli, ol sözümi uzaltdyrman:

- Inim üçin gyzyň Gözeli dilejek – diýdi. Garaşylmadyk söz meni aljyratdy. Näme jogap berjegimi bilmedim. Esli wagtdan soňam:

- Teatrda söz aýdylýanyna birinji gezek gabat gelýän – diýdim. Ol loh-loh edip, halys ýürekden güldi. Menem güldim. Ine, şeýdibem, biz guda bolduk. Öňden halaşyp ýören ýaşlar goş birikdirdiler. Häzir olaryň ýetişen ogul – gyzlary bar. Taňryberdi aga bolsa, soň-soňlaram ol wakany ýatlap, güler ýörerdi.

Repertuar saýlap – seçip alýan bu kollegiýada şahyr Italmaz Nuryýewem işledi. Italmaz zehinlidi, akyly durydy. Degişmänem gowy görerdi, özüne degseňem çydardy. Ol bir gürrüňinde: “Okuw jaýyna giriş ekzamenlerini tomus aýlary almaly diýip tapan adam gaty akylly eken. Ekzamen bermek üçin gelýän myhmanlardan öýümiz doly. Eýwanda ýaştýanlaram bar. Şol çäre gyş geçirilýän bolsa, biz näderdik? Olaň haýsy birine ýyljak ýer tapardyk? Gelene “ýok“ diýseňem, garyndaşyň öýkelejek“ diýip, hezil edip güldi.

Dogrydanam şeýledi. Italmazlaryň myhmany ýetikdi. Göwniaçyk bolansoň, gelene güler ýüz berensoň, çalarak tanaýanam, “Italmaz kaka“ diýip, şolara barardy.

Bir gezek ol bize myhmançylyga geldi. Telefonda kod bilen gürleşmäniň ýaňy çykan wagtydy. Men 8-ligi towlap, Mary bilen gepleşdim. Italmaz şol usuly bilmeýän ekeni.

- Nädip, oturan ýeriňden Maryny aňsatja aldyň? – diýdi. Menem:

- Ol aňsat, häzir öwredäýerin – diýdim.

Italmaz bada höwesek bolsa-da, birden:

- Ýok, gerek däl. Bizde üýşüp ýatan akyl barmy näme?! Keýpimiň kök güni äleme jaň edip, aýlygymy telefona geçirmeli bolaryn – diýip, hezil edip güldi.

Günleriň birinde Italmaz Nuryýew bilen Marydan toýdan gaýtdyk. Uçarymyz ýoly ortalaberende, uçarmanlaryň biri ýanymyzdan geçdi. Men ony sakladym-da:

- Şu oturan ýigit, türkmeniň uly şahyry. Özem, uçarmanlar hakda poema ýazjak bolýar. Emma uçaryň kabinasynam görmändir – diýdim. Uçarman:

- Ony häzir görkezäýeris – diýip, Italmazy alyp gitdi. Italmaz ol ýere baransoň, olaryň üstüni soragdan gömüpdir. Özem uçarmanlaryň biriniň ýerinde oturypdyr.

- bu näme?

- şuny itekleseň, uçar saga tarap gyşarýar. Muny itekleseň – çepe.

- bu näme?

- muny çekseň, uçar ýokary galýar. Itseň weli, ine şeýdip aşak gaýdýar.

Garaz esli wagtlap Italmaz okuw geçdi. Bizem çaýkanyp bildik. Ahyry Italmaz:

- Bu çara näme üçin ýanyp-sönüp dur, diýende uçarman:

- Bu telefonymyz – diýipdir.

- Onda Medeniýet ministriliginiň repertuar bölümine jaň edeli-le. Men olara samolýot sürýänimi bir aýdaýyn – diýnde, komandir:

- Gel, şu söwdany goýaly. Bize mundan artyk azar berme. Poemanam soň ýazar ýörersiň-dä – diýipdir.

Italmaz Nuryýewiň zehini daş ýarardy. Ol kompozitorlar Çary Nurymow, Durdy Nuryýew, Rejep Allaýarow, Rejep Gutlyýew, Suhan Tüýliýew dagy bilen dostdy. Olar üçin aýdymlaryň sözlerini ýazdyrdy. Döredilen ajaýyp aýdymlar halkymyzyň söýgüli aýdymlaryna öwrüldi.

Italmaz Nuryýew “Gelinlik“ diýip bir sazly dramaň librettosyny hem ýazdy. Onuň sazyny Çary Nurymow bilen Durdy Nuryýew ýazypdy. Eser Lebap teatrynyň sahnasynda goýuldy. “Gelinlik“ şu günki gün hem özüniň döwrebaplygyny ýitirenok.

Medeniýet ministriliginiň bu kollegiýasynda diňe bir dramaturglar, kompozitorlar, şahyralar işlemedi. Onda ady ülkämizde giňden tanalýan edebiýat tankytçylary, režissýorlaram, teatry öwrenijiler hem işlediler. Şolaryň birem ýiti zehinli, dogruçyl, jepakeş edebiýat tankytçysy Saýlaw Myradowdy.

Saýlowyň milli edebiýatymyz barada ýazýan makalalary häli-şindi çap edilýärdi. Onuň Magtymguly, Zelili hakda ýazan kitapçalaryny höwes bilen okaýardyk. “Asyrlaryň jümmüşinde“ diýen eseri hasam täsinde.

Saýlaw ençeme drama eserlerini hem ýazypdy. “Sülçiniň sowallary“, “Tylla, tylla, tylla“ ýaly pýessalary, Magtymguly barada ýazan dramasy we başgalar Myradowyň dramaturgiýa žanrynda hem täsirli eserler döredip biljekdigini görkezýärdi. Biz oňa uly ynam baglaýardyk.

Saýlaw biriniň adyny tapmasa ýa-da degişip, erkek adamlara “Wolodýa“, zenanlara “Tanoçka“ diýip ýüzlenerdi. “Näme üçin oňa wolodýa diýýäň?“ diýseň, “Leniniňem ady Wolodýa ekeni. Lenin bilen atdaş bolup bilse, onuň armany näme?“ – diýip, gülerdi. Bir gezek Saýlaw, ussat şahyr Mämmet Seýitden:

- Şu wyždan diýmek näme, şahyr aga – diýip sorapdyr. Mämmet aga:

- Şol sende ýok zat, diýip, bälçirapdir.

- Onda şol diýýänimiz pul bolmaly – diýip, Saýlaw ýüzugra süňşürypdyr.

Maňa ur döwür Saýlaw Myradow bilen bir jaýda ýaşamak miýesser etdi. Goňşy bolamyzdan soň, birek-birek bilen häli-şindi duşuşardyk. Onuň Merdan, Hydyr, Ylýas diýen ogullary, Gülşirin (özi pahyr oňa Gülüş diýerdi) diýen gyzy meniň çagajyklarym bilen bileje oýnardylar. Saýlaw ikimiz bir ýerden baramyzda ol çagalarynyň başyny sypardy-da:

- Biziň ykmanda keýwanymyz Abadanam şu gün öýde ekeni, bileje çaýlaşaýaly diýerdi. Özem halys ýüreginden diýerdi. Saýlawda ikilik bolmazdy, her bir zada ýüregi bilen ýapyşyp, baha keserdi. Saýlaw adamkärçilik babatynda saýlanan ýigitleriň biridi.

Biziň bilen Alty Akmämmedow diýen bir sypaýydan belent ýigitleriň birem işledi. Ol kinoçylar bilenem ysnyşykly işläpdi. Ençeme filmlerde onuň ýazan goşgularyna aýdylýan aýdymlar häli-şindi radio arkaly häzir hem ýaňlanýar. Alty Akmämmedowyň “Şanama“ eseri boýunça döredilen filmi goşgy bilen türkmen diline geçir işi jüpüne düşen işdi. Her gezek şol esere tomaşa edemde, Alty neressäni ýatlaýan. Ol keselbendiräkdi, onuň ýyldyzy juda ir öçdi. Gysga ömründe Alty “Arhitektor“, “Bahargül“ ýaly pýessalary döretmäge, ençeme ajaýyp aýdymlar ýazmaga ýetişdi. Ömür tanapy wagtyndan ir kesilmände biziň Altymyz köp işler bitirip biljekdi.

Professor kompozitorymyz, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Allaýarow bilen ilkinji gezek duşuşamda, onuň ylymly-bilimlidigi meni aňk etdi. Men Garajaoglan barada ilki şondan eşitdim. Ol Garajaoglanyň ençeme goşgusyna saz ýazan ekeni. Ýeke bir oalm däl, ady entäk ile ýaýramadyk nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine belet ekeni. Ýeke bir öz edebiýatymyz däl, dünýä edebiýatynyň läheňleriniň eserlerini ürç edip okan, halk döredijiligi bilen juda içgin gyzyklanan kompozitor hindi halkynyň “Mahapharatasyna“ beletdi, Rabindrant Tagoryň eserlerini söýerdi. Ol folklýory gowy görerdi we öwrenýärdi. Rejebiň “Köne galanyň ýaňy“ atly eseri, şonda dowul saz guraly üçin ýazan howsalaly sazy köp sahna eserinde ulanylyp, onuň çeperçiligine goşant goşupdy. Ol Nazar Gullaýew, Bredimuhammet Gulow bilen has içgin gatnaşardy. Olardan edebiýaty, halk döredijiligini öwrenmegi kiçilik bilmeýärdi.

Rejep Allaýarow saz ugrunda gaty ýitidi. “Sazyň matimatigi“ diýip, Italmaz Nuryýew mydama degişerdi.

Rejep ençeme şägirt ýetişdirdi. Häzirem milli konserwatoriýamyzda ýaşlara halypaçylyk etmegini dowam edýär. Ussat kompozitoryň Atajan Taganowyň sözlerine ýazan “Ertir seniň toý günüň“ atly aýdymy ýaş kompozitorlara nusga alarlyk eserleriniň biridir. Ala-böle şol aýdymy bellemegimiň sebäbi, bu aýdymda söýgüsi paşmadyk ýigidiň ýürek nalasy bagryňy dilýär. Kompozitor şahyryň duýgusynyň üstüni saz bilen ýetirmegi başarýar. Beýle aýdymlar setanda-seýranda döreýär. Sözüň gutaran ýerinde sazyň başlanýandygyna anyk mysal bolup biljek şeýle eserler jana lezzet berip, ruhuňa ruh goşýar.

Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdyllaýew esasan režissýorlar bilen işleşerdi, halk teatrlarynyň ýolbaşçylaryna repertuar saýlap almakda degerli maslahatlar bererdi. Halk döredijiligi bilen içgin gyzyklanansoň, folkýor toparlaryny döretmekde uly maslahatçydy. Çagalary söýerdi, olar üçin ýöriteläp eser döretmegiň tarapdarydy. Gurbannazar Ezizowyň “Nesiller poemasyny“ sahnada şowly goýmagy oňa hormat, sylag getiripdi, ony adygdyrypdy.

Men Baýram bilen orta mekdepde-de, institutda-da bile okadym. Biz häzirem ýakyn gatnaşykda. Käte geçen günleri, tirkeşen ýigitlerimizi, talyplyk ýyllarymyzyň gaýtalanmajak wakalaryny ýatlaýarys.

Ine olaryň biri.

Baýram köriçege bolup, keselhana düşdi. 1950-nji ýyllaryň ahyrlarydy, gaty dokluk däldi. Ýurt uruşdan soň, gaty bir aýnalyp bilmändi. Talyplar, onda-da ata Watanyňdan uzakda okaýanlar horluk çekýärdiler. Bizem şolardandyk. Baýramyň yzyndan keselhana elter ýaly zadymyz ýokdy. Özümiz günümizi zordan görerdik. Näme etmeli? Ýoldaşymyzdan habar tutmasak bolmaz ahyry! Uzak gije oturyp maslahat etdik.

Ertesi ir bilen Taňryguly Seýitgulyýew (“Ýuwaş gelin“, “Ýanaýan furgonyň ýoly“ ýaly filmlerde surata düşen artist), Alty Garlyýew (Türkmen telewideniýesinda uzak ýyllyyň dowamynda režissýor bolup işledi), Kakajan Ataýew (Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda işläpdi) dagymyz Baýramy tanaýan, Daşkentli (başga ýerden gelen bolmaly däl, şäherde ýaşap ýören oturymly) oglanlara operassiýa edilendigini, ýörite aýlanyp habar berip çykdyk. Özem, kimiň ýanyna barsak, “Seni göresim gelýär“ diýip, ýatyr. “Kyn görmeseň baryp gaýdaý, göwni biter“ diýerdik. Olam: “Näme iýýän-içýän zad bar?“ diýip, soranda: “Hemme zadam iýýär, zat dannanok“ diýip onuň ýüküni ýeňlederdik.  

Şol günden başlap, biz, her gün agşamara keselhanadan habar tutup ugradyk. Elimizde-de bir uly gapma bilen syrçaly bedrämiz (ony komendantymyzdan wagtlaýynça diýip, diläp alypdyk) bardy. Baýramyň yzyndan baran Daşkentli oglanlaryň goýurak naharyny gapma, suwuragyny bedrä guýup alyp gaýdardyk. Baýramyň özüne bolsa:

- “Sen bir operassiýa düşen adam, saňa kän iýmek bolanok“ diýip, sähelçe zat goýardyk. Biziň bu “Işimiz ugruna boldy. Baýramyň yzyndan barýanlaryň sany artyp başlady (sebäbi biz dek oturamyzokdyk, Baýramyň “agyrrak“ ýatanyny ile ýaýardyk). Baýramam gowlaşyp başlasa başlandyr weli, biziňem ýüzümiz tämizleşdi. Biz barmaly ýerine baryp, görmeli adamlary görüp, jaýymyzyň sowukdygyndan, çyglygyndan zeýranip, Baýram doly gutulman öýe dolansa, gaýraüzüljekdigini düşündirýärdik. Özümiz bolsa, diňe bir Baýramyň ýatan jaýyndaky däl, goňşy otaglarda bejerilýän nähoşlaryňam, yzyndan eltirlen, iýilmedik zatlaryny, boşan gatykdyr, limonad çüýşelerini hem alyp gaýdardyk. Ahyry, “rysgyndan“ kesilen jaý tämizleýjileriň arz etmegi bilen, on dör gün diýlende Baýramy keselhanadan “kowup“ çykardylar. Ýaňja bir ýüzümiz tämizlenip barýarka, bizem eklençden galdyk.

Türkmen milli medeniýetimize uly goşant goşan, mugallymçylyk edip ençeme artsit ýetişdiren, onlarça şowly oýunlar goýan, sport desgalarynda, meýdançalarda uly toýlary geçiren režissýor Baýram Seýdyllaýewiň durmuşynda şeýleräk bir wakada bolupdy.

Repertuar kollegiýamyz diňe bir döwlet teatrlary üçin eser alman, çeper höwesjeňler üçinem stsenariler, çeper okaýyşlar, degişme sahnalaryny, monologlary, aýdymlary, tanslary satyn alýardy.

Taňryberdi Artykow stsenarileri saýlap-seçse, kompozitorlar Atda Çaryýew, Rejep Gutlyýew, Aşyr Kulyýew hormeýster Hoja Çaryýew dagy saz eserleri boýunça maslahat bererdiler. Olaryň özlerem täze eserler dörederdiler.

“Abadan“ operasy bilen adygan Aşyr Kuliýew “Gumdan tapylan ýürek“ baletini, Atda Çaryýew “Bahargül“ sazly komediýasyny, “Böwenjik operasyny ýazdy. Taňryberdi bolsa şanly senelere bagyşlanan stsenarileri, agitbrigadalar üçin eserler döredipdi, degişmeler ýazypdy. Rejep Gutlyýewiň “Ene elleri“, “Oba gyzlary“ aýdymlary şu günem aýdymçylarymyzyň repertuaryny bezeýär.

Teatr tankytçysy Amangeldi Annaýew teatrlaryň oýunlaryna synlar ýazyp, olara degerli maslahatlar bermäge ussatdy. Ol Baýram Seýdyllaýew bilen bilelikde “Uly oglum“, “Iki anekdot“ ýaly pýessalary türkmen diline terjime edipdi. Olar Hajy Ysmaýylowyň eserleri boýunça “Bäsdeşler“ atly drama eserini döredip, şol wagtky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň tomaşaçylaryny begendirdiler.

Repertuar kollegiýa ýiti zehinli şahyrlarymyz Annaberdi Agabaýew, Ýylgaý Durdyýew dagy ýolbaşçylyk hem edipdiler.

Annaberdiň “Bir görülen tanyş“, “Şazadalaryň aýdymy“ ýaly drama eserleri, Ýylgaý Durdyýewiň “Däli gyz“ komediýasy şol ýerde döräpdi. Olar ýaş awtorlara drama eserlerini döretmekde, çeper okaýjylar üçin goşgy ýazmakda ýol görkezýärdiler.

Kollegiýanyň düzüminde teatr sungatyny öwreniji, soňra köp ýyllaryň dowamynda teatrlarymyza ýolbaşçylyk eden Serdar Nepesow, köp ýyllap türkmen telewideniýesinde işläp, häzir Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda edebiýat bölüminiň müdiri bolup, repertuar üçin eser saýlamagyny dowam etdirýän Rejep Gölliýew hem esli işlediler.

Repertuar – redaksion kollegiýamyzda uzak wagt zähmet çeken kompozitor Akmyrat Tagyýewiň beren gürrüňi ýadyma düşýär.

Döredijilik adamlary öz obalaryndan, etraplaryndan, welaýatlaryndan çykan ýazyjy şahyrlary sanap başlapdyrlar. Her biri 10-12 adamyň adyny tutupdyr. Akmyrat bolsa, ýylgyryp oturanmyş. Biri: “Sen näme dymyp otyrsyň? Garrygaladanam döredijilik adamlary çykandyrlar-a?“ diýipdir. Şonda ol: “Aý, howwa, bar öz-ä. Ýöne bary-ýogy üç sanyjak. Azady diýmeseň, Magtymguly diýmeseň, Zelili diýmeseň, başga bir göze dürtülip duranam ýok“ diýipdir.

Men sözüniň soňunda köp ýyl bile südenekleşen dostum, işeňňir kompozitor, örän ylymly, giň dünýägaraýyşly, ençeme ajaýyp eserler döreden repertuarçy, Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýragynyň eýesi, zehinli kompozitor Daňatar Hydyrowyň adyny tutasym gelýär.

Ol ýaňy işe gelende, kellesi tahýalyja ýaşajyk oglanjykdy. Emma eýýäm ençeme saz eserleriniň awtorydyr.

Daňatar Hydyrow, kompozitor birleşmesinde, saz edaralarymyzda ýolbaşçy wezipelerde işledi. Ençeme filmlere, spektakllara saz ýazdy. Häzirem şol işini dowam edýär. Daňataryň ajaýyp aýdymlary bagşylarymyzyň dilinden düşenok. Onuň Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döreden “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok“, “Ýaýla hüwdüsi“ diýen diňe ikije aýdymam kompozitoryň adyny bezäp biler. Olar ýaly aýdymlar bolsa, Daňatarda näçe diýseň bar.

“Gyratym“, “Döwletli döwran geldi“, “Ýollaryň aýdyň“, “Akja bulutlar“ aýdymçylaryň söýgüli aýdymlaryna öwrülişleri ýaly, diňleýjileriňem göwnünden turdy.

Diýarymyzda geçirilýän döwlet ähmiýetli çärelerde, daşary ýurtlarda edilýän çykyşlarda, bäsleşiklerde, festiwallarda Daňatar Hydyrowyň eserleri çalynýar, aýdylýar. Ol şu günler uly hyjuw bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýuna bagyşlap, Galkynyş döwrüniň gahrymanlarynyň üstünliklerini wasp edýän täze-täze eserleriň üstünde işleýär. Ençeme halypalardan tälim alan zähmetsöýer kompozitorlarymzyň özi indi halypaçylyk edýär. Ýaş hyjuwlara ruhy baýlyk paýlaýar. Onuň ýene-de onlarça ajaýyp eserler döretmede, şägirtler ýetişdirmede geçen ýoly, çeken zähmeti uly golutgy bolar.