Şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiz
27 Декабрь 2013 г., 11:06
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtyň içinde goňşy ýurtlar we dünýäniň ösen döwletleri bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýup, parahatçylyk we ynsanperwerlik çäreleriniň ençemesini amala aşyrmak arkaly, Türkmenistany dünýä tanatdy. Ol döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap yurt ähmiýetli, il bähbitli her bir täzeligiň başyny başlaýjy boldy we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak bilen halkyň ynamyny gazanmagy başardy. Muňa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, milli medeniýetimizi täzeden dikeltmekdäki hem-de beýleki birnäçe ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän işler mysal bolup biler.
Bu aýdylanlar biziň milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we terbiýelemek baradaky alnyp barylýan işlere-de degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öňki aýlawyň durky täzelenip, Aşgabadyň gözel künjegi bolan Köpetdagyň eteginden täze Ahalteke atçylyk toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle toplumlaryň ähli welaýatlarda-da döretmägi, paýtagtymyzdaky sirkiň binasynyň durkuny täzeläp, döwrebaplaşdyryp, at üstünde oýnaýan artistlerimiziň çykyşlarynyň täzeden dikeltmegi il bähbidinden ugur alýan çärelerdir. Häzir türkmen atly jigitleri at üstünde dürli oýunlary çalasynlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly öz tomaşaçylaryny haýrana goýýarlar. Olar eýýäm daşary ýurtlaryňam birnäçesinde bolmak bilen, öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beýikdir. „Asman aty“ hasaplanan ahal-teke bedewleriniň şan-şöhraty bilen baglanyşykly wakalar ХХ asyrda hem bolup geçýär. Şolaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat – Moskwa atly ýörişidir. Olar 2500 mil aralygy 84 günde geçip, ýyndamlygyň we çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şonuň 225 mil aralygyny Garagumuň suwsuz çöllüginden 3 günde geçmegi başarypdyrlar.
Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä derejesinde hem örän ýokarda durýar. Taryhy maglumatlara görä, Aleksandr Makedonskiý, Iwan Groznyý dagy hem ahalteke bedewini münüpdir. 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda marşal Žukow hem ahalteke bedewinde Ýeňiş paradyny kabul edipdi.
Ahalteke bedewleriniň taryhy öz gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň: „Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şohratymyz” atly kitabynda :“Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar“ diýip belleýär.
Ahalteke bedewleri has irki ýyllardan başlap, türkmen edebiýatynda hem giňden wasp edilipdir. Ahalteke bedewleri „Gorkut ata“, „Görogly“ şadessanlarynda, nusgawy şahyrlardan Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mollanepesiň we Mätäjiniň goşgularynda giňden wasp edilipdir. Mysal üçin, Magtymguly Pyragy özüniň „Aty gerek“ atly goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirmeýär.
At gazanar goç ýigidiň
Owal bedew aty gerek,
Gelene garşy çykmaga,
Ýagşy muhabbeti gerek
diýip görkezýär.
Seýdi şahyr özüniň „Üsti bedewiň“ goşgusynda bedew aty hemmetaraplaýyn taryp edýär. Ol ata gowy seredip, onuň eýer-esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, onuň üstüniň Süleýmanyň tagtyndan kem däldigini şu aşakdaky ýaly taryp edýär:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty – Süleýmandyr üsti bedewiň,
Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň
diýip taryplaýar. Ol bedew atyň belli bahasynyň ýokdugyny, oňa näçe berip alsaňam ýene az boljakdygyny:
Bedew münen deh diýp, girer oýuna,
Ony gören gözler ajap söýüne,
Berip alsaň ýüz müň düýä, goýuna,
Şonda-da arzandyr üsti bedewiň
diýip suratlandyrýar.
Magrupy şahyr özüniň „Ýigide gaýratdyr bedew“ diýen goşgusynda bedew aty örän ussatlyk bilen taryp edýär. „Hanlar saňa ýüz müň tümen berselerem, sen ony satyp bilmersiň“ diýip taryp edýär. Oňa kümüşden nal kakdyryp, iýmitini dürli iýmiden edip seretseň, onuň ýüwrükliginiň ýelden, guşdan kem däldigini:
Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden.
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew
diýip çeper suratlandyrýar. „Bedewe gowy seretseň, bakyp-bejerseň, ol saňa zürýadyň ýaly hem syrdaş, hem ýoldaş bolar“ diýip, tarypyny ýetirýär.
Mollanepes özüniň „Bedew“ goşgusynda :
Käkilik deý ýorgalap, boz balaman deý bakyşyň,
Mislini destan edeý, misli jeren deý böküşiň,
Ýola düşseň, ýorgalaýşyň – käkilik deý sekişiň,
Ýoldaşa haýbat urar, üýşülse bedew – diýen setirlerinde bedew atyň
hereketlerini, çalasynlygyny käkilige, boz balamana meňzetse, onuň oýnap böküşini, çarpaýa galşyny keýige meňzedýär. Mollanepes şahyr hem bedew atyň eýer-esbabyny simu-zerden, altyn-kümüşden edip, bezäp-beslemegi maslahat berýär. Şu meselede Mätäji şahyr has hem öňe saýlanýar. Ol bedewiň daş sypatyny şeýle taryp edýär:
Men şu gün waspyňny aýdaý turpa nyşanly bedew,
Zinkesi zerbapdan olgan, gyrmyzy jully bedew,
Segredip meýdana çyksa, üsti şemally bedew,
Şalara tarypy ýetgen, şahymar dilli bedew,
Bili syk, boýy deraz, sagrysy meýdanly bedew.
Goşgy sertirlerinden görnüşi ýaly, şahyr dal bedewi taryp etmek üçin meňzetmeleri, deňeşdirmeleri örän ýerlikli ulanmagy başarýar. Ol bu goşguda bedewiň salykatly duruşyny gyza, çalasyn turşuny towşana meňzedýär. Goşgy ahyryna çenli şu hörpde gidýär.
„Görogly“ şadessanynda bedew at admalaşdyrylýar, ýagny oňa adam häsiýetleri berilýär. Heniz taý wagtyndan Gyratyna Göroglynyň ünsi gidýär. Onuň özüne kybapdaş bedew at bolup ýetişmegi barada arzuw edýär. Birkemsiz bejerip-besleýär, terbiýeleýär. Onuň yhlsasy ýerine düşýär. Gyrat garaşylyşyndanam gowy at bolup ýetişýär. Agyr söweşlere Görogly bilen bile gatnaşýar.Agzyny hatap ýaly açyp, duşman üstüne topulmak bilen, Göroglynyň ýeňişlerine öz hemaýatyny ýetirýär. Kynçylykly ýagdaýlarda-da Göroglyny agyr howplardan halas edýär. Ol çykgynsyz ýagdaýa düşende, Gyratdan hemaýat isleýär. Gyrat onuň dadayna ýetişýärem. Şum kempir Gyraty ogurlap, ony syrdaşyndan jyda düşürýär. Ol aýralyk gerçek Göragla doganyndan aýrylan ýaly agyr düşýär we Gyrat bilen geçilen gahrymançylykly ýollary ýatlap, şeýle diýýär:
Dez berende, Aral çaýdan geçerdiň,
Köşk-galalaň üstaşyry uçardyň,
Jeňde aždarha deý agzyň açardyň,
Islegenim, soraganym, Gyratym! – diýip ýatlaýar. Ýöne Görogly ruhdan düşmeýär. Ol ahyry Gyratyna gowuşjakdygyna berk ynanýar. Bu pursat şeýle wasp edilýär:
Bir şum kempir baryp seniň kastyňa,
Jebr eýledi seň Görogly dostuňa,
Armanym ýok ýene münsem üstüňe,
Isledigim, soradygym, Gyratym! – diýen setirlerinde Gyraty özüniň dosty hasaplaýar.
Meşhur halk aýdymyna öwrülen „Gyrat, meni Çandybile sen ýetir“ goşgusynda hem Gyrat hemmetaraplaýyn taryp edilýär. Bu goşgy Görogly agyr ýaraly bolup, ejir çeken wagty aýdylan setirlerdir. Görogly beg bu kynçylykly pursatda hem öz derdini Gyrat bilen paýlaşmak bilen şeýle ýüzlenýär:
Çandybile az galypdyr aramyz,
Hakyň takdyryna nädir çärämiz,
On sekiz ýermizden düşdi ýaramyz,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir! – diýip, ondan haraý isleýär.
„Gorkut ata“ şadessanynyň „Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek“ boýunda Birek öz aty bilen gürleşýär. Ony taryp edýär. At bilen düşünişýär. Ol atyna şeýle ýüzlenýär:
Äri myrada ýetirer seniň arkajygyň,
At diýmezden saňa, gardaş diýerem,
Gardaşymdan ýeg,
Başyma iş geldi, ýoldaş diýerem,
Ýoldaşymdan ýeg – diýip görkezýär.
ХХ asyr türkmen edebiýatynda hem bedew atyň şowly keşpleri döredildi. Muňa B.Kerbabaýewiň „Aýgytly ädim“ romanynyň baş gahrymany Artyk Babalynyň Alaşasyny mysal getirmek bolar. Artyk Babaly öz Alaşasyny eý görýär. Ony bakyp-bejerýär, oňa guwanýar. Alaşa-da hojalygynda iş maly hökmünde-de, aýagulag hökmünde-de Artyk Babalynyň ýüzüni gyzdyrmaýar. Mysal üçin, onuň söýgülisi elden gitjek bolanda, ony öz Alaşasy bilen halas edýär. Alaşany ak patyşanyň çinownikleri özleri münmek üçin elinden alanlarynda, Artyk Babalynyň keýpi gaçýar, dogany elden giden ýaly gynanýar. Munuň özi türkmen halkynyň at bilen bagry badaşandygyny görkezýär. Mundan başga-da Ata Gowşudow özüniň „Dordepel“ hekaýasynda owadan, düşbi, ýyndam ahalteke bedewiniň keşbini döretmegi başarypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň milli buýsanjymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge we ony terbiýelemäge uly üns berilýär. 2008-nji ýylda „Türkmenatlary“ döwlet birleşigi döredildi. 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden „Gözellik bäsleşigi“ geçirilýär. Onda ýeňiji bolan bedewlere gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar. 2010-njy ýylda „Halkara ahalteke atçylyk assosiaýasy döredilip, oňa hormatly Prezidentimiziň özüniň başlyklyk etmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda her ýyl „Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty“ atly halkara maslahaty geçirilip durulýar. Häzir ýurdumyzyň okuw jaýlarynda sirk artistlerini we çapyksuwarlary taýýarlamaklyga-da uly üns berilýär. Şeýlelikde, geljekde atçylyk sporty we şu ugurdan hünärmenleriň sany artar. Munuň özi öz gezeginde pajarlap ösüp barýan gözel diýarymyzyň şan-şöhratyny has hem belende galdyrar. Jemläp aýdanda, bu geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladasynyň netijesidir.