СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: О Зое Климюк и ей подобных 17 Ноябрь 2020 г., 02:14 О заказных статьях из Росбалта 17 Ноябрь 2020 г., 02:12В Туркменистане пройдёт конференция на тему «Сотрудничество в сфере энергетики – важнейшее условие всеобщего устойчивого развития». 14 Ноябрь 2020 г., 13:10Туркменистан и Великобритания обсудили торгово-экономическое сотрудничество 14 Ноябрь 2020 г., 12:20В Израиле начал работу новый посол Туркменистана 14 Ноябрь 2020 г., 11:55ГОРБАТОГО МОГИЛА ИСПРАВИТ 11 Ноябрь 2020 г., 12:03

MARY - BEÝIK MEDENIÝETLERIŇ SALLANÇAGY
11 Декабрь 2013 г., 13:33

Adamzat ýaşaýşyny ene ýersiz, ýeriň damaryndan syzylyp çykýan, jana tenekar suwsuz göz önüne getirmegem mümkin däl. Üns berilmeli ýagdaý - adamzadyň gadymy medeni ojaklarynyň ählisi ýaşaýyş çeşmesi bolan derýalaryň jülgesinde döräpdir. Amyderýa, Murgap, Uzboý, Tigr we Ýewfrat, Nil, Hind we Ganga, Huanhe we Ýanszy derýalarynyň jülgeleri gadymy medeniýetleriň dünýä inen ýerleri. Bu derýalaryň kenarynda beýik medeniýetler döräpdir, ösüpdir, kämilleşipdir. Ene ýeriň gan damarlaryny ýadyňa salýan gadymy suw akabalarynyň, suwaryş desgalarynyň yzlary halklaryň ekerançylyk geçmişinden nyşan. Şonuň üçinem, alymlaryň adamzadyň medeni durmuşynyň ojaklaryny medeni oturymlardan, ýagny oazislerden agtarmagy tötänden däl. Geçen asyrda dünýäde siwilizasiýanyň dört sany ykrar edilen merkezi - Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bize mälimdi. Soňky iki asyryň dowamynda dünýäniň gadymyýeti öwreniji, diliň we diniň taryhyny öwreniji alymlary tarapyndan bu medeni ojaklar ilik-düwme öwrenildi. Olar hakda küt-küt kitaplar ýazyldy. Bu siwilizasiýalary döredijileriň dili, dini ygtykatlary, sungaty, binagärligi, harby sungaty, birek-birege ýetiren täsirleri dogrusynda köp işler edildi. Belli amerikan alymy R.Pampelliniň 1904-nji ýylda Änewiň günorta depesinden ilkinji ak bugdaýyň galyndylaryny tapmagy dünýä arheologlarynyň ünsüni Türkmenistana gönükdirýär. Köpetdagyň günorta gerişleriniň etegindäki Jeýtun, Änew, Altyndepe, Göksüýri ekerançylyk medeniýetleriniň üstüniň açylmagy bilen dünýäniň öň ykrar edilen dört medeni merkeziniň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanda hem ösen medeniýetiň yzlary ýüze çykaryldy. Dünýäniň medeni ösüşine uly täsir eden siwilizasiýalaryň biri Murgap derýasynyň gadymy hanasynyň aýagujunda döräpdir. Dürli ekologik sebäplere görä Altyndepäniň, Göksüýriniň ilatynyň Murgap derýasynyň aşaky akymlaryna tarap süýşüp, şol ýerlerde ornaşandygyny arheologiýa maglumatlary hem tassyklaýar. Taryhy çeşmelerde Margiana, Marguş, Mouru, Marg ýurdy diýlip atlandyrylan, ana, şol medeni oturymy öwrenip, ondan dünýäniň täze siwilizasiýa ojagyny tapmaga russiýaly belli arheolog, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidi özüniň ömrüniň esasy bölegini bagyşlady.

W.I.Sarianidi gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty hasaplanýan Goňurdepede soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçiren gazuw-agtaryşlarynyň netijesinde dünýä medeniýetiniň öň ylma näbelli bolan täze ojagynyň - Marguş siwilizasiýasynyň üstüni açdy. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken bu açylşlaryň edilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni tagallasynyň we hemaýatynyň bardygyny tekrarlamak zerur. W.I.Sarianidi Garagumuň ürgün çägeleriniň arasynda gömlüp galan gadymy dünýäniň medeni merkezleriniň biriniň üstüni açmakda we ol ýerde giň möçberli gazuw-agtaryşlaryny alyp barmakda beren hemaýaty we goldawy üçin, ozaly bilen, hormatly Prezidentimize minnetdardygyny ýöne ýere öwran-öwran gaýtalanok. Alyma Goňurdepede giň möçberli gazuwlary geçirmek üçin döwlet tarapyndan ähli zerur maddy we ruhy kömek berildi. Goňurdepedäki açyşlaryň dünýä ylmy jemgyýetçiligine gyzgyny bilen ýetirilmegi üçin W.I.Sarianidiniň «Marguş. Murgap derýasynyň köne hanasynyň aýagyndaky gadymy gündogar şalygy» (2002), «Goňurdepe. Şalaryň we hudaýlaryň şäheri» "(2005), «Marguş. Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi» (2009) atly kitaplary türkmen hökümetiniň goldawy bilen türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edildi. Alymyň her ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde geçirýän gazuwlarynyň netijesinde ýazan makalalary «Miras» halkara ylmy-jemgyýetçilik žurnalynyň üsti bilen dessine köpçülige ýetirildi. Emma alym dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özüniň açan täze siwilizasiýa merkezini ykrar etdirmek üçin örän köp zähmet çekmeli hem-de tagapyl etmeli boldy. Munuň üçin dünýä arheologiýa ylmyndaky köne garaýyşlardan saplanmak, täze subutnamalaryň ençemesini orta goýmak, siwilizasiýalar hakda täze nazarýeti öňe sürmek we ony subut etmek zerurdy.

Professor W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy toparyň Marguş medeniýetini düýpli öwrenmegi netijesinde, dogrudanam, onuň dünýäniň gadymy medeni merkezleriniň biridigini subut edýän ençeme delilleriň üstünden baryldy. Gadymy marguşlylaryň şähergurluşyk, binagärlik, senetçilik, sungat miraslarynyň galyndylary bu ýerde ösen medeniýetiň bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu ýerden atyň süňküniň, at arabasynyň we tigriniň tapylmagy Türkmenistanyň atyň eldekileşdirilen ilkinji mekanydygyna şaýatlyk edýän ýene bir delildir. Marguşdaky arheologiýa barlaglary netijesinde gadymy marguşlylaryň dini ynançlary, ybadathanalary barada birnäçe subutnamalar - ot (ataş), suw, haoma içgisiniň taýýarlanylýan dessur ybadathanalary ýüze çykaryldy. Gadymy marguşlylar dünýäniň esasy iki başlangyjyna - oda we suwa keramat hökmünde çokunypdyrlar. Küli keramat hökmünde aýap saklapdyrlar. Gadymy Marguş ilkinji dünýä dininiň -zoroastrizmiň dünýä inen topragydyr. Zoroastrizm - otparazlyk dünýäniň ilkinji kämil pelsepesidir. Oňa laýyklykda dünýä iki başlangyjyň - Ýagşylyk bilen Ýamanlygyň, Haýyr bilen Şeriň arasyndaky göreşden ybaratdyr. Bu göreşiň netijesinde "Haýyr" bilen "Ýagşylyk" elmydama üstün çykypdyr. Marguşlylar ýaşaýşyň özeni bolan oda (ataşa) dünýäde päkligiň, päkizeligiň alamaty hökmünde çokunypdyrlar. Küýze turbalardan edilen ýörite lagym ulgamy marguşlylaryň arassaçylyga ýokary derejede üns berendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gadymy Marguş ýurdunyň paýtagtyndan senetçileriň ýasan nepis hem gaýtalanmajak önümleriniň nusgalary tapyldy. Küýze önümleri ýörite çarhlarda ýasalyp, kürelerde bişirilipdir. Daşdan, sünkden, metaldan ýasalan, dürli şekiller bilen bezelen möhürler marguşlylaryň döreden täsin sungatydyr. Misden, bürünçden, altyndan, kümüşden ýasalan bezeg önümleri bir tarapdan marguşlylaryň dünýägaraýşyndan, beýleki tarapdan bolsa, bu ýerde ýaşan ilatyň gurply bolanlygyndan habar berýär. Goňurdepeden hut patyşa köşgüniň ýanyndan bürünç önümleri ýasalan senetçilik ussahanasy tapyldy. Bu ýerde metal guýlan galyplaryň we bürünç önümleriniň bölekleriniň üstünden baryldy.

Gadymy Marguş ýurdunyň dürli ýadygärliklerinden tapylan itiň, goýnuň, atyň ýörite jaýlanan guburlaryndan tapylan ystyhanlary ata-babalarymyzyň bu jandarlara nähili hormat goýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Bürünçden ýasalan gapda şekillendirilen düýäniň şekili bolsa marguşlylaryň ýedi hazynanyň biri hasplanylýan düýäni idedendigini görkezýär. Goňurdepedäki şa gonamçylygyndan tapylan dürli sýužetli mozaiki diwar bezegleri bolsa örän gymmatly tapyndy bolup, şeýle nusgalara entek dünýäniň başga hiç ýerinde gabat gelinmändigini nygtamalydyrys. Gadymy marguşlylaryň ýasan senetçilik önümlerinde olaryň dünýägaraýyşlarynyň yzlaryny görmek bolýar. Olarda şekillendirilen jandarlar (guşlar, haýwanlar, hyýaly jandarlar we ş.m.) zoroastrizmiň keramatly kitaby Awestadaky hekaýatlaryň we rowaýatlaryň mazmuny bilen sepleşip gidýär.

Gadymyýetiň syrly tapyndylaryny öz goýnunda gizleýän Margiana dünýäniň beýleki medeni merkezlerinden üzne, özbaşdak merkez boldumyka? Elbetde, ýok. Arheologiýa barlaglarynyň netijesinde onuň Mesopotamiýa, Harappa medeniýetleri bilen ýygjam aragatnaşykda bolandygyna şaýatlyk edýän ençeme subutnamalaryň üsti açyldy. Harappadan we Mohenjo-Darodan, Marguşda bolsa onuň paýtagty hasaplanýan Goňurdepeden tapylan şäher galyndylaryny özara deňeşdirsek, gadymy siwilizasiýalaryň ösen şäher medeniýetiniň bolandygyna, ikisiniň-de özara ýygjam medeni gatnaşygyň hasabyna ösendigine göz ýetirmek bolýar. Altyndepeden, Goňurdepeden tapylan möhürler gadymy türkmenistanlylar bilen Harappa medeniýetiniň arabaglanyşygynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. 2004-nji ýylda W.I.Sarianidi tarapyndan Goňurdepäniň köşk-ybadathana toplumyndan gadymy hindi dilindäki ýazgyly we piliň şekili çekilen, Harappa täjirleriniň öz harytlaryny möhürlän möhüriniň tapylmagy gadymy Marguşyň ilatynyň Hindistan bilen ýygjam söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna, Goňurdepäniň möhüm söwda merkezleriniň biridigine güwä geçýär. Şeýle ýakyn medeni gatnaşyklar Marguş ýurdy bilen Mesopotamiýanyň arasynda hem dowam edipdir.

Ynha, şeýle baý tapyndylary we arheologiýa subutnamalaryny ýüze çykaran professor W.I.Sarianidi Türkmenistanda dünýä derejesindäki ösen siwilizasiýa ojagynyň bolandygyny dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine aýan etmek maksady bilen halkara ylmy maslahatyň geçirilmeginiň zerurdygy baradaky teklip bilen Türkmenistanyň Hökümetine ýüz tutdy. Teklip oňyn kabul edildi. 2006-nji ýylyň 14-16-njy noýabrynda Maryda geçirilen «Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir» atly Halkara ylmy maslahat ylmy jemgyýetçilikde hakykatdan hem sensasiýa döreden forum boldy. Oňa dünýäniň 15 ýurdunyň gadymyýeti öwreniji "azy ýaran" görnükli alymlary geldiler. Olaryň arasynda Gresiýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Finlýandiýanyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Ýaponiýanyň, Polşanyň, Gazagystanyň taryhçylary we arheologlary, antropologlar we sungaty öwrenijiler, dilçiler we ýadygärlikleri dikeltmek bilen meşgullanýan binagärler bardy. Türkmenistanyň belli arheologlary, taryhçylary, dilçileri we binagärligiň taryhyny öwreniji alymlary hem maslahata işjeň gatnaşdylar.

Marguşyň hakykatdan hem dünýäniň täze siwilizasiýa ojagy hökmünde ykrar edilmegine daşary ýurtly beýleki alymlar hem öz goşandyny goşdular. Ligabuýe uniwersitetiniň professory Gabriýell Rossi-Osmida Mary welaýatynyň Ajyguýy oazisinde netijeli gazuw-agtaryş işlerini alyp bardy. Italiýanyň Afrika we Gündogary öwreniş instituty bilen bilelikde 2005-2007-nji ýylyň güýz möwsümlerinde Murgap derýa hanasynyň aýagujyny öwrenmek maksady bilen Togalak, Tahyrbaý oazislerinde işlediler.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, gadymy Mary topragy - medeniýetleriň sallançagydyr. Dünýäniň belli alymlary täze açylan siwilizasiýa merkeziniň hut Türkmenistandadygyny ykrar etdiler. Bu taryh ylmynyň XXI asyryň täze hem beýik ykrarnamasydyr. Gadymy Margianadaky haýran galdyryjy açyşlar gadymyýeti öwreniji alymlary dünýä siwilizasiýalarynyň taryhyna gaýtadan seretmäge mejbur etdi. Hut döwlet Baştutanynyň milletiniň taryhyny we milli mirasyny öwrenmegi özüniň döwlet syýasatynyň üns merkezinde saklanýan döwletinde - Türkmenistanda geljekde gadymýýeti öwrenmekde uly açyşlaryň ediljekdigine berk ynanýarys. Ýagny golaýda ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy-da muňa şaýatlyk edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň has hem artýandygynyň nyşany bolup, Türkmenistanyň gadymy ýadygärlikleriniň gadymylygyny bütin dünýä taryhyna üýtgeşmelik girizmek, görkezmek, ýaýratmak mümkinçiliginiň dörändigini aňladýar.