СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Türkmenistanyň Halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň şahsy sergisi
23 Ноябрь 2013 г., 17:29

         2013-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň şahsy sergisini guraýar.

         Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýew 1933-nji ýylyň 5-nji iýunynda eneden bolýar. 1951-nji ýylda Aşgabadyň Ş.Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebini, 1965-nji ýylda Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutyny tamamlaýar. Sungatyň inçe syrlaryny kämil ele alan suratkeş özüniň diplom işini türkmen halyçylaryna bagyşlap, “Türkmen halyçylary” diýen eserini ýazýar. 1957-nji ýyldan başlap öz ýurdumuzda we halkara sergilere gatnaşyp başlaýar, özbaşdak sergilerini geçirýär. 2002-nji ýylda Daşkentde geçirilen häzirki zaman sungatynyň 2-nji biýennalyna gatnaşýar.

         Döredijilik sapary bilen Argentinada, Bolgariýada, Eýranda, Mongoliýada, Türkiýede, Ýaponiýada boldy. Onuň eserleri Türkmenistanyň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde, Tretýakow galereýasynda, Moskwanyň Gündogar halklarynyň sungaty muzeýinde, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hususy kolleksiýalarynda saklanylýar.

        Ç.Amangeldiýewiň  eserlerinde türkmen durmuşy, mähriban Diýaryň gözellikleri, onuň adamlarynyň nurana keşbi çuňňur mana ýugrulyp, reňkleriň ajaýyp sazlaşygynda öz beýanyny tapýar. Onuň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan eserlerinden guralan bu günki sergisinde, döwletimiziň döredijilik adamlarynyň portretleri, baý tebigatymyzy wasp edýän tematiki işleri ýerleşdirildi.

        Bu sergide ussadyň reňk toplumyndan emele gelen Hanlar hany Baýram hanyň portretinden başlap, N.Ýomudskiniň, Şükür bagşynyň, Kordyşyň, Akademik Smirnowyň, syýasy ýolbaşçy N.Saryhanowyň portretleriniň üsti bilen ussat türkmen taryhy,  ylmy barada söz açýan bolsa, S.Jepbarowyň, B.Annanowyň, A.Durdyýewiň, suratkeş A.Kulyýewiň, M.Garlyýewiň, O.Ylýasowyň portretleriniň üsti bilen türkmen medeniýeti, bagşy-sazandalary, olaryň belent owazlary barada söhbet edýär. “Baýyrdaky şäher”, “Enelik”, “Hiňňildik” atly eserlerinde bolsa Ç.Amangeldiýew gündelik durmuşy wasp edýär .    Türkmen nakgaşlarynyň arasynda tanymal suratkeşleriň biri  hasaplanýan bu ussat nakgaş, uly taryhy we köp portret eserleri bilen çykyş edýär. Ondan başga-da Ç.Amangeldiýewiň döredijiliginde peýzažlar uly orny eýeleýär we ol grafika eserlerinde hem üstünlikli işleýär.

        Türkmenistanyň Halk suratkeşi Çary Amangeldiýewe geljekde hem janynyň sag bolup, sungat äleminde  uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.