Hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilýän “Türkmen topragynyň baýlyklary” atly baýramçylyk sergisi
23 Ноябрь 2013 г., 16:29
Toýdur baýramlary bir-birine ulaşýan Diýarymyzda bu gün ýene-de bir ajaýyp baýramçylygyň toýy toýlanýar. 2013-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilýän “Türkmen topragynyň baýlyklary” atly baýramçylyk serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Babadaýhanyň alyn deriniň, arly ýylky çeken zähmediniň miwesi bolan, bereketli hasylyň baýramçylyk dabarasy bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Diňe bir adaty baýramçylyk bolman, daýhanyň zähmediniň toýy bolup durmuşa ornaşan bu dabaranyň şanyna her kim zähmet sowgatlaryny taýýarlaýar.
Ýurdumyzyň hasyl baýramçylygy Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem uly şowhun bilen dabaralanýar. Oňa bagyşlanyp guralan sergide suratkeşleriň daýhanlar, olaryň ýetişdiren hasyllary, nazy-nygmatlary, hasyl ýygymy baradaky ajaýyp eserleri ýerleşdirilen. Onda tomaşaçylar, A.Amangeldiýew, Ç.Gulow, Ç.Öwwaýew, D.Baýramow, N.Hojamuhammedow, W.Bagdasarýan, A.Akyýew, A.Nuryýew, A.Myradalyýew, A.Meýdanow, M.Orazberdiýew, M.Muhammetmyradow ýaly halypa suratkeşleriň nakgaş eserleri bilen bilelikde ýaş suratkeş M.Ataýewiň ajaýyp peýzažlaryny, Ý.Grişiniň owadan natýurmortlarynynyň uly toplumyny synlap bilerler.
Ç.Gulowyň “Pagtaçylar“ atly eserlerinde pagta ýygymynyň bereketli hasylynyň ýygnalyp, harmana tabşyrylýan pursaty, oba zähmetkeşleriniň, esasanam pagtaçy gelin-gyzlaryň joşgunly zähmetleri wasp edilen bolsa, Ç.Öwwaýewiň “Hasyl” atly işinde türkmen topragynda ýetişdirilen tylla başly ak bugdaýyň ýygnalyşy barada söhbet açylýar. Ý.Grişiniň ir-iýmişleriň bolçulygy barada reňkler bilen ýazylan, kalbyňy maýyl edýän ajaýyp natýurmortlary bolsa, öz gözel görnüşi bilen tomaşaçylary özüne çekip dur.
Bulardan başga-da, tomaşaçylar sergide M.Ýüzbaşýewiň, J.Jumadurdynyň, W.Jumaýewiň heýkel eserlerine-de tomaşa edip bilerler. Ähli türkmen halkyny, mähriban Prezidentimizi, ýurdumyzyň zähmetkeş daýhanlaryny hasyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Janyňyz sag bolsun!