СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Türkmengaz активно готовится к предстоящему зимнему сезону 23 Ноябрь 2024 г., 11:05Студент Туркменистана одержал победу в международном конкурсе 23 Ноябрь 2024 г., 11:01Туркменистан направит студентов на обучение в вузы Китая и Венгрии в 2025-2026 учебном году 23 Ноябрь 2024 г., 10:39В столице Туркменистана открылась постоянная выставка археологических находок на Улуг-депе 23 Ноябрь 2024 г., 10:36В Ашхабаде пройдет выставка товаров Турции и Туркмено-турецкий деловой совет 23 Ноябрь 2024 г., 10:26Дни туркменского кино открылись в Грузии 23 Ноябрь 2024 г., 10:22

Studentler harby gulluga çagyrylmaýar
06 Июнь 2013 г., 18:28

Soňky günlerdeTürkmenistanda daşary ýurtda okaýan  studentleriň harby gulluga çagyrylýandygy hakynda maglumatlar käbir daşary ýurt habar beriş serişdelerinde,  internet saýtlarynda peýda boldy.  Ýöne şu meseläni  giňişleýin öwrenenimizde,  daşary ýurtda okaýan studentler wagtynda okaýan ýokary okuw jaýyndan şol ýokary okuw mekdebiniň studentdigi barada kepilnama getiren bolsa olaryň  hiç biriniňem ýaşaýan ýeri boýunça harby gulluga çagyrylmandygy belli boldy.

Häzirki düzgüne görä, Türkmenistanyň raýaty bolan islendik erkek adam  on sekiz ýaşyna ýetende, eger-de onuň gulluk etmäge gaýragoýulmazlyk hukugy ýok harby gulluga alynýar, gulluk möhleti iki ýyl. Harby gulluga çagyrylmazlyga gaýragoýulmasyzlyk hukugyny ýitiren raýat ýigrimi ýedi ýaşaýança gulluga alynýar.

Eger gulluk etmäge borçly bolsa-da, raýat haýsydyr bir ýokary okuw mekdebinde okaýan bolsa , ol okaýan döwründe harby gulluga alynmaýar, okuwyny tamamlandan soňra, ol bir ýyl harby gullukda bolmaly.

Türkmenistanda student bolan ýigit dürli sebäp bilen okuwdan çykarylaýmasa, onuň ýokary okuw jaýynda okaýandygy belli, sebäbi ol okuwa giren soň,  ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykyp, okaýan şäheriniň ýazgysyna girýär. Okuwa giren student okaýan ýeriniň harby wekilhanasynda hasapda durýar. Şeýlelikde Türkmenistanda ýokary okuw mekdebinde okaýan talybyň okuwyny tamamlaýança harby gulluga alynmak meselesi ortadan aýrylýar.

Emma daşary ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan studentlerimiz kähalat bigeleňligi ýa bolmasa, özlerine degişli kanunlary bilmeýändigi üçin harby gulluga çagyrylmak meselesine duçar bolýarlar.  Häzir daşary ýurtda okaýan studentler her okuw ýylynyň başynda okaýan  ýokary okuw jaýynyň rektorynyň goly, möhüri bilen tassyklanan şol ýokary okuw mekdebiniň studentdigi baradaky kepilnamany ýaşaýan ýeri boýunça etrap harby wekilhana tabşyrmaga borçly.

Gynansagam, daşary ýurtda okaýan köp studentlerimiz ilkinji okuwa giren ýyly hem turistik gezelenç diýip, okajak ýurduna turistik wiza /bir ýa üç aýlyk/ açdyryp gidýärler. Olaryň beýle etmegine türkmen döwleti göz ýumýar, emma olar okuwa giräýselerem ýerli harby wekilhana daşary ýurda okuwa girendigi hakynda kepilnama getirmegi ýatdan çykarýarlar ýa-da bilenoklar. Emma Türkmenistanyň terrotoriýasyndaky islendik etrap harby wekilhanasy özüne degişli harby borçly raýat eger-de gullukdan galmaga raýatyň gaýragoýmak hukugy ýok bolsa, ony ýigrimi ýedi ýaşaýança, harby gulluga çagyrmaga borçly. Eger-de daşary ýurtda okaýan studentiň özi harby gullykdan wagtlaýyn galmagyny kepillendirýän kepilnamany getirmese, ýerli harby wekilhana harby borçly raýaty çagyrmazlyga het edip bilmez.

Käbir studentler bir kursy tamamlandan soňra okaýan ýurdunda gazanç etmek ýa başga bir maksat üçin galýar. Şeýdibem ol  ýerli harby wekilhana talap edäýmese , okaýan ýerinden kepilnama getirmegi unudýar.  Şeýlelikde şol kepilnamanyň wagtynda getirilmändigi üçin ýerli harby wekilhana hem harby borçly raýatyň studentdigini bilmeýändigi üçin, ony harby gulluga çagyryş edýär.

Türkmenistanyň orta mekdepleri  2013-2014-nji okuw ýylyndan on iki ýyllyk okuw sistemasyna geçýär. Häzir yglan edilmese hem, 2015-nji ýylyň ýazyndaky harby çagyrylyşyndan başlap, erkek raýatlarymyzyň harby gulluga çagyrylyş möhletini on sekiz ýaşdan bolmanda on dokuz, hatda ýigrimi ýaşa geçirmeli bolar, çünki häzire çenli ýedi ýaşynda birinji synpa okuwa alnan körpelerimiz on dokuz ýaşynda okuwy tamamlamaly bolar. Döwlet derejesinde şu meseläniň üstünde işlenýändigini anyk bilýäris.

Häzir orta mekdepleriň on iki ýyl bolmagy bilen erkek raýatlarymyzyň harby gulluga çagyrylyş möhletini paýhasly kesgitläp üýtgetmek üçin şu günler harby gulluga borçly raýatlarymyzyň hemmesiniň hasaby alynmagy her bir ýurtda kadalaýyk ýagdaý hasaplanýar. Çünki raýatyň harby gulluga çagyrylmak möhletini ýurtdaky bilim pudagynda emele gelen ýagdaýa görä üýtgetmek berk düzgün tertibi, oýlanyşykly paýhasy talap edýär.

Her ýyl Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň ýüz müňden az däldigi hakynda anyk statistik maglumatlar bar. Şolaryň ýarysy ýigitlerimizdigi belli hakykat.  Diýmek,  Türkmenistanda diňe bir ýylda doglan erkek raýatlarymyz harby gulluga çagyrylanda hem  harby gulluga çagyrylmakda mesele döremejekdigine kepil geçse bolýar.

Häzir Türkmenistanyň her bir harby wekilhanasy ediljek harby özgerişlige laýyklykda harby gulluga borçly raýatlary berk düzgün-tertip boýunça hasaba alýar. Ýöne daşary ýurtda okaýandygy hakynda kepilnamasy bolan studentleriň hiç birem ýerli harby wekilhana çagyrylan däldirler, olaryň kepilnama getirmediklerinden bolsa, okaýandygy çyn bolsa kepilnama getirmelidikleri talap edilipdir. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, käbir daşary ýurtda okaýan studentlerimiziň harby wekilhana çagyrylmagy olaryň wagtynda okaýan ýokary okuw mekdebinden kepilnama getirmändigi bilen bagly, ýerli harby wekilhana käbir çagyrylan studentler olaryň ene-atasynyň aýtmagy boýunça daşary ýurtda okaýandygy hakynda kepilnamany ugradandan soňra, ýerli harby wekilhana, hatda harby gulluga borçly raýatlarymyzyň özlerini çagyrjagam bolmandyrlar.

Türkmen metbugatynda, habar beriş serişdelerinde daşary ýurda okuwa giren studentleriň  okaýan ýerinden ýerli etrap  harby wekilhanasyna kepilnama getirmelidigi jikme jik düşündirseler şu agzalan mesele boýunça problemanyň emele gelmezligine uly ýardam bolardy. Ýöne nähili bolanda hem daşary ýurduň ýokary okuw jaýynda okaýan student özüne kynçylyk döredip biljek meseläniň çözgüdi barka, ony çişirmän çözmegi öwrenmelidir

Daşary ýurtda okaýan studentler her ýyl özlerine mesele döredip biljek kepilnamany wagtynda alyp, şol kepilnamany daşary ýurtda okaýanyň özi ýa olaryň  haýsydyr bir hossary harby borçly raýatymyzyň studentdigi baradaky  kepilnamany  ýaşaýan ýerindäki harby wekilhana tabşyrsalar, olarda tä okuuwyny gutaraýança,  harby gulluga alynmak ýa çagyrylmak meselesi ýüze çykmaz, olar sag-aman okuwyny tamamlap, ýurda dolananlaryndan soň bolsa, diňe bir ýyl harüy gullukda bolarlar.  Daşary ýurtda okaýan studentlerimiz şu hakykaty bilse ýagşy.

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.