Türkmen-Rus goşa raýatlygy, taýagyň iki ujy - “Azatlyk radioýaýlymy”
05 Июнь 2013 г., 16:17
(02.06.2013 ý) “Azatlyk radioýaýlymy”
Hormatly radiodiňleýjiler
Türkmen-Rus goşa raýatlygy, taýagyň iki ujy. Şu tema bilen baglanşykly „Tegelek stol“ programmamyza başlaýarys.
Ý.Annagurban
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyna 1993-nji ýylda baglaşylan goşa raýatlyk ylalaşygynyň 2003-nji ýylda ýatyrylmagy, ýagny Prezidentler Saparmyrat Nyýazow bilen Wladimir Putiniň şeýle dokumente gol goýmagy birtopar gep-gürrüň döretdi. Russiýanyň döwlet dumasy bu dokumenti tassyklamakdan ýüz öwürdi we türkmen häkimiýetleriniň birtaraplaýyn hereketiniň Türkmenistandaky rus raýatlarynyň hukuklaryny kemsidýändigini öňe sürdi. Emma Türkmenistan öz pozisiýasynda berk durdy we türkmen kanunçulygyna girizilen düzedişlerde iki raýatlyk ret edildi. Şeýlelik-de Türkmenistanlylar iki raýatlykdan haýsy hem bolsa birini saýlamaly bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistandan daşardaky habar serişdelerinde dürli çekişmeleri, şol sanda hukuk çäklendirmeleri baradaky aladalary hem döretdi. Eýsem bu ýerde nähili gapma garşylyklar bar? “Azatlyk” radiosy şu we beýleki meseleler barada pikir alyşmak üçin ýerli synçylar hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýewi, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewi “Tegelek stol” söhbetdeşligine çagyrdyk. Söhbetdeşlige hoş geldiňiz.
A.Baýryýew
Bu ylalaşyk bilşimiz ýaly 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşyldy. Ol 10 ýylyň dowamynda işledi, 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde-de Türkmenistanyň şol wagtky Prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Putin tarapyndan protokola gol çekildi. Ýagny şu ylalaşygyň hereketi ýatyrylmaly. Ýagny onuň güýji ýok diýip hasap edilmeli diýilip şeýle karara gelindi. Türkmenistanyň Mejlisi iki hepdäniň dowamynda şol protokola seredip ony tassyklady. Ýöne ýaňy hem belleýşiň ýaly Ýowşan Russiýa tarapy şol protokoly tassyklaman gelýär, umuman şol protokola seretmekden ýüz öwürip gelýär. Indi näme üçin nähili ýagdaý munuň hukuk tarapy bar ýatyrylmagynyň ýa ýatyrylmazlygynyň. Şu ylalaşyga gol goýlanda şol ylalaşygyň 8-nji maddasynda onuň taraplar yrtywikasion hatlary alyşanlaryndan soň güýje girip 5 ýylyň dowamynda hereket edýändigi eger-de taraplaryň biri şu möhletiň tamamlanmazyndan azyndan 6 aý öň onuň täsirini bes etmek, ýatyrmak hakynda isleg bildirmese onda ylalaşygyň güýjüniň geljekki 5 ýyllyklara awtomatiki, ýagny öz-özünden uzaldylýandygy kepillendirilýär. Diýmek şol Türkmenistan başky 5 ýylda ony ýatyrmak hakynda hiç hili mesele gozgamady netijede rus tarapy hem gozgamady netijede geljekki 5 ýyl üçin hem bu ylalaşyk öz güýjüni saklady. Ýöne soňky 10 ýyl boluberende ýagny 8 aý öňünden Türkmenistan özüniň şu ylalaşygy ýatyrmak isleýändigini rus tarapyna duýdurdy. Diýmek eger-de şol ylalaşyk esasynda Türkmenistan ony kanuny esasda eýýäm çykandan soň ol rus tarapynyň, ýagny Russiýa Federasiýasynyň dumasynyň tassyklamazlygy ýa-da tassyklamaklygy onuň hiç hili ýuridiki güýji ýok. Sebäbi iki taraplaýyn döwletara ylalaşyk kanun däl, döwletara ylalaşyk esasynda ýatyryldy. Indi Türkmenistan 2003-nji ýylda eýýäm şol protokola gol çekilenden soň Türkmenistan özüniň konstitusiýasynyň 7-nji maddasyna düzediş girizdi. Şol raýatlyk hakyndaky madda ýagny Türkmenistanyň raýatyna başga bir döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär diýip şeýle düzgüni, ýuridiki normany girizdi.
Ý.Annagurban
Aşyrguly onda siziň pikiriňizçe bu ýerde hiç hili kanuny gapma-garşylyk ýokda, kanuny taýdan şol ylalaşygyň baglaşylmagy hem-de ýatyrylmagy dogry dürs bolup çykýarda. Bu siziň pikiriňizçe şeýlemi?
A.Baýryýew
Hawa sebäbi bu ýerde şol rus tarapyndan çykyş edýän käbir syýasatçylar, hukukçylar hamana Türkmenistan bu babatda raýatlyk meselesi barada halkara hukuk normalaryny äsgermezlik edýär diýip şeýle gürrüň gozgaýar. Emma hakykatda beýle däl. Umuman şol raýatlyk diýen mesele ol her bir ýurduň özüniň içki işi, ol raýatlygy özi kesgitleýär. Milletler ligasy tarapyndan kabul edilen bir konwensiýa bar. şol konwensiýada-da şol görkezilen. Şol islendik ýurt özüniň raýatlygyny özi kesgitleýär diýip. Şonuň ýaly-da adam hukuklarynyň ähli umumy jarnamasynda-da her bir döwletiň öz raýatlygyny kesgitlemäge bolan hukugy bar.
Ý.Annagurban
Bu Aşyrguly Baýryýewiň pikiri. Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew indi size geçýäris. Goşa raýatlyk meselesiniň töweregindäki ýagdaýlara syýasy nukdaýnazardan nähili garap bolar? Bu ýerde Russiýanyň, Türkmenistanyň içki işlerine gatyşmak mümkinçiligi azaldyljak bolunýarmy, siz nähili pikir edýärsiňiz?
A.Bugaýew
Saparmyrat Nyýazow häli şindi diýen ýaly biz ulynyň öňünde kiçelmeris, kiçiniň öňünde ulalmarys, ulumsylyk etmeris diýip häli şindi aýdýarys. Ýöne Saparmyrat Nyýazow öz şol sözüne ygrarly bolup bilmedi. Ol ulynyň öňünde ýöwselledi, meselem Russiýa Federasiýasynyň teklibi bilenmi şeýle edildi. Türkmenistanyň raýatlaryna iki raýatlyk berildi ýada Russiýadaky ýaşaýanlarada şeýle ýeňillikler berildi. Bu dogrusy jemgyýetde närazylyk döretdi. Ozaly bilen özümiňä şahsy nukdaý nazarym men iki raýatlyk diýilen zada juda garşy. Sebäbi bu jemgyýetiň belli bir bölegine ýeňillik döredilýär beýleki bir bölegi bolsa şol ýeňillige rowa görülmedik adamlar diýen ýaly düşünjäni kemala getirýär. Indi seniň sowalyň anyk jogabyna geçsem bu elbetde Russiýa Federasiýasy iki raýatlygy diňe bir adamlaryň baryp gelmeginde, ol döwletden bu döwlete aşmagynda ýeňillik hökmünde seredenok. Ol heniz hem her näçe gynandyryjy hem bolsa Russiýa Federasiýasynda şol öňki imperiýa arzuw islegleri, öňki uly imperiýa bolan höwes bar. ol goşa raýatlygy ýene gaýryny perde edilip dürli hili işleri amal edýär. Meselem muňa anyk mysal, Gürjüstanda bolup geçen wakalar. Ynha Gürjüstanda ýaşaýan gürji raýatlarynyň ençemesiniň Russiýa Federasiýasynyň hem raýatlygyna duwlanyp Gürjüstan döwletiniň üstüne hüjüm edildi, netijede Gürjüstanyň taryhy serheti bozulyp onuň düzümine girýän iki sany awtonom respublika Gürjüstandan bölünip aýryldy. Ýa-da bolmasa häzirki güne çenli Pribaltika respublikalary bilen hem şeýle dawa jenjeller bar. O näme üçin Russiýa tarapynyň aýdany mydama altyn, kümüş bolmaly, beýleki döwletleriň aýdýany mis bolmaly alga alnyp bergä berilmeli däl. Bu ýerde diýdimzorluk ediljek bolunýar.
Ý.Annagurban
Ozaly bilen goşa raýatlyk döredildi, bu adamlar üçin peýdaly boldy diýilýär, ikinji tarapdan adamlaryň bir bölegi kemsidildi sebäbi olar şol adamlaryň beýleki böleginiň eýe bolan hukuklaryna eýe bolup bilmediler. Indi bolsa goşa raýatlyk ýatyrylýar. Siziň pikiriňizçe bu ýerde nähili mesele bar, nähili çözgüt bar?
A.Baýryýew
Men Halmyrat bilen ylalaşamok. Şu kanunuň yzyna hereket etmek güýji ýok diýýär. Bu ýerde kanun bilen berilen däl, ol 2002-nji ýyla çenlide raýatlyk kanun esasynda berlen zat däl. Ol şol ylalaşyk esasynda berlen. Ylalaşyk diýen zat ýatyrylandan soň onuň öňede yzada hiç hili täsiri bolmaýar. Ol eýýäm ýok dokumente öwrülýär. Onsoň hem biz nähili alnandygyny, şol 2003-nji ýyla çenli nähili alnandygyny 2003-nji ýyldan soň hem Russiýa aldygyna Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny az berdi. Öň bolsa şoňa çenli bolsa ol aýak üstünden çözüldi. Ine kim barsa SSSR pasporty bilen baranada Russiýa Federasiýasynyň raýaty diýip möhürçe uruldy. Emma öň şol raýatlygy alman Türkmenistandan göçüp baranlara şol ýerde raýatlyk almak näçe ýyllaryň dowamynda çözüldi.
Ý.Annagurban
Bu Aşyrguly Baýryýewiň pikiri. Goşa raýatlyk ýatyrylan ýagdaýynda, şol bir wagtda Türkmenistan diňe bir raýatlygy kabul etse bu türkmenlerden ýetişen sowatly bilimli adamlaryň köp böleginiň ýitirilmegine getirer diýen gorky howatyr hem eşidilýär. Amanmyrat Bugaýew siz nähili garaýarsyňyz? Ine Saparmyrat Nyýazow döwründe Türkmenistandan köp adam çykyp gitdi. Indi şol Türkmenistan goşa raýatlykdan ýüz öwüren ýagdaýynda diňe bir raýatlygy kabul eden ýagdaýynda bu türkmen bilimli adamlarynyň ýitirilmegine, türkmen kuwwatynyň ýitirilmegine getirmezmi?
A.Bugaýew
Ýowşan şeýle zat bolmaz. Meniň ynamly aýdýanymyň sebäbi bu goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň köpüsi ýaňy Halmyrat hem aýtdy şol döwlet derejesinde wezipesi bolan adamlar ýa-da söwda-satuw bilen meşgullanýanlar ýenegaýrylar. Bolmagy mümkin arasynda ylym bilen, döredijilik bilen meşgullanýan adamlarda-da iki raýatlylygyň bolandygy, ýöne dünýä çykmak, daşary ýurtlarda işlemek ýa daşary ýurtdan öz Watanyňa öwrülip gelmek bu diňe goşa raýatlygyň bolandygy ýa bolmandygy bilen bagly däl. Bu dünýä derejesinde kabul edilen kanuny ýörelgeler bar, kanunçulyklar bar, ine şolar berjaý edilmeli. Ýurtda wiza düzgüni hökman ýeňilleşmeli, goşa raýatlyk hiç hili täsir etmez. Ýowşan men şuny anyk aýdaýyn. Ýöne şonuň täsir etmezligi üçin Türkmenistan döwleti dünýä derejesinde açylmaly, dünýä derejesinde wiza meselesinde-de, ýenegaýryda-da dünýä derejesinde kabul edilen oňyn tejribäni kabul etmeli.
Ý.Annagurban
Siziň pikiriňizçe şu ýerde ideal çözgüt nähili bolup biler?
A.Baýryýew
Birinjiden häzir bir zada düşünmeli. Türkmenistanyň raýatlaryndan Türkmenistanyň raýatlygy elinden alnanok, ol saklanylýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň raýaty islendik wagt Türkmenistana dolanyp gelmäge hukukly. Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky kanun Türkmenistanda doglan adamlary, başga ýurtlaryň raýatlygyny alan bolsa şony eger-de yzyna tabşyran ýagdaýynda oňa täzeden Türkmenistanyň raýatlygyny bermegi hem göz öňünde tutýar. Iki raýatlyk ýitirilen wagtynda esasy döreýän kynçylyk nämeden ybarat? Ýene-de şol wiza meselesi, ýagny Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan adamlar şolar arkaýyn Türkmenistandan gidip Türkmenistanada arkaýyn gaýdyp gelip bilýärler. Raýatlygyny ýitiren ýagdaýynda onda wiza düzgünleşdirmeli bolýar. Şonuň üçin bu ýerde belki iki taraplaýyn, belki bir taraplaýyn Russiýa Federasiýasynyň eger-de şol ynsanperwerlik, adamkärçilik nukdaýnazarynda hereket etjek bolsa onda şolara wizasyz barmaga, ozalky öz raýatlygyna alan adamlary wizasyz barmaga mümkinçilik döretmeli. Belki muňa Türkmenistan hem goşular, ine şu barada gürrüň geçirmek gerek. Onsoň birnäçesi şol eger-de mysal üçin Türkmenistanyň raýatlygyny tabşyryp Russiýanyň raýatlygynda galan ýagdaýynda ol ýaşaýyş jaýa bolan hukugyny ýitirýär, emlägine bolan hukugyny ýitirýär diýip şonuň ýaly dowul turuzýan žurnalistler, syýasatçylar hem bar. Bu-da hakykata laýyk gelmeýär. Sebäbi Türkmenistanyň kanuny bar ýörite şol Türkmenistanda raýatlygy bolmadyk adamlar ýa-da başga ýurtlaryň raýatlarynyň ýaşamagy hakynda ýörite düzgün kanun bar. Şol kanun esasynda şonuň 12-nji maddasy esasynda ol ýaşaýyş jaýyny hem Türkmenistanda edinip bilýär, emlägini hem doly saklap bilýär. Ýöne Türkmenistanyň kanunlary esasynda şu ýerde şol kanunlary berjaý edip ýaşamaly.
Ý.Annagurban
Aşyrguly Türkmenistanda kanunlaryň işlemeýändiginden esasan şikaýat edilýär. Kanunlar bar emma olaryň güýji ýok ýa-da para bermeli, ýa tanyş tapmaly, ýa bir güýje daýanmaly diýen pikir aýdylýar. Siz bolsa kanunlar esasynda hemme zadyň çözüljekdigini aýdýarsyňyz. Bu ýerde siziň pikiriňizçe dogrudan hem şol kanunlaryň bardygy çözgüt bolup bilermi?
A.Baýryýew
Kanunlaryň bardygy gaty çözgüt bolup biler. Sebäbi biz köplenç köne kategoriýalar bilen pikirlenýäris. Şol bir wagtlar para-peşgeş bilen raýatlyk almak, beýleki zatlar, şolar hakynda şol öňki köne pikirimizi, ynanjymyzy gaýtalap gelýäris. Emma soňky ýyllarda, bolmanda 2-3 ýylyň dowamynda Migrasiýa meselesinde-de gaty köp zatlar üýtgedi. Ýöne elbetde Türkmenistan häzir goşa raýatlylykdan bir raýatlylyga geçilmegi mynasybetli Türkmenistan tarapynyň hem etmeli işleri köp. Bu ýerde birtopar meseleler bar. Ine şu wagt daşary ýurtda ýaşap ýörenler Türkmenistanyň täze biometriki pasportyny nähili ýagdaýda almaly, şolary daşary ýurt ilçihanalarynda pasportlaryň berilmegini guramaly. Bu ýerde birtopar tehniki kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin. 10-njy iýuldan soň Türkmenistanyň içki pasporty bilen daşary ýurtlara çykmak mümkin bomaz. Elbetde bu ýerde birtopar kynçylyklar hem döräp biler, birtopar düşünşmezlikler hem ýüze çykyp biler. Ýöne türkmen tarapynyň şu ugurda birnäçe çäreleri görýändigi, alada edýändigi ol hem fakt.
Ý.Annagurban
Bu Aşyrguly Baýryýewiň pikiri. Amanmyrat Bugaýew siziň pikiriňizçe bu ýerde çözgüt nämede? Dogrudan hem ine şu hereketiň, şu prosesiň çäginde birtopar türkmen raýaty ýitirilmezmi? Aşyrguly Baýryýew hem tassyklap otyr, daşary ýurtlarda türkmen ilçihanalarynda pasportlary bermäge tehniki mümkinçilik ýok ýa-da olaryň tejribesi ýok. 2-3 hepde-de edilmeli zatlaryň 3-4-5 aýa çekdirilýändigi aýdylýar ýa-da olar jogap hem berip bilenoklar diýen pikirler eşidilýär.
A.Bugaýew
Häzir Türkmenistanda kabul edilýän kanunlar umuman alanyňda daşary ýurt standartlaryna bap gelýär, şony hem daşary ýurt standartlaryna bap gelýän derejede amal edilmeli. Şonuň üçin hem daşary ýurtda ýaşaýanlaryňky eger şol ýerde bir garaňkylyk bolsa, düşünişmezlik bolsa onda ýurtda Adalat ministrligi ministrligi, ýenegaýrylar otyr. Bermeli, bir düşündiriş bermeli ýa bolmasa bir işlejek adamlar eltilmeli. Ol diňe bir daşary ýurtda adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi diýilen adyny saklamak üçin işleýän adamlary däl-de şu döwletiň raýatlarynyň ýurduň daşyndaky bähbidini araýan adamlar işlemeli. Şolar gelmese şol ruhy elgarama adamlar otursa kanun hem işlemez, kanun hakynda-da birtopar kölegeli gürrüň ediler. Iň bir kyn ýagdaýy hem adamlar, raýatlar şonuň jebrini çeker. Şuny aradan aýyrmak üçin kanun berjaý edilmeli, kanuny berjaý etmeýän adamlary hem şol kanunyň berjaý ediljek ýolundan aýrylmaly. Ol işlejek adamlara, eli, kalby arassa adamlara ýol berilmeli. Başga ýol ýok, dünýä tejribesinde-de şeýle.
Радио Азатлык