СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В городе Аркадаг состоялись выставки и встречи,посвящённые поэту Махтумкули Фраги Сегодня, 11:31Туркменистан укрепляет роль в международных транспортных и транзитных коридорах Сегодня, 11:22Ашхабад стал площадкой для обсуждения афганской повестки с участием Китая Сегодня, 11:18Конкурс «Merdana nesil-2024»: в Туркменистане прошел праздник патриотизма и творчества Сегодня, 11:13Туркменистан и Грузия расширяют диалог в области образования в онлайн-формате Сегодня, 11:10Чудесное путешествие по Диярбакыру: впечатления туркменских туристов Сегодня, 11:03

Türkmen goşunynyň hal-ýagdaýy hakynda
04 Июнь 2013 г., 19:14

Türkmenistanda erkek raýatlarymyzyň harby gulluk möhleti iki ýyl, 2007-nji ýyldan harby deňiz flotyna  alnan esgerleriň gulluk möhleti üç ýyldan iki ýyla getirildi, ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlar bir ýyl harby  gullukda bolmaly.  Harby gulluga ýurdumyzyň erkek raýatlary ýigrimi ýedi ýaşaýança çagyrylýar. Hökümet derejesinde harby gullugyň möhletini bir ýyla getirmek hakynda işleriň alnyp barylýandygy köplere belli hakykat.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby doktorinasynyň kabul edilmegi bilen oba hojalygy boýunça iş alyp barýan harby birikmeler ýatyryldy. Bu günki gün harby gulluga alynýan ýigitlerimiziň uly bölegi serhet gullugymyzda we gury ýer goşunymyzda gulluk edýärler.

Ýurdumyzyň harby pudagynyň maddy-üpjünçilik ýagdaýyny gowlandyrmak üçinem  uly işler alnyp barylýar.  Harbylary ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek hakynda hem duýarlyk derejede aladalaryň edilýändigini aňmak kyn däl. Mysal üçin, diňe 2011-2012-njy ýyllarda paýtagtymyz  Aşgabatda her birinde 50 ýakyn hojalyk ýerleşýän ýaşaýyş jaý toplumynyň dokuz sanysy gurlup ofiserlere berlipdir.

Häzirlikçe gulluk ýerinde  kwartirant-kireýine ýaşaýyş  jaýynda ýaşaýan ofiserlerimiz az däl. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň dekabryň başynda geçiren Ministrler kabinetiniň mežlisinde ofiserleri ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek, kireýine ýaşaýan harby gullukçylaryň kwartira üçin berýän puluny tölemek meselesini orta atyp, agzalan meseläni çözmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Ýaşaýyş jaýy bolmadyk harbylary geljek üç ýylyň içinde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, bolmanda olaryň kireýine ýaşaýan jaýynyň puluny alýan aýlygynyň daşyndan  tölemek gözöňünde tutulýandygyny aýtmak gerek.

  

Harby birikmelerimiziň galalaryny dünýä ülňesine laýyk etmek üçinem uly depginde gurluşyklar alnyp barylýar. Biziň alan maglumatymyza görä, 2025-nji ýyla  çenli ähli harby  birikmelerimiziň galalaryny dünýä ülňesine laýyklap täzeden gurmak ýa-da öňki bar bolan harby galalarymyzy abadanlaşdyrmak wezipesi goýlupdyr.

2011-nji ýyldan bäri ofiserlerimize harby çini üçinem töleg edilýär.  Mahlasy, harbylaryň ortaça aýlygynyň ýurdumyzyň işgärleriniň ortaça aýlygyndan  tas ikä essä golaý  köpdügini bellemek isleýärin.

Esgerleriň hal-ýagdaýy hakynda aýtmaly bolsa, olara her alty aýdan bir laý egin-eşik, aýakgap berilýär. Esgerler ýerli howa şertimize görä, tomus we gyş şertlerinde geýindirilýär. Esgerleriň ýaşaýan harby galalary tomsuna salkyn gyşyna ýyly. Mysal üçin häzirki yssy günlerimizde esgerleriň kazarmalary 20-22 gradus salkynlykda saklanýar eken. Esgerleriň ýaşaýan kazarmalarynda  iň häzirki zaman sowadyjy enjamlaryň birnäçesiniň işläp durandygyny görmek indi geň zat däl.

Esgerlere gündelik 180 gram et, 50 gram gant, 200 gram kisel ýa şerbet içgisi, 800 gram çörek,  300 gram kartoşka, tüwi-greçka ýaly dänelik azyk önümi, 30 gram mesge, 100 gram ösümlik ýagy berilýär eken. Onuň daşyndan dynç alyş günlerinde, döwlet baýramçylyklarynda her esgere iki ýumurtga, 300 gramdan az bolmadyk iki sany alma, hepde-de bir gezek 400 gram süýt berilýär. Tomus möwsüminde 1-nji maýdan 1-nji noýabra çenli miwe- bakja, gök önümleri  her esgere halkara kesgitlenen norma laýyk ýa-da oňa golaý möçberde berilýändigini çekinmän aýdyp biljek, gyş möwsüminde esgerlere gaplanan miwe-bakja, gök önümleri berilýär. Hatda her bir esgere  burç, sarymsak ýaly ajy azyk önümleri bermek hem doly gözöňünde tutulypdyr. Olara zerur hajatlaryny almaga ýeterlik mukdarda aýlyk-pul  berilýändigini  hem aýtmak zerur, eger esger islän halatynda olara berilýän aýlygyň artan bölegi üçin her bir esgeriň adyna bankda pul hasaby açylyp, şoňa geçirilýär eken. Häzir öýüne gaýdanda, bank hasabyndaky puly alyp, öýüne sowgat-salamly barýan esgerler barmak büküp sanardan köp.

Harby gullukda „dedowşinanyň“ bolmazlygy üçinem soňky ýyllarda köp işler edildi. Häzir her bir harby birikmelerde esgerleri, esasanam ýaňy gulluga baran esgerleri her hepde-de bir gezek berk gözegçilikden geçirmek ýola goýlupdyr. Şol barlagda haýsydyr bir esgeriň bir ýerine kiçijik şikes ýetenem bolsa onuň sebäpleri berk derňelýär eken. Şonuň üçin esgerleriň biri-birine agalyk etmeginiň uly derejede öňi alyndy. Harby birikmelerde berk tertip-düzgüniň ýola goýulmagy bilen halkara guramalarynyň hasabatlarynda hem gullukdan gaçýan esgerleriň bir ýagdaýam soňky iki ýylda hasaba alynmandyr. Şeýlelikde Türkmenistanyň harby gullugynda esgerleriň, onda-da ýaňy gulluga baran ýigitleriň urlup-söglüp gullukdan gaçmagynyň doly soňuna çykyldy.

Türkmenistanyň harby pudagynda ähli meseleler oňyn çözülen diýmekçi bolamzok. Ýöne Germaniýa ýaly ösen Günbatar döwletleriniň harby pudagynda hem ýaş esgerlere agalyk etmek, „dedowşina“ düzgüniniň azam bolsa  bardygy dünýä mälim hakykat. Esasy zat döwlet derejesinde harby pudakda bar bolan problemalar hasaba alnyp öwrenilýär. Elbetde, Türkmenistanda  metbugatdaky „dymyşlyk“ harby pudagymyzda bar bolan meseleleri orta getirmek üçin päsgelçilik döredýär. Haýran galmaly zat, türkmen metbugaty, habar beriş serişdeleri harby pudagymyzda edilýän oňyn özgerişikleri hem maksadalaýyk wagyz edip bilenok.

                

Adamlarymyzyň arasyndaky gürrüňlere görä, Türkmenistanyň harby pudagynda käbir  korrupsiýanyň bardygyny-da aýtmak gerek. Ýöne harby pudakda korrupsiýanyň döremegine esgerleriň ene-atalarynyň sebäp bolýan halatlary az däl.Mysal üçin, gulluk ýaşyna ýeten ýigitleri öýünden ýakyn ýerde  ýa-da amatly harby birikmede gulluk etdirmek üçin tanyş gözläp ýören ene-atalaryň az däldigi gynandyryjy ýagdaýdyr. Her bir ene-ata gulluk ýaşyna ýeten çagasyny ýeňil ýerde gulluk etdirmek üçin tanyş gözlemän, öz ýaşaýan ýerindäki harby komissardan ogullarynyň zehinine hem ukubyna görä, gulluga alynmagyny talap etmegi öwrense, watanyň ösmegine uly ýardam etdikleri bolardy.

Bu günki gün ofiserleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçinem uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzda Harby deňiz flotynyň, Serhet gullugynyň, Gury ýer goşunynyň ofiserlerini taýynlaýan aýratyn ýokary okuw jaýlary bar.  Garaz, Türkmenistanyň harby pudagyny dünýä ülňesine laýyk getirmek üçin döwlet derejesinde maksatnamalaýyn esasda uly işler alnyp barylýar. Ýöne häzir dünýäniň köp döwletlerinde harby gulluk kontrakt esasynda ýerine ýetirilýär. Döwlet derejesinde şu ýagdaý gözöňünde tutulsa, maksadalaýyk bolardy.

Häzir iň esasy zat, ene-atalar ogullaryny harby gulluga aladasyz-ünjüsiz goýberip başladylar. Ogullarynyň nähili gulluk edýändigini islendik ene-ata oglunyň gulluk geçýän harby birikmesine baryp görüp bilýär. Ene-atalaryň arz-şikaýaty harby birikmeleriň komandirleri tarapyndan diňlenilýär. Mahlasy, Türkmenistanyň harby pudagy indi garaşsyz, hemişelik bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyny beýleki döwletlere howp salmazdan goramaga ukuply diýip arkaýyn aýdyp biljek.

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.