Awazanyň ösüşleri
31 Август 2013 г., 09:07
Türkmenistanyň täsin tebigaty, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň syýahatçylyk-şypahana pudagy bu gün dünýäniň üns merkezinde. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha batly gadamlar bilen özgerýän Awazanyň gözel görki hakynda, amatly şertleri barada bu gün näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Bu zatlaryň hemmesi milli Liderimiziň syýahatçylygy ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynda özüniň anyk beýanyny tapýar. Döwletimiz tarapyndan syýahatçylyga köp möçberde maýa goýumlary goýberilýär, daşary ýurt maýasy çekilýär. Ýurt Baştutanymyzyň 2007-nji ýylyň 21-nji iýulyndaky “Awaza milli syýahatçylyk zolagyny döretmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda döredilen milli syýahatçylyk zolagy bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň möhüm bölegidir.
Şu günki günde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ülňülerine gabat gelýän, ajaýyp, içki amatlyklary ýokarlandyrylan myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, we kottejler toplumlarynyň 23-si hem-de “Ýelken” ýaht kluby halka hyzmat edýär.
Dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç almaga isleg bildirýänleriň barha köpelýändiginiň sebäbini bolsa bu merkezlerde halka hyzmat etmegiň ýokary derejede alnyp barylýandygy, merkezleriň şertleriniň we amatlyklarynyň ýokarlandyrylandygy bilen düşündirmek bolar.
Awazanyň kenaryny merjen mekana öwürjek bu binalarda, desgalarda, sport toplumlarynda halkymyz öz saglygyny dikelder we döwrebap dynç alar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwlet tarapyndan uly möçberli serişdeleri goýbermäge mümkinçilik berýär. Dynç alyş zolagynyň işläp başlamagy bilen awtomobil, demirýol, howa we deňiz ulaglarynyň täze ugurlary işläp başlady. Dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryň müňlerçesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynda pajarlap ösýän Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy görmäge gelýärler, halkymyzyň milli gymmatlyklary, baýlyk-barlary bilen gyzyklanarlar. Myhmanlardyr syýahatçylar türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri, täsin künjekleri bilen hem içgin tanyşýarlar. Jahankeşdeleriň, köp sanly syýahatçylaryňdyr ýurdumyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekip biljek täsin künjekler bolsa, diňe bir Balkan welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatylarynda-da az däldir. Munuň özi hoşniýetli halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Türkmen syýahatçylyk pudagynyň ösmegine gysga wagtlarda öz oňyn täsirini ýetirip biljek iri taslama bu syýahatçylyk zolagynyň gurluşygynyň birinji tapgyryna degişli bolan bir ýarym müň orunlyk şypahanalaryň we dynç alyş öýleriniň bu günki gün onlarçasy hyzmat edýär. Şu ýylyň ahyryna çenli bolsa şular ýaly desgalaryň ýene-de birnäçesi ulanylmaga berler. Munuň özi bu iri taslamanyň gysga wagtda örän tizlik bilen durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Türkmenistanda tebigy, sagaldyş çeşmeleriniň dürlüligi, şol bir wagtda taryhy hem medeni däpleriň täsin utgaşmasy milli ykdysadyýetiň täze pudagy bolan halkara syýahatçylygyň ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu pudagyň dünýä derejesinde ýola goýulmagynda milli Liderimiziň hyzmaty uludyr. Bu ugurlar boýunça halkara gatnaşyklarynyň ösmegi jemgyýetiň tutuş adamzadyň öňdebaryjy gazananlary bilen aýakdaş gitmegine, şunuň netijesinde-de yzygiderli kämilleşmegine mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem syýahatçylaryň dynç almaklaryna amatly şertleri döretmek zerurlygyndan ugur alnyp, taslamanyň ikinji tapgyrynda kinoteatrlaryň we beýleki medeni dynç alyş merkezleriniň giň möçberli gurluşygy göz öňünde tutular.
Syýahatçylyk, ilki bilen, ýurduň at-abraýynyň, halkyň medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň dünýä ýaýylmagy üçin oňaýly mahabat serişdesi bolup durýar. Şeýle-de, syýahatçylyk ykdysady nukdaýnazardan möhüm girdeji çeşmesidir. Munuň şeýledigini dünýä tejribesi-de tassyklaýar. Gadymy Merw, Köneürgenç, Altyndepe, Nusaý galasy, Maşat-Misserian ýaly taryhy ýerleriň, gözellikde we tämizlikde islendik ýurt bilen bäsleşip biljek Bathyz, Repetek we beýleki goraghanalarymyzyň, jana şypalylykda islendik ýurduň şypahanalary bilen bäsleşip biljek Arçman, Mollagara, Baýramaly, Farap, Berzeňňi ýaly birnäçe şypahanalarymyzyň hem türkmen syýahatçylyk pudagynyň ösmegine uly goşant boljakdygy mälimdir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilýän milli syýahatçylyk zolagynda ünsi jemlenýän dünýä ýurtlarynyň wekilleri indi jemgyýetçiliginiň taryhy ýadygärliklerini görmäge-de ýygy-ýygydan gelýärler.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi Hazaryň kenar ýakasynyň ekologiýasynyň Hazar goraghanasynyň ornuny we statusyny ýokarlandyrmaga-da amatly täsir eder. Ol aýratyn goralýan territoriýalary dolandyrmaga täzeçe çemeleşmeler mynasybetli tebigaty goraýyş hem-de syýahatçylyk işiniň nusgasy bolup biler. Ekskursiýalary geçirmek, Hazaryň simwolikasy hem-de tebigy serişdeleriň şekilleri çekilen dürli sowgatlyk zatlary taýýarlamak-bularyň hemmesi goraghana tarapyndan ýerli edaralar we ilat, syýahatçylyk guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup bilýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda Hazaryň sagaldyş syrlary we ilaty derman serişdeleri bilen üpjün etmekde onuň gorlaryndan peýdalanmak, gadymy we orta asyrlar lukmançylygynda deňiz suwunyň ähmiýeti ýaly temalaryň üns merkezinde bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň owazasynyň dünýä dolýandygyny subut edýär. Geljekde bu syýahatçylyk zolagynyň umumy meýdanynyň bäş müň gektara çenli giňeldiljekdigi bolsa Watanymyzyň ýakyn geljekde syýahatçylyk ýurduna öwrüljekdigine bolan ynamymyzy artdyrýar.