СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Национальный олимпийский комитет Казахстана и Туркменистана подписали Меморандум о сотрудничеситве Сегодня, 10:14 Сегодня, 09:45Месторождение Узынада на юго-западе Туркменистана дало новый приток природного газа 15 Февраль 2020 г., 12:02Предприниматели Туркменистана приняли делегацию Санкт-Петербурга 15 Февраль 2020 г., 11:33Губернатор Санкт-Петербурга встретился с ленинградскими блокадницами Туркменистана 14 Февраль 2020 г., 15:20Туркменистан и Гренада установили дипломатические отношения 14 Февраль 2020 г., 12:37

Neşekeşlige garşy göreşiň oňyn netijeleri
27 Июнь 2013 г., 15:55

Türkmenistanda häkimiýetiň çalyşmagy bilen 2007-nji ýyldan başlap, neşekeşlige garşy göreş yglan edilip, ýörite neşekeşlige garşy göreşýän gulluk döredildi. Ilkiler bu gullugyň işiniň şowlajakdygyna köpler şübhe bilen garapdy. Emma tiz wagtdan „hossarly“ neşe söwdagärleri, neşe baronlary ele salnyp, türmä oklanyp başlandy. 2011-nji ýylyň başyna çenli ýurdumyzda neşe belasynyň howp hökmünde ýok edilendigi bilen  köpler ylalaşýan bolsa gerek.

Şeýle tiz wagtyň içinde  Türkmenistany neşe belasyndan saplamak nähili mümkin boldy?! Biziň garaýşymyzça,  neşe belasynyň ýurda,  halka uly howpdugyna ilki bilen döwlet ýolbaşçylarynyň düşünmegi olary bu belany ýok etmek üçin aýgytly hereket etmäge iterdi. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň awgustynda geçiren Ministrler kabinetiniň mežlisinde „Türkmenistanda neşekeşlige garşy göreş, halkymyzyň, raýatlarymyzyň genofondyny abat, arassa saklamak ugrundaky göreşdir“  diýmegem doly tassyklaýar.Halkymyzyň uly bölegi hem hökümetimiziň neşekeşlige garşy alyp baran we barýan aýgytly göreşini doly goldady.

Neşekeşlige garşy göreşde  ownuk neşe „söwdagärleriniň“ günäsiniň geçilip, uly neşe baronlaryna günä geçişlik yglan edilmezligi ters ýola baş goşup, haram pişeden gazanç etjekleri hem pälinden gaýtardy. Häzir 5 gram geroin ýa şoňa deň hasaplanýan 50 gram tirýek ýanyndan çykan, onuň söwdasyny eden neşe baronlary döwletimiziň yglan edýän amnistiýasyna düşürilmeýär.  Görkezilen möçberden az neşe bilen tutulanlar günäsine toba etseler birinji gezek amnistiýa bilen boşaýarlar, eger şondan soň olar toba gelmän, haram pişesini dowam edip, halky zäherlemäge synanyşsalar ýa ters görelde görkezseler olar hem ikinji gezekde amnistiýa düşürilmeýär.

Ähli zada tankydy nukdaýnazardan baha berýän halkara guramalaram Türkmenistan hökümetiniň neşekeşlige garşy göreşiniň usulyny belli bir derejede tankyt etselerem, ol göreşiň üstünlikli bolandygyny tassyklaýarlar. Sebäbi Türkmenistan hökümeti her ýyl neşekeşlige garşy Bütindünýä göreş gününde ýüzlerçe kilogram neşe maddalaryny dünýä jemgyýetçiligine äşgär edip ýakýar.

Türkmenistan neşekeşlige garşy göreşi yglan edip, dürli ýollar bilen serhetden geçirilýän neşeleriň öňüni bekledi. Bu günki gün türkmen serhedinden neşe geçirilmeginiň doly diýen ýaly öňi alnansoň,  halkara guramalarynyň hasabatynda-da ýurdumyzda geroiniň bahasy Owganystandaky asyl bahasyndan azyndan 300, hatda 500 essä çenli gymmatdygy tassyklanýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesi öňki soýuz respublikasyna giren Orta Aziýa respublikasynyň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesinden ýokary bolsa-da,  ýurdumyzda geroiniň-tirýegiň bahasynyň ol ýurtlaryňkydan 5-6 esse gymmatdygyna halkara guramalaryň berýän hasabatlaryndan hem göz ýetirse bolýar.

Türkmenistan hökümeti diňe bir daşardan getirilýän neşeleriň öňüne böwet basman, ýurt içinde tirýek ekmegi pişe edinen käbir gum içindäki  neşe ekýän „daýhanlary“  agyzdyryklady, 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň mart-aprel aýyndan tä sentýabra çenli, has dogrusy tirýegiň ekilip, hasyla durup ýygnalýan aralygy „Göknara garşy göreş“ möwsümi yglan edilýär, 2008-2010-njy ýyllarda gum içinde tirýek ekýän betpälleriň onlarçasy ele salnyp, olaryň has toparlaýyn hereket edenleri şol döwürlerde teleýaýlymda hem görkezilipdi.

Neşekeşlige garşy göreşiň oňyn netijesi esasynda  2007-nji ýyl bilen  bilen deňeşdireniňde, ýurdumyzda tirýek-geroiniň bahasynyň 12-15 esse  gymmatlandygyny çekinmän aýdyp bileris. Häzir Türkmenistanda agyr neşäni tapmak kyn, tapaýanyňda hem tirýegiň bir garamy 170-200, geroiniň bir dadymlygy /bir gramyň 20-de biri/ 100-150 manat möçberinde diýlip agzalýar. Agzalan bahany berip, tirýek-geroini susup alyp gaýtmaly ýer ýok, başyňy etegiňe salmaly. Ol zährimardan arasyny üzmedik birinji gezekde bolmasa-da, ikinji-üçünji gezeginde ele düşjekdigine şübhelenmese bolar. Sebäbi häzir Sagdyn jemgyýet howpsuzlygy gullugynyň işgärleri indi neşekeşlige garşy göreşde uly tejribe toplap, gaty eserdeň işleýärler. Döwlet derejesinde edilen uly tagallalar netijesinde raýatlarymyzyň belli bir toparynyň arasynda neşe satmagy pişe, gazanç çeşmesi hökmünde görmek düşünjesi ortadan aýryldy.

Neşe belasyndan saplap bolmaz diýilýän raýatlarymyzyň ýüzlerçesi bu günki gün neşesiz durmuşa dolandy. Hatda neşä aňyny aldyranlar hem çekeýin diýseler-de neşe- geroin, tirýek tapmadylar. Şonuň üçin öň neşä özüni aldyranlar çekýän neşesini tapman goýmaga mežbur boldular.

Dogry, käbir neşesini goýan raýatlarymyzyň öwezini doljak bolup, araga-şeraba özüni aldyrandygyny ýa bolmasa düzüminde neşe maddasy bolan däri-dermanlary atýandyklary hakynda gürrüňler edilýär.  Ýöne bu aýdylýan gürrüňler çyn diýäýenimizde hem,  beýle bir howp başymyzda däl, çünki arak-şerap geroin ýaly gymmat we aýylganç howply däl,  ikinjiden häzir döwlet neşekeşlige garşy göreşiň çäklerinde düzüminde neşe maddasy bolan däri-dermanlary berk resept bilen berýär.  Reseptden daşgary däri-derman aljak bolýanlar ýa bolmasa ol däri-dermanlary bikanun satýanlar  bu gün bolmasa-da ertir kanungoraýjylaryň öňünde kelle ýalaňaçlap jogap bererler.

Ýeri gelende aýtsak, döwlet derejesinde düzüminde neşe maddasy bolan dermanlary satýan, ol dermanlaryň ýurdumyza getirilmegini gurnaýan adamlary degişli jogapkärçilige çekmek üçin ýörite reýdler geçirilse, neşekeşlige garşy göreşiň has üstünlikli bolmagyna şert dörederdi.

Ýurdumyzda neşekeşligiň howp hökmünde ýok edilmegi netijesinde ilki bilen neşebent adamlaryň ölümi doly derejede togtadyldy. Ýurdumyz boýunça soňky iki ýylyň dowamynda neşe belasyndan aradan çykan adamyň bolandygy hiç bir oba-şäherimizde hasaba alynmandyr.  Munuň özi ilatymyzyň ortaça ýaşynyň soňky dört-bäş ýylda görnetin ýokarlanandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ikinjiden ýurdumyzda uly derejede ogurlyklar, jelepçilik azaldy. Neşesi ýetmän ogurlyk edip ýören adamlar doly ortadan aýryldy. Garaz ,ýurdumyzda neşe belasynyň  ýok edilmegi bilen jenaýat görnetin azaldy, maşgalalarymyzyň köpçülikleýin dargamagynyň doly derejede öňi alyndy.

Eger dört-bäş ýyldan aňyrda ogul öýerjek ene-atadan „Ogluňyzyň agzy arassamy“ diýlip soralyp, öýlenjek ýigidiň diňe  agzynyň arassalygy sorag-ideg edilýärdi. Bu günki gün bolsa ýigidiň hünäri-düşünjesi, onuň ýerligi derňelýär.  Bu bolsa maşgala mukaddesliginiň gaýtadan pajarlap ösýändigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda neşe belasynyň ortadan aýrylmagy bilen her bir hojalykda erkek adam baş gazanç getirýän raýata öwrüldi. Är ornunda maşgalasyny eklän zenanlarymyz, uýalarymyz bolsa hojalyk atly  agyr ýüki çekmeden boşadylar. Häzir  gelin-gyzlarymyz işleselerem, hojalygyň agyr ýüküni çekmek, maşgalany eklemek üçin däl-de,  maşgalasyny baýatmak üçin işleýärler. Mahlasy, gelin-gyzlarymyz  erkegiň ýardamy bolmazdan, hojalygyň ýüküni ýeke bolup çekmekden halas boldular.  Has dogrusy, ýurdumyzyň neşe belasyndan saplanmagy bilen her bir ene-ata, gelin-gyzlarymyz  dartgynly durmuşdan  saplandylar. Şeýlelikde raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýy hem üzül-kesil gowlandy.

Elbetde, neşekeşlige garşy göreşde käbir säwlikleriň kemçilikleriň bolandygyny dile getirýänler hem bar, ýöne ol goýberilen kemçilikler bu göreşiň oňyn netijesiniň ýanynda gürrüň edeniňe hem degmeýär.  Iň esasy zat uly kemçilik goýberilmezden,  ýurdumyzda neşekeşlik howp hökmünde ýok edilip,  raýatlarymyzyň mertebesi, ar-namysy dikeldildi.  Türkmen hökümetiniň neşekeşlige garşy aýgytly göreşi halkymyzyň täzeden janyna jan,, ömrüne ömür goşdy diýip arkaýyn aýtsa bolar.  Bu gün halkymyzyň arasynda neşekeş diýen düşünjäniň özi ýitip barýar.

 Diýmek, Türkmenistanda belalaryň iň ulusy bolan neşekeşlik howp hökmünde doly ýok edildi. Bu bolsa raýatlarymyzyň bagtly durmuşynyň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Çünki belalaryň ýok ýerine bagtyň, ösüşiň ýaran bolýandygyna hemmeler düşünýän bolsa gerek.

 

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri