СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Центре ОБСЕ в Ашхабаде обсуждены новые направления работы по предотвращению гендерного насилия 21 Ноябрь 2024 г., 12:25Талантливая молодежь Туркменистана отмечены высокими наградами 21 Ноябрь 2024 г., 12:13В Ашхабаде обсуждают ключевые аспекты присоединения к ВТО 21 Ноябрь 2024 г., 12:03Туркменистан и ЕС усиливают партнёрство для развития Транскаспийского коридора 21 Ноябрь 2024 г., 11:57В Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча заместителя министра Азата Атаева с Кристиной Хемшайер 21 Ноябрь 2024 г., 11:46Победители и призеры международного теннисного турнира Ashgabat Open 2024 21 Ноябрь 2024 г., 11:41

Il saglygy – ýurt baýlygy
14 Август 2014 г., 11:17

Halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. Saglyk döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy meselele halkyň saglygyny goramaklykdan ybarat. Oňa durmuş ykdysady we lukmançylyk çäreleriň toplumy degişli bolup, bu meseläniň esasy – keseliň öňüni almakdan, adamlaryň saglygyny gorap saklamakdan ybaratdyr.

Türkmenistan döwletimizde ynsan saglygyna aýratyn üns berlip,  bu ugurda uly öňegidişlikler gazanyldy. Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Türkmen halkynyň  beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýen setirlerini özüne esas edinen Хormatly Prezidentimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen sözleri hem, ýurdumyzda adam aladasynyň, olaryň saglygynyň belent derejede goýulýandygyny alamatlandyrýar. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny artdyrýar. Jemgyýetiň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy barha ösýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Aşgabat şäherinde 2014-nji ýylyň 21-nji iýulynda halkymyzyň hyzmatyna açylyp ulanylmaga berlen 350 orunlyk Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň täze binasy hem 200 orunlyk Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, Saglygy goraýyş awtoulaglar kärhanasynyň täze binasy ýurdumyzda bu ulgamda gazanylan täze bir öňegidişlik boldy. Olar barasynda doly maglumat almak bizde kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi» gije-gündiziň dowamynda çagalaryň we uly ýaşly ilatyň janyna howp abanýan ýagdaýlarda, betbagtçylykly wakalarda, şikeslerde, zäherlenmelerde, agyr ýiti kesellerde, dowamly keselleriň ýitileşmeginde, göwrelilik wagty ýüze çykýan gaýraüzülmelerde we beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda wakanyň bolan ýerlerinde, ýol ugrunda, öýde, şeýle hem ýatymlaýyn şertlerde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilipdir.

«Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi» birnäçe bölümden ybarat:

-         Ýolbaşçylyk-dolandyryş bölümi;

-         «Tiz kömek» çagyryş gullugy;

-         Näsaglary kabul ediş bölümi;

-         Anyklaýyş-maslahat beriş bölümi;

-         4 sany operasiýa bölümi;

-         18 orunlyk reanimasiýa bölümi;

-         25 orunlyk ýanygy bejerýän bölümi;

-         25 orunlyk endoskopiki hirurgiýa bölümi;

-         50 orunlyk neýrotrawmatologiýa bölümi;

-         50 orunlyk torako-abdominal hirurgiýa bölümi;

-         50 orunlyk hirurgiýa bölümi;

-         Fiziobejeriş bölümi;

-         Barlaghana;

-         Gan banky;

-         Aşhana;

-         Sterilizasiýa bölümi - 

arkaly halka hyzmat edýär. Çagyryş bölüminde çagyryşlar kabul edilýär hem olar degişli ugurlar boýunça lukmanlara geçirilip, onuň gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegi gazanylýar.

Bu bölümiň işini has-da kämilleşdirmek, ilata berilýän gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömeginiň hilini gowulandyrmak we «Tiz kömek» awtoulaglaryny rejeli ulanmak maksady bilen, Merkezde, onuň bölümlerinde, awtoulaglarda JPS  we radio aragatnaşyk ulgamynyň işiniň yola goýulmagy Merkeziň işiniň dünýä derejesine ýetirlendigine şaýatlyk edýär.  Bu bolsa çagyryşa giden «Tiz kömek» awtoulagynyň haýsy ugur boýunça barýandygyny ýa-da duran salgysyny anyklap, oňa Merkeze gelmezden indiki çagyryşy kabul etmäge mümkinçilik berýär.

«Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň» binasynda raýatlarymyza bir wagtda 9 sany «03» belgilere çagyryş etmäge mümkinçiligiň bolmagy, çagyryşlaryň öz wagtynda kabul edilmegine mümkinçilik berýär.

«Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň» raýatlara ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite taýýarlykly reаnimasiýa, kardiologiýa, newrologiýa, trawmotologiýa, psihиatriýa, pediatriýa, akuşerçilik toparlary-da hereket edýär.

Tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini bermekde dünýä derejesinde enjamlaşdyryp ulanmaga berlen «Mersedes Bens» kyсymly Reanimobil awtoulaglarynda bar bolan defubrillýator, elektrokardiogramma, intubasiýa üçin laringoskop enjamlary, şikeslerde ilkinji gaýragoýulmasyz kömek bermek boýunça ýörite toplum, 10 litrlik kislorod ballony, ýewropa standartlaryna gabat gelýän derman we daňy serişdeleri näsaglara ýokary hilli saglygy goraýyş kömegini bermäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň  düzümine 200 sany ýatymlaýyn näsag orunlarynyň bolmagy bu ulgamyň işiniň has-da kämillik derejesine galandygyna güwä geçýär.

Merkezde «Şok otagy» «Tiz kömek» gullugy tarapyndan getirilen ejir çekenleri kabul edýär, ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini berýär, ýörite enjamlar arkaly  kesel kesgidini takyk anyklaýar. Bu ýerde bar bolan enjamlar (defibrillýator, emeli dem alyş enjamy, intubasiýa üçin laringoskop, portatiw ultrases barlag, elektrokardigraf, göçme rentgen, glýukometr we beýleki anyklaýyş enjamlary, şikeslerde ilkinji gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ýörite toplum, ýewropa ülňülerine gabat gelýän derman we daňy serişdeleri) gysga wagtyň içinde  näsagyň keselini  dogry anyklamaga we zerur bolan bejergi usulyny saýlamaga ýardam berýär. Şol otagda näsag Merkeze getirilenden gyssagly operasiýa geçirmäge hem şert döredilipdir. Bu ýerde işleýän kärine kämil  lukmanlar kämil enjamlaryň kömegi bilen  ejir çekenlere ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berip, gerek bolan halatynda  şol otagda operasiýa edip, soňra näsaglary Merkeziň degişli bölümine ýatymlaýyn bejergä ýerleşdirýärler.

Merkezde bar bolan göçme Rentgen enjamlarynyň artykmaçlygy, hereket edip bilmeýän näsaglaryň öz ýerinde näsazlyklaryny takyk anyklamaga ýardam berýär.

Endoskopiýa enjamy Germanýa döwletiniň öňdebaryjy «Ştors» kompaniýasynyň önümi bolup, gyzylödegi, aşgazany, 12 barmak içegäni barlaýar. Olaryň ýagdaýyna doly baha berýär. Enjamyň görmek, barlag üçin material almak bilen bir hatarda barlag döwründe nemli bardanyň ýagdaýyny reňkli surata düşürmäge hem mümkinçiligi bar. Bu enjamyň üsti bilen diňe bir iýmit siňdiriş ulgamynyň agzalaryny däl-de, eýsem, goşundylaryny üýtgetmek bilen, dem alyş ulgamynyň agzalaryny-traheýany, bronhlary hem barlap bolýar. Käbir ýagdaýlarda  raýatlaryň bedenine tyg ýetirmezden, operasiýa etmezden patologiki ýagdaýy bejermäge şert bar. Bu näsagyň bejergide bolýan orun gününiň azalmagyna kömek edýär.

Merkeziň ýatymlaýyn bölümleriň otaglarynda näsaglar üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. Otaglarda telewizor, sowadyjy, howa sowadyjy oturdylan. Näsaglaryň arassaçylyk we şahsy gigienanyň kadalaryny ýerine ýetirmegi üçin doly mümkinçilikler döredipdir.

«Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň ýanygy bejerýän bölüminde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen we bejeriş mümkinçilikleri bilen doly abzallaşdyrylan 2 sany näsag otagy bar. Otaglar dünýä ülňülerine gabat gelýän ýörite ýanyklary bejerýän häzirki zaman döwrebap wanna otaglary, sargy wagtynda ulanylýan ionizirlenen-duzlar, ýanyk ýaralarynda dezinfeksiýa geçirilýän aeroterawtiki otaglar bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem her näsag üçin özbaşdak damar urgusyny, ýürek urgusyny, gan basyşyny ölçeýän ýörite manitorlar bar. Ýanyk ýaralary üçin niýetlenen operаsiýa otaglarda uzak bitmeýän,  bedeniň uly meýdanyny tutýan ýanyk ýaralarynda autodermoplastika usuly bilen bejergi geçirmek üçin enjamlar, ýagny, elektrodermatomlar, perfaratorlar ýerleşdirilipdir. Bu usul bilen näsag bedeniň uly meýdanyny tutýan ýanyk keselinden halas edilýär. Reabilitasiýa otaglarynda bolsa, ýanyk keselleriniň dikeldiş döwri geçýär.

Reаnimasiýa  bölüminde Germaniýa döwletiniň öňdebaryjy «Dreger» kompaniýasynyň önümi bolan emeli dem alyş enjamy, öňdebaryjy «Simens» kompaniýasynyň önümleri näsaglara reаnimasion kömegi bermäge ýardam edýär. Monitor, «Fresenius» kompaniýasynyň Multifiltrat, «Metraks» kompaniýasynyň Defibrillýator enjamlary köpçülikleýin agyr şikesleri alan näsaglaryň gysaga wagtyň içinde ýagdaýynyň durnuklaşmagyna, ömrüniň uzalmagyna ýardam berýär.

«Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň häzirki zaman halkara talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan operasiýa bölüminde şikesler we olaryň gaýraüzülmeleri, ýanyklar, döş kapasasynyň hem garyn boşlugynyň agzalarynyň ýiti hirurgiki keselleri, hirurgiýa ugurly operasiýalary geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Öz wagtynda edilen çylşyrymly operasiýalar näsaglaryň uzak wagtlap hassahanada bolmagynyň hem-de maýyplygyň öňüni alyp, raýatlaryň tiz wagtda iş ýerlerine, öýlerine dolanyp barmaklaryna kömek edýär.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň neýrohirurgiýa bölüminiň ýatymlaýyn otaglarynda kelle-beýni we bil-oňurga şikesleri hem olaryň gaýraüzülmeleri bilen ýüz tutan näsaglara ýokary derejeli lukmançylyk kömekleri berilýär.

Merkeziň fiziobejeriş bölümi saglygy goraýşyň soňky gazanan fiziobejeriş enjamlary: D’Arsenwal, Bernaryň togy, amplipuls, induktotermiýa, elektroforez, UWÇ, kwars we beýleki enjamlar arkaly ýokary derejede hyzmat edýär.

Merkezde dikuçarlaryň hyzmaryndan-da peýdalanylmagy, onuň  gonmagy üçin ýörite ýeriň bolmagy, şeýle hem tiz kömekleriň Merkeziň üçinji gatyna gönümel galyp bilmekleri bu ýerdäki hyzmatyň halkara derejesindedigine ýene bir gezek güwä geçýär.

Merkezde konferensiýalar, amaly we ylmy maslahatlar, seljermeler, ýygnaklar geçirmek üçin 200 orunlyk uly we 3 sany 80 orunlyk kiçi zallarynyň bolmagy, internet ulgamynyň hereket etmegi lukmanlaryň bilim derejelerini kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilik berýär. Şeýle hem Türkmen Döwlet lukmançylyk unuwersitetiniň   Merkezde hereket edýän ugurlar boýunça kafedralarynyň ýerleşmegi, bir tarapdan näsaglara professor-mugallymlaryň tiz wagtda ýokary hilli maslahatlary bermeklerine, hünärmenleriň gysga wagtda  ähli ugurlar boýunça konsiliumyny geçirmäge, şeýle-de, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamakda, olaryň işini kämilleşdirmekde, kärine ökde lukmanlary taýýarlamakda ähmiýeti  uly bolar.

Bu ugurdaky işiň, Saglygy goraýyş ulgamynyň has-da kämilleşmegine, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň täze binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi-de itergi berýär. Çünki merkezdäki dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlar we kärine ökde lukmanlar ýaşaýşyň gözbaşy bolan saglyk sakasyny berkitmekde jan aýaman zähmet çekýärler.

Il saglygy – ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzda saglyk ulgamyndaky bu belent sepgitler her bir türkmen raýatyny  begendirýär, buýsandyrýar. Türkmenistan döwletimiziň  halkara derejesindäki at-abraýyny has-da  beýgeldýär. Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistan döletimizde, goý mydama sagdynlyk hem agzybirlik höküm sürsün!