СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Центре ОБСЕ в Ашхабаде обсуждены новые направления работы по предотвращению гендерного насилия 21 Ноябрь 2024 г., 12:25Талантливая молодежь Туркменистана отмечены высокими наградами 21 Ноябрь 2024 г., 12:13В Ашхабаде обсуждают ключевые аспекты присоединения к ВТО 21 Ноябрь 2024 г., 12:03Туркменистан и ЕС усиливают партнёрство для развития Транскаспийского коридора 21 Ноябрь 2024 г., 11:57В Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча заместителя министра Азата Атаева с Кристиной Хемшайер 21 Ноябрь 2024 г., 11:46Победители и призеры международного теннисного турнира Ashgabat Open 2024 21 Ноябрь 2024 г., 11:41

Işe nähili ýerleşmeli?!
18 Июль 2014 г., 17:24

Tomus raýatlarymyzyň iş gözleýän pasly diýsegem boljak. Dogry, bu ýyl Türkmenistanda orta mekdepleriň on bir ýyla geçmegi bilen okuwçylaryň gutardyşy bolmady, emma muňa garamazdan, daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlarymyzyň  ýüzlerçesi, şol sanda ýurdumyzyň ýörite hünärmen mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyzyň bir topary öz ugurlaryndan işlemek üçin iş gözleginde bolarlar. Bellemeli tarapy öz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyz öz hünär–ukybyna laýyklykda iki ýyllyk işe ugradylýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň içinde ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyzda „iş tapmaly“ diýen alada ýok.

Gizlin zat däl, häzir iş gözleýän raýatlarymyz köplenç halatda öz ugurlaryndan iş tapmak üçin tanyş–biliş gözläp başlaýarlar. Emma häzir döwlet tarapyndan her bir işe ýerleşmek isleýän raýatlarymyza ýörite kömek edýän edara bar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligininiň garamagynda ýudumyzyň her bir welaýatynda, her bir welaýatyň tabynlygynda her bir etrabymyzda „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçüligi“ atly edara bar. Bu edara ýurdumyzyň her bir etrabynyň häkimlik edarasynyň ýanynda ýerleşýär. Her aýyň ahyrlarynda 20-25-i aralykda ýurdumyzyň ähli etraplarynyň „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ atly edarasyna her bir etrabyň ähli pudagy boýunça (döwlete we hususy pudaga degişli) boş iş orunlaryň sanawy gelýär. Şol hasabat boýunça bu edara iş sorap gelýänler boş iş orunlara hünär –ukybyna görä işe ýerleşdirilýär.

Häzir her etrabyň „Zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi“ edarasyna şol etrapda iş alyp barýan hususy pudaklar hem näçe iş ornunyň bardygy we iş orunlaryndan näçesiniň boş durandygy hakynda aýma–aý hasabat berýärler. Özem boş duran iş ornuň aýlygynyň näçedigi, iş şertleri hakynda raýatlara goşmaça maglumat berilýär. Şonuň üçin iş gözleýän raýatlarymyz iş tapmak üçin tanyş gözlemäge howlukman, ilki bilen öz ýaşaýan etrabynda ýerleşýän „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ edarasyna ýüz tutsalar has maksadalaýyk bolar. Bu edaranyň işi indi janlanyp başlady, „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ edarasyna ýüz tutup, iş tapýanlaryň sany barha artýar. Elbetde, eliňde hünäriň bolmasa, bu edara ýüz tutanyň bilenem iş tapmak aňsat däl. Şol sebäpli ösüp gelýän ýaş neslimiziň haýsydyr bir hünäriň eýesi bolup, şol hünärden ussatlarça baş çykarmalydygyna düşünmegi zerurdyr.

Dogry, daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlar häzirki hereket edýän düzgünimize görä, diplomlaryny tassykladyp, onsoň işe ýerleşmeli. Ýöne diplom tassyklatmak hem hünäriňi bilseň, beýle bir kyn iş däl. Daşary ýurtda bilim alan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bilim institutyna ýüz tutmagy we şol ýerde özüniň daşary ýurtda haýsy okuw jaýyny tamamlandygyny, terjimehalyny beýan etmegi zerur.Türkmenistanyň Bilim institutynda daşary ýurt diplomlaryny ykrar edýän döwlet topary bar. Ol topar iýul-awgust aýlarynda, has dogrusy, ýaşlar diploma eýe bolup gelýän döwürleri ýüztutmalar esasynda doly güýjünde işleýär. Ýylyň beýleki döwürlerinde bolsa, ol döwlet toparynyň ýüztutmalaryň toplanyşyna laýyklykda iş alyp barýandygyny aýtdylar. Diplomyňy ykrar etdirmek üçin öz eýe bolan hünäriňe mynasypdygyňy, türkmen dilini we halkymyzyň taryhyny ýokary bilimli ynsanyň derejesinde bilýändigiňi şol döwlet toparynyň öňünde söhbetdeşlik esasynda subut etmek gerek. Diplomyňy ykrat etdirmegiň kyndygy, tanyş tapmalydygy hakyndaky gürrüňleriň esasy ýokdur.

Diplomy ykrar edilen adama Bilim Ministriniň goly bilen ýörite ykrarnama berýärler. Ol ykrarnamanyň ýüzünde raýatyň haýsy daşary ýurt okuw jaýyna haçan girendigi, haýsy ýylda tamamlandygy takyk senesi bilen ýazylýar. Şol ykrarnamany alan raýat işe girende, ondan diplomy dälde, ykrarnamasynyň nusgasy diplomyň ýerine kabul edilýär. Häzirlikçe, daşary ýurtda diňe gündizki bölümde okuwyny tamamlanlara ykrarnama berilýär. Ýöne ýakyn wagtda daşary ýurtda gaýybana okuwyny tamamlanlara hem ykrarnamanyň beriljekdigine umyt edilýär. Emma daşary ýurt ýokary okuw jaýyny gaýybana tamamlap, döwlet edarasynda işläp ýörenlerem az däl. Esasanam hususy pudagyň ýolbaşçylary raýatlary işe alanlarynda olaryň haýsy ýokary okuw mekdebini tamamlandygyna garap, olary işe alman, her bir adamyň iş bilişine görä raýatlary işe kabul edýärler. Indi ýuwaş–ýuwaşdan tanyş–bilişlik esasynda raýatlary işe kabul etmegiň galyp barýandygyny duýmak kyn däl.

Häzir Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt firmalarynda, ýerli hususy pudakda, käbir döwlet edaralarynda, hatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynda hem daşary ýurtda ýokary bilime eýe bolup, alan diplomyny ykrar etdirmezden işläp ýörenler az däl.

Ýöne daşary ýurtda alan diplomyňy ykrar etdirmezden, iş tapmagyň çetindigini aýdýanlaram bar. Şonuň üçin daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlar ilki bilen alan ýokary bilimlerini ykrar etdirmegiň ugruna çyksalar gowy bolar. Diplomy ykrar etdirmek üçin Türkmenistanyň Bilim institutyndaky döwlet toparyna ýüz tutup, söhbetdeşlikden geçip, ykrarnama alanlara öz ugurlaryndan ýaşaýan ýerleri boýunça iş hödürlenýändigini hem ýatlatmak isleýärin.  Şol sebäpli ilki diplomyňy ykrar etdirmegiň ugruna çyksaň, hem diplomyňy ykrar etdirip, hem öz ukybyňa, alan hünäriňe laýyk iş tapyp biljekdigiňi hem unutmaly däl.

Häzir ýurdumyzda döwlet ähmiýetli uly gurluşyklar alnyp barylýar. Şol gurluşyklara köp hünärmenler gerek. Hatda Aşgabat şäherinde iş alyp barýan hususy pudaklar ýa bolmasa daşary ýurt firmalar  ýazgy soramazdan ökde hünärmeni işe kabul edýärler.  Edil häzir gara işde ökde suwagçy, galypçy ýaly hünärlerde aýda 2 -3 müň manat aýlyk alýan raýatlarymyz barmak büküp sanardan köp. Ýa bolmasa iňlis, rus, arap, ýapon, koreý hem beýleki dilleri bilip, terjimeçi, arhitektor, nanatehnologiýany bilýän ýaş hünärmenlerimiz aýda 3-5 müň manat aralykda aýlyk alýarlar. Şu ýylyň fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň bir mežlisinde ýörite raýatlaryň iş bilen üpjünçiligi meselesine garaldy. Şol mežlisde edil häzir ýurdumyz boýunça 23 müňe ýakyn iş orunlaryň boş durandugy, şol iş orunlara mynasyp hünärmenleriň gözlenýändigi we ýyl ahyra çenli häzirki boş duran iş orunlary hasaba almak bilen 56 müňe ýakyn iş orunlaryň dörediljekdigi hakynda döwlet baştutanyna habar berildi.

Ýurdumyzyň her bir welaýatynyň we etrabynyň „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ edarasynda boş duran hem täzelikde açylan iş orunlaryň sanawy bar. Mahlasy, häzir hünärini gowy bilýän raýatlarymyza ýurdumyzyň islendik künjeginde päsgelçiliksiz işe ýerleşmäge doly mümkinçilik bar.  Ynha,  şu hakykat aýdylsa ýagşy.

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.