СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Центре ОБСЕ в Ашхабаде обсуждены новые направления работы по предотвращению гендерного насилия 21 Ноябрь 2024 г., 12:25Талантливая молодежь Туркменистана отмечены высокими наградами 21 Ноябрь 2024 г., 12:13В Ашхабаде обсуждают ключевые аспекты присоединения к ВТО 21 Ноябрь 2024 г., 12:03Туркменистан и ЕС усиливают партнёрство для развития Транскаспийского коридора 21 Ноябрь 2024 г., 11:57В Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча заместителя министра Азата Атаева с Кристиной Хемшайер 21 Ноябрь 2024 г., 11:46Победители и призеры международного теннисного турнира Ashgabat Open 2024 21 Ноябрь 2024 г., 11:41

Zeminiň görki
03 Июль 2013 г., 09:41

Zenanlara bolan sylag-hormat öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Berkarar Watanymyzda türkmen gelin-gyzlarynyň mertebesi belent tutulýar.Bu günki gün türkmen zenanlary maşgalada we işde, durmuşda we döredijilikde, sungatda we ylymda, saglygy goraýyşda we ykdysadyýetde, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hatarynda hem göreldeli zähmet çekmek bilen, ata Watanymyza, halkymyza ak ýürekden gulluk edýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda aýal-gyzlar ýokary jemgyýetçilik-syýasy dereje eýedir. Olaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly dereje üpjün edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda aýallaryň deňhukuklylygy kepillendirilýär.Türkmenistanyň “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Bitewi kanunynda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramagyň, olaryň zähmet çekmegi, bilim almagy, saglygyny goramagy, beýleki durmuş eşretlerinden peýdalanmagy üçin şertleriň berk hukuk binýady goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly adyň döredilmegi bagtyýar geljegimiziň sagdyn we ruhubelent neslini ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimize goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.Şol Permana laýyklykda, şu güne çenli sekiz we şondan köp çagaly eneleriň ýüzlerçesi bu hormatly ada mynasyp boldy. Ýar ojagyny saklap oturan enelerimize Türkmenistanyň “Durmuş üpjünçilik hakynda” Bitewi kanunyna laýyklykda pul kömekleriniň berilmegi, ýaş çagalary enelerimize çaga pullarynyň berilmegi türkmen zenanlaryna bolan belent sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Aýallaryň hukuklary-her bir adamyň umumy hukuklarydyr, şeýle hem zenanlaryň dyrmuş we maşgala ýagdaýynyň tapawutly aýratynlyklary bilen häsiýetlendirilýän özboluşly hukuklaryň hem azatlyklaryň birnäçesiniň jemidir. Halkara resminamalaryň ençemesinde aýallaryň hukuklary doly ýa-da bölekleýin berkidilýär. Meselem, BMG-niň Düzgünnamasynda erkekleriň we aýallaryň deňhukuklygy umumy görnüşde ýörelgeleýin häsiýetde berkidilýär.Ählumumy adam hukuklary hakynda Jernamadada BMG-niň Düzgünnamasyndaky şol kada salgylanylýar. Şeýle hem Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara Partda, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda halkara Paktda, Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) 1958-nji ýyldaky Zähmet we meşgullanmak çygrynda kemsidilmeler (diskriminasiýa) hakynda, 1951-nji ýyldaky Birmeňzeş zähmet üçin erkekler bilen aýallaryň deň hak almagy hakynda Konwensiýalarynda, bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO-nyň) 1960-njy ýyldaky Bilim çygryndaky kemsidilmelere garşy göreş hakynda Konwensiýasynda, BMG-niň 1967-nji ýyldaky Aýallar babatda kemsidilmeleri ýok etmek barada Jarnamasynda, 1952-nji ýyldaky Aýallaryň syýasy hukuklary hakynda Konwensiýada aýallaryň hukuklary berkidilen.Bu resminamalrda erkekler bilen aýallaryň deňhukuklygynyň bozulmagynyň kanun esasynda jogapkärçilige getirilýändigi kesgitlenýär.

Bu günki gün Diýarymyzda enelere, gelin-gyzlara aýratyn uly sarpa goýulýar. Döwletimizde zenanlara, okamaga, maşgala gurmaga, çaga terbiýelemäge ähli ýagdaýlarda doly hukuklar berilendir. Türkmen zenanlarynyň jemgyýetde tutýan orny berkidýän, deňhukuklygy kepillendirilen milli kanunçylygymyz täze röwüşli hukuk namalaryň kabul edilmegi bilen barha berkidýär. Gelin-gyzlaryň hukuklary “Aýallaryň deňhukuklylygynyň döwlet kepillendirmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny arkaly kepillendirýär. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny döwletimiziň içerki kanunlarynda kadalaşdyrmak bilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleridir kadalaryndan gözbaş alýar.Türkmenistanda hukuklary kanun esasynda goralýar.Güneşli Diýarymyzyň aýal-gyzlarynyň hukuk taýdan deňliginiň we jemgyýetdäki, maşgaladaky ornunyň kesgitlenilmegi, zenanlar meselesiniň döwlet derejesinde doly çözülendiginiň ýkrarnamasydyr. Bu bolsa döwletimizde zenanlara goýulýan çäksiz hormatdan nyşandyr.Göwrelilik boýunça tölegli hem çaga seretmek boýunça rugsatlaryň berilmegi, çaga dogulanda üç ýaşa çenli çagalar üçin döwlet kömek pullarynyň berilmegi we olaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy, zähmet baradaky kanunçylykda ýaş çagaly işleýän zenanlara aýratyn ýeňillikleriniň göz öňünde tutulmagy, 14 ýaşa çenli çagalar üçin lukmançylyk kömeginiň mugt edilmegi, ösen dünýä ülňelerine kybap gelýän “Ene mähri” merkezleriniň, çagalar barlagynyň hem mekdepleriniň, sport, saglygy goraýyş, medeni desgalaryň yzygiderli gurulmagy, urşuň yzynda galan kümüş saçly eneleriň sarpalanylmagy we şuňa meňzeş zenanlary hormatlamak üçin edilýän işler “sanasaň, sogaby bar” diýileni.

Biziň halkymyzda Watana, öý-ojagyna, söwer ýaryna wepaly bolmak häsiýetine, misli, ata-babalarymyzdan ganymyza geçen mukaddeslik hökmünde garalýar. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, mukaddes Watany goramak üçin eline ýarag alanlaryň içinde biziň ýurdumyzyň merdana zenanlarynyň bolmagy hakykatdyr. Urşa giden söwer ýarlaryna, öý-ojaklaryna wepaly bolup, heniz-henizler hem ýanýoldaşlary gapydan giräýjek ýaly duýguny başdan geçirip, gözleri ýolda galan, wepadarlygyň belent nusgasy bolup oturan kümüş saçly enelerimiziň aramyzda bardygy ýaş neslimize terbiýe mekdebidir. Ýurdumyzda şeýle zenanlara uly hormat, sarpa goýulýar.

Aýsoltan Saparowa