СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Центре ОБСЕ в Ашхабаде обсуждены новые направления работы по предотвращению гендерного насилия 21 Ноябрь 2024 г., 12:25Талантливая молодежь Туркменистана отмечены высокими наградами 21 Ноябрь 2024 г., 12:13В Ашхабаде обсуждают ключевые аспекты присоединения к ВТО 21 Ноябрь 2024 г., 12:03Туркменистан и ЕС усиливают партнёрство для развития Транскаспийского коридора 21 Ноябрь 2024 г., 11:57В Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча заместителя министра Азата Атаева с Кристиной Хемшайер 21 Ноябрь 2024 г., 11:46Победители и призеры международного теннисного турнира Ashgabat Open 2024 21 Ноябрь 2024 г., 11:41

Bagtyýar çagalar-Watan geljegi
20 Май 2014 г., 18:23

Ata Watanymyzda diňe bir agzybir we zähmetsöýer halkymyzyň şu güni barada alada etmek bilen çäklenilmän, eýsem eziz Diýarymyzyň geljeginiň has-da gözel bolmagy barada uly tagallalar edilýär, bimöçber işler ýerine ýetirilýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň geljegini ösüp gelýän ýaş nesilde görýär. Edilýän tagallalaryň netijesinde bilim we terbiýe ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler we olaryň netijesinde ýetilen sepgitler has guwandyryjydyr.

Çagalar mähriban Watanymyzyň buýsanjy we guwanjydyr. Olary sowatly, bilimli edip ýetişdirmek, milliligimiziň esasynda edep-terbiýe bermek bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň esasy wezipesi bolup durýar.  Milliligimiziň esasynda berilýän terbiýäniň başlangyjy, elbetde, maşgalada goýulýar. Soňra olar çagalar baglarynda we mekdepde bilim-terbiýe almaklaryny dowam etdirýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpgöter üýtgeýän, ajaýyp binalary bilen täze görnüşe gelýän obadyr-şäherlerimizde döwrebap bilim we terbiýe ojaklarynyň  sanynyň barha artýandygy ata-eneler üçin uly goldaw bolup durýar.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bu çagalar baglarynyň enjamlaşdyrylyşy, çagalaryň terbiýe we bilim almaklary bilen bir hatarda, olaryň bedenlerini berkitmekleri we dynç almaklary üçin döredilen şertlerdir. Aýratyn-da ýatylýan otaglaryň ýumşak we çagalara amatly mebeller bilen üpjünçiligi, oňat enjamlaşdyrylan sport zallary diýseň göwnüňi göterýär. Şeýle-de häzirki zaman kompýuter tehnikasy oturdylan dil öwrediş otaglary körpelere häzirkizaman tehnologiýalarynyň başlangyçlary bilen tanyşmaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge we mekdebe taýýarlanmaga oňyn mümkinçilikleri döredýär. Çagalarymyz üçin niýetlenen şeýle ajaýyp merkezleriň sany gün-günden köpelýär.

Şeýle ajaýyp çagalar baglary mermer paýtagtymyz Aşgabatda hem yzygider bina edilýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda şäherimizde her biri 160 orunlyk bolan, jemi 20-den gowrak çagalar bagy gurulyp ulanylmaga berildi. Üstümizdäki ýylda hem 8 sany çagalar bagy gurulyp ulanylmaga beriler. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda 160-dan gowyrak çagalar bagy bolup, olarda körpelerimiziň 41 müňe golaýy terbilenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň durmuşy günbe-günden has belent derejelere galýar. Çagalar we eneler barada ediýan aladalaryň, halkyň hal ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň netijesinde täze dünýä inýän balalarymyzyň sany barha artýar. Şu nukdaý nazardan, täze gurulýan binalar bilen bir hatarda, öňden hereket edýän çagalar bagynyň hem durky we enjamlary yzygider kämilleşdirilýär. Çagalar bagyna täze körpeleri kabil etmek işi hem kämilleşdirilýär. Şäherimiziň çäkleriniň giňelmegi bilen baglanşykly, çagalaryny ýerleşdirmek isleýän ata-eneler üçin amatly bolar ýaly, olary kabul edişlik Baş bilim müdirliginde däl-de, eýsem her  etrabyň çäklerinde aýratynlykda amala aşyrylýar- bu bolsa bütin şäher boýunça isleg bildirýänleriň bir ýerde toplanmagynyň we nobatyň emele gelmeginiň öňüni almaga ýardam edýär. Baş Bilim müdirliginiň, çagalar baglarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hormatly eneleriň we atalaryň wekillerinden ybarat bolan ýörite döredilen iş toparlary hereket edýär. Bu toparlarda her bir ata-ene uly hormat bilen kabul edilýär, diňlenilýär we olaryň islegleri kanagatlandyrylýar. Esasy ýüze çykýan mesele, ol hem aglaba ata-eneleriň öz çagalaryny soňky döwürde gurulan, amatlyklary has ýokary derejede bolan çagalar baglaryna ýerleşdirmek islegleri bolup durýar. Bu mesele hem döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şähergurluşyk meýilnamasynyň esasynda yzgider çözülýär. Her bir emele gelýän täze ýaşaýyş toplumlarynda hökmany suratda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň  ýeterlik sany gurulýar we ulanylmaga berilýär. Bu bolsa Berkarar Watanymyzyň ýaş nesilleriniň biliminiň  we terbiýesiniň has belent sepgitlere ýetjekdiginiň kepilnamasydyr.