Ozup geçen arzuwlar
23 Январь 2014 г., 19:13
Ýaşlar watanyň guwanjy hem-de ertirki günüň beýik daýanjy. Şonuň üçin-de, Türkmenistanda ýaşlara hormat gözi hem-de uly ynam bilen garalýar. Eger-de, üns berýän bolsaňyz ýurduň edara - kärhanalaryna ýolbaşçylyk edýänleriň aglaba köp bölegi ýaşlardan ybarat. Ine, diňe şu hakykatyň özi-de, ýaş nesil hakdaky aladanyň çuň manysyndan aýdyň delildir. Watan söýüji hem-de maksada okgunly şeýle-de, armany- ýadamany bilmeýän, ösen döwrüň tälimi bilen kemsiz terbiýelenen, ylymly-bilimli, ýurdy ösdürmegiň iawasiýalar ugry bilen dem alýan, giň dünýä garaýyşly ýaş nesil bilen işleşmek özüniň oňat netijesini berýär. Şonuň üçin-de, hatarynda ýaşlar bolmadyk ýekejede pudagy göz öňüne getirmek mümkin däl. Bir söz bilen aýdanyňda watan her bir işde ýaşlara bil baglaýar.
Okamak, öwrenmek, bilmek islegi hem-de döretmek höwesi bilen galkynýan ýaşlaryň maksada okgunlylygy gün saýyn artýar. Indi bütin dünýäniň halklary ýaly türkmen ýaşlary-da, internet hyzmatlaryndan hem-de öýjükli telefonleryndan doly peýdalanýar. Türkmenistanyň Preziddenti tarapyndan bütin döwlet gurşawynda ýaşlar hakynda edilýän aladalar hat-da ýaşlaryň özleriniň edýän şirinden - şirin, süýjiden - süýji arzuwlaryndan-da öňe ozup gitdi. Ol öňe ozup geçmäniň yzyna diňe öz ganatly pikirlerine hem-de beýik maksatlaryna atlanan ýaşlar eýerip biler.
2013-nji ýylyň awgust aýynyň 16-syna, geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde, döwletiň durmuşyna degişli birnäçe möhüm wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakyndaky kararyň taslamasy hödürlendi. Bitewi elektron ulgamynyň ýurdumyzyň merkezi kitaphanalarynyň 76–syny birleşdirjekdigi baradaky, şeýle-de kitaphanalaryň arasyndaky maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak üçin olary tiz hereketli aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan, maddy-enjamlaýyn binýady emele getirmek wezipeleri öňe sürüldi.
Bu karar giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýaşlaryň begenjini bolsa söz bilen düşündirmek mümkin däl. Kitabyň gatyny açyp, onuň maňzyňa batýan jümlelerini öwran - öwran gaýtalap okamak amatly bolsa-da şu günki elektron habarlara, maglumatlara işdäli okyjylaryň höwesli nazary elektron kitaplarda uzak eglenýär. Şonuň üçin-de, birmahalky derilere, daşlara oýulyp ýazylan, düýrme, kitaplaryň peýdalanmakdan galyşy ýaly, şu günki kagyz kitaplaryň öz ornuny elektron kitaplar bilen çalyşylmagyndan howatyrlanmalar az däl. Her nämede bolsa beýle öwrülişikler bolan ýagdaýynda-da kitaphana işgärleri üçin geljekde-de hiç hili päsgelçilik bolmaz. Okamaga höweslendirmek meselesinde kitaphanalar hemişe öňdebaryjy hatary eýeleýärler. Kitaphanaçylaryň işleri barha köpelýär. Kitaphana işgärleriniň öňünde döwürleýin metbugatda çap edilýän gymmatly maglumatlary toplamak ýagny elektron kartoteka ýüklemek, şonuň ýaly-da bitewi elektron katalog ulgamyny döretmek ýaly anyk işleri amala aşyrmagyň nobatdaky tapgyry dur. Kitaphanalar uç-gyraksyz akyl, pikir, gözýetim giňişlikleri bolup hyzmat edýärler. Şonuň üçin-de kitabyň gatyny açsaňyz - onda siz hökman geljegiň altyn gapysyny açarsyňyz.