СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Что покажут в театрах Ашхабада в эти выходные Сегодня, 08:59В Центре ОБСЕ в Ашхабаде обсуждены новые направления работы по предотвращению гендерного насилия 21 Ноябрь 2024 г., 12:25Талантливая молодежь Туркменистана отмечены высокими наградами 21 Ноябрь 2024 г., 12:13В Ашхабаде обсуждают ключевые аспекты присоединения к ВТО 21 Ноябрь 2024 г., 12:03Туркменистан и ЕС усиливают партнёрство для развития Транскаспийского коридора 21 Ноябрь 2024 г., 11:57В Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча заместителя министра Азата Атаева с Кристиной Хемшайер 21 Ноябрь 2024 г., 11:46

Häzirki döwrüň talyplary
31 Декабрь 2013 г., 11:30

Türkmenistanyň milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalanmagyna ýardam berýän kämil bilim ulgamyny döretmegi, adam kapitalynyň hil häsiýetlerini ýokarlandyrmagy, milli ykdysadyýetiň hemme pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmegi, ösüp gelýän ýaş nesliň bilim hem ruhy taýdan döwrüň talabyna laýyk gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň orta hünärment we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara hünär bilimlerini bermekligiň giň mümkinçilikleri bar.  Olarda ýaşlarymyzyň müňlerçesi hünär bilimlerini alýarlar. Bu ýaşlar jemgyýetde öňdebaryjy, giň dünýägaraýyşly, işjeň durmuş keşbini alyp barýan talyplar gatlagyny emele getirýär.

Talyplyk döwri adamyň kämillik ýolunyň başlanýan döwrüne gabat gelýär. Şeýle bolansoň, ýaşlarymyzyň bu döwürde hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegi, olaryň hünär endiklerini doly we dogry ele almaklary, geljekde jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny eýelemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.      

Häzirki zaman jemgyýetde talyplyk durmuşy ýaşlaryň kämilleşmegi üçin uly mümkinçilikleri açýar. Talyplar dersleri özleşdirmek üçin köp okuw kitaplaryny okamaly bolýarlar. Ol bolsa, öz gezeginde, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär. Häzirkizaman tehnologiýalaryň yzygider we çalt depginli ösýän şertlerinde talyplar kompýuter tehnikasyndan, okuw enjamlaryndan doly peýdalanmak mümkinçiliklerini ele almalydyrlar.  Munuň özi talybyň hünär endiklerini kämil ele almagyna ýardam berýär.

Talybyň ýaşaýyş  durmuşy hem kämillige ýetmegiň bir ugrudyr. Talyplar okaýan döwründe özüne täze dostlaryny, pikirdeşlerini tapyp bilýärler we özüňi alyp barmagyň medeniýetini öwrenýärler. Umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyplar özbaşdak hojalygy ýöretmegiň käbir endiklerini ele alýarlar. Başgaça aýdylanda, olar nahar taýýarlamak, egin-eşiklerini arassalamak, ýaşaýan ýerlerini arassa saklamak ýaly endikleri öwrenýärler.

Ýurdumyzyň orta hünärment we ýokary okuw mekdeplerinde hünär bilimini alýan talyp  ýaşlaryň okuwlary döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Şeýle hem, okuwlaryndan ýetişýän tayplaryň hemmesine döwlet tarapyndan talyp haklary berilýär. Aýratyn tapawutlanýan talyplara bolsa, höweslendiriş çäresi hökmünde, ýokarlandyrylan we atly talyp haklary berilýär.

Talyplaryň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilýän bäsleşikleriň örän uly ähmiýeti bardyr. Ders bäsleşikleri häzirki döwrüň talyplarynda okuwa höwesli çemeleşmäge, hünär endiklerini has kämil ele almaklyga uly mümkinçilikleri döredýär. Döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan talyplara höweslendiriji baýraklar gowşurylýar.

Ylmy jemgyýetçiligiň işine işjeň gatnaşmak hem häzirki döwrüň talyplaryna mahsusdyr. Her ýylda orta hünärment we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýüzlerçesi döwlet derejesinde yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiklerine gatnaşýarlar. Häzirkizaman ylmy-tehniki ösüşiň çalt depgini dürli ugurlardan ylmy işlere talaplary has ýokary derejelere ýetirýär. Şol sebäpli, ylmy-barlag işlerini alyp barýan talyplar, öz halypalarynyň ýolbaşçylygynda has köp okap, zähmet çekip, ylmy açyşlara, garaýyşlara jogapkärli çemeleşmeli bolýarlar. Häzirki döwrüň talyplarynyň ykdysadyýetimiziň ol ýa-da beýleki pudaklarynyň meseleleri boýunça ylmy barlaglary alyp barmagy üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Hususan-da, talyplaryň okaýan okuw mekdepleriniň, hünärine ugurdaş edara-kärhanalaryň ylmy barlaghanalarynda tejribeleri geçirmäge doly mümkinçilikleri bar. Öz ele alýan hünärleri we ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barmaga ukyby bolan talyplaryň geljekde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda zähmet çekmeine hem giň mümkinçilikler döredilýär.

Talyplyk döwri ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hem mümkinçilikleriniň ýokary bolan döwüri hasaplanylýar. Şu nukdaý nazardan, ýurdumyzyň ähli derejedäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda bedenterbiýä we sporta uly uns berilýär. Ähli okuw mekdeplerinde ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň maddy mümkinçilikler döredilendir. Şeýle hem, sportyň dürli görnüşlerinden talyp ýaşlaryň arasynda ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýanlaryň aglabasynyň talyp ýaşlardygy bu ugurdaky işleriň netijeliligini alamatlandyrýar.

Häzirki döwrüň talyplary jemgyýetimiziň has işjeň, öňdebaryjy gatlagynyň wekili bolmak bilen, jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýarlar. Hususan-da, talyplaryň watansöýüjilik, dost-doganlyk, milli däp-dessurlarymuyza hormat goýýan, döwrebap, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin okuw mekdeplerinde ähli şertler döredilendir. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen ýurdumyzyň taryhy, medeni merkezlerine gezelenç edýärler. Şeýle hem, talyplaryň arasynda medeni-köpçülik we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Talyplar bilen geçirilýän okuw, terbiýeçilik, ylmy, medeni-köpçülik, sport we ýaşaýyş-durmuş çäreleriniň esasy maksady bolsa olaryň kämil, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, hünär endiklerini doly ele alan ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmakdan ybaratdyr. Türkmenistan döwletimiziň häzirki döwrüň talyp ýaşlary baradaky tagallalary ýurdumyzyň geljekki ösüşini şertlendirýär we özüniň oňyn miwelerini berýär.