Beýik söýginiň ýeke-täk watany
27 Декабрь 2013 г., 11:08
Allatagala Söýgi atly gudratly närsäni döredip, ilki bilen ony akar suwuň ykbalyna ýazgyt edipdir. Emma, yşгa uçran akar suw hanasyna sygman derýalara dolupdyr. Derýalar joşup deňze guýlupdyr. Deňiz möwjäp, ýer-ýüzüne daşypdyr. Şeýdip, bütin älem-jahan suwa gark bolupdyr. Bu ahwalaty görüp, Allatagala söýgi atly gudraty suwyň gursagyndan sogrup alyp, ony çoguň gursagyna salypdyr. Emma, yşka uçran çoguň haly suwuňkydan-da beter bolupdyr. Söýginiň ataşy, çogyň odyny ölçeripdir. Ol ot alowa öwrülip, tutaşyp gidipdir. Şeýdip, bütin ýer-ýüzini ot alypdyr. Ähli zady ýakyp-ýandyryp, ahyrynda-da bir gysym küle öwrülip duryberipdir. Bu ahwalaty synlan Allatagala ýene gaýtmyşym edip, söýmek takdyryny “Şü-ýä çeker” diýip zeminiň myhy bolup duran berk daglaryň ykbalyna ýazgyt edipdir. Emma, söýgi derdini çekerden beýik-beýik daglar hem çökder gelipdir. Yşka uçran beýik dag ol derdi çekip bilmän onuň goýny jarka-jarka ýarylyp owunjak daşlara öwrülip, zire - zire çägejiklere siňip gidipdir. Bu ahwalaty synlan Allatagala söýgi atly derdeseri uç - gyraksyz Arşyň takdyryna möhürläpdir. Emma, yşka uçran Arşyň haly beýlekileriňden-de müň esse teň bolupdyr. Gökde ýyldyrym çakyp, bulut - buludyň üstüne sürünip, bu boluşa heşelle kakan garry mama gökde sanawajyny kakyp bolmajasy bolupdyr. Allatagala ondan soňra yşky - ataşy goýun ýaly ümsüm bolup ýatan zeminiň ýüregine salypdyr. Göýgüden ýaňa ýüregine gulgula düşen zemin ornundan gozganyp, onuň goýny jaýryk - jaýryk bolup, sarsyp gidipdir. Ylla diýersiň wagt geçip, oýulan gör ýaly, çöwrülen goýny pers - ala bolupdyr. Ezeliň bu ahwalatyny, aradan ep - esli ýyllar geçensoň, geçmişi aýan görüp, geljegi takyk nazarlap bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy :
Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyny assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip çeke bilmez bu derdi.
Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýwatly, kuwwatly daglar,
Daşlar eräp çeke bilmez bu derdi.
Kimdir yşkyň ýükün çeken merdana?
Pelek gördi – gorkup düşdi gerdana,
Zemin jünbüş eýläp, oldy lerzana,
Çöller - düzler çeke bilmez bu derdi.
Behişt gaçyp çykmyş arşyň öýüne,
Tamug gorkup inmiş ýeriň teýine;
Gaçdy derýa, aldy adam boýuna,
Tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi.
Magtymguly çekseň derdi-düwünden,
Asy bolup, şikat etme bu günden.
Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi...
diýip, onuň derdiniň dagy - daşy eredip bilýän ägirt uly güýçdigini öz goşgysynda nygtap geçipdir. Köňül derýaňy suwlap, gözel duýgyňy köwläp, akyl - huşyňy kowalap, bütin erk - ygtyýaryňy eliňden alan ol söýgi indi, goşgy galybyna sygman, mazaly gaýnamy ýeten süýt kimin çogup daşa dökülip başlady. Ilki owazlanyp aýdylan goşgynyň soňy heňe ýazdy. Heňiň yzy saza ýazdy. Edil bal bilen ýagyň garylyşy ýaly beýik söz bilen beýik sazdan dörän gudrat, aýdym bolup, al - asmana göterildi. Ine, şeýdip beýik hem-de elýetmez söýgi jadyly aýdym bolup ýüreklere kürsäp doldy.
Owalbaşky söhbetimize dolansak, Allatagala zeminiň düşen halyna gyýylyp, uzak oýa batypdyr. Birden-de: “Gel şu söýgi atly gudraty, yşgy - ataşy ynsan bendeleriniň ýüregine salyp göreýin” diýip oýlanypdyr. Şeýdip, ol söýgi kysmatyny toprakdan ýaradylsa-da, başy daşdan gaty bolan ynsan balasynyň ykbalyna ýazgyt edipdir. Görse, yşga uçran bendesi ýa şahyr bolupdyr ýa-da bagşy bolupdyr. Söýgisi wysal tapmadyk aşyk - magşuklar welin juda bolmasa telbe bolup daga - düze çykypdyr. Söýgi atly jadyly gudrat olara egsilmez güýç - gaýrat we hiç kimiň berip bilmejek çäksiz bagtyny bagyş edipdir. Ynsan söýgüsi aýdym - saz bolup ýüreklere teselli beripdir. Garaz, ýaşaýyş üçin hiç hili howp - hatar ýokmuşyn.
Hawa, иslendik dilde ýaňlanýan söýgi aýdymy terjime talap etmeýär. Sebäbi, söýgi hakda aýdym aýdylanda, onuň sazy-da, sözü-de ýüregiň taryna kakýar. Yşky - liriki aýdym ýüregiň gürsüldisi, ýüregiň urgusy bilen deň gopýar. Aýdym adamlaryň derdini dep edýär. Ol ynsan kalbyna aram, rahatlyk bagyş edýär. Söýgi aýdymy ähli ýüreklere hoş gelýär.
Çünki, söýginiň ýeke-täk watany bar. Ol-da bolsa ýürek. Ýürekden çykan söýgi aýdymy ýene-de söýgi şasy bolup özüniň berkarar watany bolan söýgi mülkinde baky mesgen tutýar.