СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Туркменистане торжественно наградят ветеранов Великой Отечественной войны Сегодня, 11:40Туркменский банк внедрит сервисы «Интернет-банк» и «Мобильный банк» Сегодня, 11:35В Туркменистане создан Оргкомитет по подготовке к 33-й годовщине независимости Сегодня, 11:10Туркменистан и Пакистан нацелены на углубление двустороннего партнерства Сегодня, 11:04На рынках Туркменистана наблюдается богатый выбор продуктов питания Сегодня, 10:56Научные ведомства рукописей Туркменистана и Грузии подписали меморандум Сегодня, 10:53

Bagtyýarlyk eýýamynyň belent sepgitleri
10 Декабрь 2013 г., 17:37

Ykdysady öşüşde öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetilmeginde döwlet maksatnamalarynyň döwrebap we kämil bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanynda ykdysady öşüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň has giňelmegi, ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünliginiň şertlerinde Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi Türkmenistany ykdysady-syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny hem has kämilleşdirmegi talap edýär. Hut şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz örän ýerlikli we wajyp wezipäni öňe sürdi. Döwrebap, kämilleşdirilen we 2030-njy ýyla çenli niýetlenen toplumlaýyn maksatnamalaryň işlenip düzülmegi ykdysady işiň netijeliligini artdyrmakda milli ykdysadyýetiň öňünde möhüm ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak – munuň özi, başgaça aýdylanda, ykdysadyýetiň köp ugurlar bilen ösdürilmegini aňladýar. Mysal üçin, Garaşsyzlykdan öň Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe oba hojalygyna bagly bolup, ol düýbünden diwersifikasiýalaşmadyk ykdysadyýetdi. Diwersifikasiýalaşmak derejesi ýokary bolan ykdysadyýet has garaşsyz, has durnukly we ynamly ösýän ykdysadyýetdir. Munuň özi, türkmen ykdysadyýetiniň hem esasy aýratynlygyna öwrüler. Çünki döwlet Baştutanymyz diňe bir bu meselä üns bermek bilen çäklenmän, eýsem bu ugurda anyk işleriň hem durmuşa geçirilmegini gazanýar. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasyny gysga möhletlerde tamamlamaly, ähli pudaklary çalt depginler bilen ösdürmeli. Ýurdumyzda ähli önümleriň ýokary hilli öndürilip, olaryň eksport edilmegini biz öz öňümizde esasy maksatlaryň biri edip goýmalydyrys».

Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýar. Mysal üçin, nebitgaz pudagynda biz tebigy gazy daşary ýurtlara ýerlemegiň ugurlaryny artdyrmak bilen, bu babatda öňe möhüm ädim ätdik. Oba hojalygyny mysal alyp görenimizde, ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynda pagta, bugdaý, şaly ýaly önümleriň önümçiligini artdyrmak bilen bir hatarda, gök-miwe, bakja önümleriniň köp görnüşini, maldarçylyk, guşçulyk önümlerini ýurdumyzda öndürmek, ilaty özümizde öndürilen oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, hatda daşary ýurtlara hem satmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreler önümçilige berilýän ýeňillikler, maýa goýumlary, oba hojalygynda hususy önüm öndürijileri goldamak ýaly çäreler bilen hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar.

Pudaklarda meýilleşdirilýän ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek, işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak we täzeden enjamlaşdyrmak işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti çig mala bagly ykdysadyýet bolmakdan doly saplanyp, senagat taýdan ösen, möhüm önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan köpugurly ykdysadyýet derejesine göterilýär.

Ýurduň bank ulgamynyň öňünde manadyň ýörgünliligini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary ýokarlandyrmak, raýatlar, edara-kärhanalar bilen banklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, banklara bolan ynamy artdyrmak, hasaplaşyklaryň dünýäde ulanylýan täze we häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, innowasiýa bank tehnologiýalaryny ösdürmek, maksatnama üpjünçiligini ýokarlandyrmak ýaly köp wezipeler dur. Bu çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin, hormatly Prezidentimiz degişli ugurlar boýunça ökde hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berýär. Bank we maliýe ulgamyndaky ösüşler we täze mümkinçilikler ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň işine, şol sanda hususyýetçiligiň, şahsy taraplaryň arasyndaky maliýe-hasaplaşyk gatnaşyklarynyň ösmegine getirýär, döwlet salgyt we býujet syýasatynyň hem durmuşa geçirilmeginde ýeňillikler döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bagtyýarlyk zamanamyzda döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça uly işler edildi. 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Esasy Kanunymyz täze redaksiýada kabul edildi. Esasy Kanunda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni we durmuşyň beýleki ugurlarynda döwrebap we talabalaýyk ösüşi üpjün etmek boýunça zerur bolan üýtgetmeler girizildi. Onuň kabul edilen täze redaksiýasynda: «Türkmenistan eýeçiligiň hususy, döwlet we gaýry görnüşlerine esaslanýan bazar ykdysadyýetini gurmaga çalşyp, öz ykdysadyýetini ösdürýär, döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär» diýlip bellenildi. Hususy eýeçiligi we tekeleçiligi ösdürmek boýunça bu günki amala aşyrylýan çäreler Esasy Kanunymyzda bellenen maddalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini doly subut edýär.

Hususy eýeçilige berilýän goldawyň netijesinde häzirki wagtda önümçilikde we söwdada hususyýetçi taraplaryň paýy barha artýar. Aýratyn hem, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde we söwdasynda, gurluşyk-gurnama işlerinde hususy kärhanalar, telekeçiler uly orun tutýarlar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararynyň esasynda ýurdumyzda gurluşyk-gurnama, abatlaýyş we durkuny täzelemek işleri boýunça geçirilýän halkara bäsdeşliklerine daşary ýurt kompaniýalary bilen deň şertlerde guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýerli kärhanalara bellenen tertipde gatnaşmaga ygtyýar berilmegini muňa mysal bellemek bolar. Bu resminamanyň ýurdumyzyň ýerli gurluşyk kärhanalarynyň ösüşini we olaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, ýerli gurluşyk kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm we uly möçberli ykdysady özgertmeler we çäreler ýurduň ykdysady ösüşini täze derejä çykarmak bilen, onuň çökgünliklere, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara has durnuklylygyny, goraglylygyny üpjün edýär.