СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Центре ОБСЕ в Ашхабаде обсуждены новые направления работы по предотвращению гендерного насилия 21 Ноябрь 2024 г., 12:25Талантливая молодежь Туркменистана отмечены высокими наградами 21 Ноябрь 2024 г., 12:13В Ашхабаде обсуждают ключевые аспекты присоединения к ВТО 21 Ноябрь 2024 г., 12:03Туркменистан и ЕС усиливают партнёрство для развития Транскаспийского коридора 21 Ноябрь 2024 г., 11:57В Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча заместителя министра Азата Атаева с Кристиной Хемшайер 21 Ноябрь 2024 г., 11:46Победители и призеры международного теннисного турнира Ashgabat Open 2024 21 Ноябрь 2024 г., 11:41

DOŇZUŇ ÖLSE-DE, HOR-HORY ÝATMAZ (Ak Welsapar barada)
24 Ноябрь 2017 г., 19:08

Daşary ýurtlardan eşek bolup aňňyrýan Akmuhammet Welsapar barada

Dana Magtymguly atamyzyň «Namart aýyp gözlär, dogan ilinden» diýip, dogduk mekanyna şyltak atýan, ysnat getirýän adamlaryň bigaýratlygyny, namartlygyny şygyr setirleriniň üsti bilen ýüzüne basyp, olary paş edip gidipdir.

Namart diýlip bolsa iň pes hem pis adamlara aýdylypdyr, olar musulmançylykda haram hasap edilýän haýwana doňza deňelipdir. Akmuhammet Welsapar ýaly çöpdüýbiniň öz iline şyltak atyp bilse, armany ýok. Ol aryň-namysyň nämedigine düşünmeýän, diňe kisejiginiň aladasy bilen ýaşaýan bidöwlet. Kisejiginiň galňajagyny bilse, öz ildeşleriniň ýüzüne gara çalmakdanam gaýdýan adam däl.

Adam bolan adam öz dogduk mekany barada erbet söz aýtmaga beýlede dursun, hatda erbet pikiri hem kellesine getirip bilmez. Ýöne namartlarda, ýagny doňza deňelýänlerde adamçylykdan jinnik ýaly hem zat ýok. Doňuz bolsa haýwanlaryň arasynda iň hapa haýwan hasap edilýär. Şonuň üçin il içinde «Doňuz bulanmaga hapa tapar» diýen aýtgy bar. Akmuhammet Welsapar hem şol zeýilli adamlardandygyny öz eli, öz dili bilen her ädimde subut edýär. Akmuhammet Welsaparyň Türkmen halkynyň ýaşaýan jenneti mekanyna gara sürtmäge edýän synanşyklarynyň nyşana degmedik ok ýaly her gezek sowa geçmegi, onuň “hojaýynlarynyň” lapyny keç edýän bolsa gerek. Türkmenistan ýaly ajap ýurda gara ýokmajagyna onuň akyly ýeterden has alysdadygyny, onuň pul üçin aýdýan pikirleriniň juda göýdükdigini görmek üçin filosof bolmagyň zerurlygy ýok. Ýogsam onuň göbek ganynyň daman ýeri şu mekan. Çagalygynda öz deň-duşlary bilen gülüp-oýnan, ak mekdebe gatnap bilim alan mekany şu Watan.

Soňra bolsa, oňa dollaryň bir gyrasy görkezilende, özüni pula satýan “ökjesi ýeňil” aýal maşgala ýaly selpildäp, dollaryň yzyna düşüp gitdi, hojaýynly boldy, hojaýyny kimi görkezse şoňa hem pitjiň atdy, gybat etdi, töhmet ýapdy.

 Indi bolsa Ýer ýüzünde abraýy barha belende galýan Ýurda görübilmezçilik edýär. Oňa özüniň ýapa degmejek şyltagyny atmaga çalyşýar. Ýöne türkmenler «It üýrer – kerwen geçer» diýipdirler. Onuň jöw-jöwi «kerwene» kär etmez. Akmuhammet Welsaparyň gybatlary käte gulagyma ilende, I.A.Kyrylowyň “Pil we Moska” atly basniýasyndaky pile ürýän gürji ýadyma düşýär.

 

Göbek ganynyň daman ýerine gelmegi, şu toprakda ölmegi aňyrsy küýsäp durandyr, ýöne ol özüne beýle bagtyň nesip etmejegini bilensoň, hapasyny ýüzüne çykarýar. Onuň bu bolşy öňde bir tilkiniň üzüme agzy ýetmänsoň «Aý, turşy eken-laý» diýşine meňzeýär.  

Il içinde «Doňzuň ölse-de, hor-hory ýatmaz» diýlen bir gep bar. Öz iline şyltak atyp, doňuzdan parhynyň ýokdugyny görkezen, Akmuhammet Welsapar hem aram-aram «hor-hor» edýär. Hapada ýatan doňzuň bar gazanjak zadam iň soňunda “hojaýynynyň” hapa sögünji bolar. Sebäbi onuň ýaly watanyny satýan dönükleriň öňde-soňda alan galasy ýokdugyna goja taryh şaýatlyk edýär. Pul görse, bilmeýän, tanamaýan ýurduna, bilmeýän, tanamaýan adamlaryna hojaýynynyň diý diýenini diýýäniň, ýurduny pula satyp gazanç edýäniň doňuzdan hiç bir parhy ýokdur.

 

Wideo:

https://www.youtube.com/watch?v=73M_L60KHyA