Terbiýe we maşgala
14 Ноябрь 2013 г., 17:53

Her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy, ene-atanyň çagalarynyň, il-gününiň öňündäki borjy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda maşgalada goýulýar. Maşgalada goýulýan ilkinji kerpiç çaganyň terbiýesinde ägirt uly rol oýnaýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemme taraplaýyn sagdyn, halal-päkize nesil ýetişýär.
Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanşyklylygy talap etse, ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola salmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik zerur. Ýadaman, ýaltanman şol ugurda göreşmeli, irginsiz zähmet çekmeli. “Zähmet soňy rehnet” diýilişi ýaly, seniň azabyň soňy netijeli bolýar, eşretli durmuşa gözüň düşýär.
Nesil terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlermizden bize galan uly baýlyk, taýsyz sowgat bolmakdan ötri, biziň her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar.
Her bir jemgyýet, şol jemgyýetde ýaşaýan adamlar, ata-babalardan bize ýeten mirasa, galdyrylan sowgada göz dikip, ondan peýdalanyp oňmaly däl-de, indiki, özünden soňky nesiliň aladasyny etmeli. Özem soňa goýmaly däl, çagalykdan terbiýeläp başlamaly. “Çagany ýaşdan” diýip, ýöne ýere aýdylanok. Ýaşlykda gözüniň gören zady, gulagynyň eşiden habary, körpä gowy täsir edýär.
Terbiýe meselesinde, her bir çaga gezek gelende, onuň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerur. Ýöne, gijä goýman, turuwbaşdan alada etmeli.
Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady (il içinde tutulyşy ýaly aýdanyňda Garry molla) bu barada gaty ýerlikli aýdypdyr.
Perzendi okuw ýaşyna ýetende, ata-eneler çagalaryny Garry mollaň huzuryna getirip, “Sünki meňki, eti siziňki” diýip ýüzlenip:
-Şu dogmamyza edep hem bilim beräýseňiz – diýenlerinde, akyldar, dana kişi:
-Bilim bereýin, bu bilim almak ýaşyna ýetipdir. Edep meselesinde, gijä galan bolmasaňyzam biri, sebäp edep çaga edep bermek has ir, çaga göwrede galan gününden başlanýar – diýer eken.
Döwletmämmet Azadynyň nygtaýşy ýaly, her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilligi, maşgala ojagyndan başlanýar. Ol terbiýe has netijeli we dowamly bolýar.
Ata-babalarymyz çaga terbiýesi bilen baglanşykda, özüniň gündelik durmuşynda gabat gelýän ýörelgeler bilen baglanşykda ähliumumy oňlanyljak bir netijä gelip, terbiýeçilik ähmiýeti bolan, gelejekde-de öz halkyna nepi degjek ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler. Olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Bizem olary unutmaly däl, olardan peýdalanmaly. Terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleriniň hiç haçan zeperi ýetmez. Iň bärkisi olaryň: “Terbiýe meselesinde ýalňyşara ýer ýok” diýen kesgitlemesi eýýäm köp zat barada habar berýär. Dogrydanam, bu meselede ýalňyşmaly däl. Döwrüň talabyna, ýaşaýan döwletiň kada-kanunlaryna laýyklykda hereket etmeli. Öňi bilenem, terbiýe meselesinde, maşgalaň güjine, täsirine onuň edýän hereketlerine daýanmaly.
Maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Biz hemişe onuň ýylysyna çoýunmaly, oňa bil baglamaly.
Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti diýseň uludyr. Ol ýaşlara edep-terbiýe berip, ony durmuş ýoluna salýar, jemgyýet bilen ysnyşdyrýar. Maşgala adamlara ruhy baýlyk ahlak gymmatlyklaryny siňdirýär. Maşgala hemişe onuň hemrasy bolup durýar.
Adamyň şahsy bagt we söýgi duýgulary, niýetleri, etsem-goýsamlary, ilkinji nobatda maşgala bilen baglanşykda geçýär. Maşgala, adam dünýä inenden soňky onuň ilkinji we ömürlik daýanjydyr, onuň terbiýe mekdebidir. Çaganyň mekdebe çenli terbiýesiniň tutuşlygyna maşgala baglydygyny unutmaly däldiris. Çaganyň ruhy we ahlak keşbiniň binýady ilki maşgalada tutulyp, soň mekdepde onuň üsti ýetirilýär. Umuman, adamyň doglanyndan tä ölýänçä ömri maşgalada geçýär. Maşgala onuň üçin mukaddes bolmalydyr. Ol nirä gitse-de, ýene maşgala uçrar. Onuň ömri, üstünligi, ýetmezçiligi maşgalada geçýär.
Çagalarymyzy adam edip ýetişdirmekde, döwrebap nesil edip kemala getirmekde, biziň diňe bir şahsy bähbidimizi däl, döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydyrys. Çaga döwlete daýanmaly, özi hem onuň diregi bolmaly. “Döwlet adam üçindir”, “Adam döwlet üçindir” diýen ganatly setirleriň manysy şundan gelip çykýar.
Bagtyýarlyk döwründe gülleýän Berkarar döwletimiz biz ylymly-bilimli, akylly-başly, edep-ekramly, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesili ýetişdirýän adamlar terbiýe meselesinde, ilkinji nobatda maşgala daýanmalydyrys. Çaga bolsa il-gününe guwanmalydyr, oňa hyzmat etmelidir. Maşgala biziň baş galamyz, il-gün bolsa howandarymyz bolmalydyr. Biz ýaşlary şol ruhda terbiýelemelidiris.
Hudaýberdi Bäşimow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.