СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Туркменистан расширяет возможности в энергосекторе для иностранных инвесторов 24 Апрель 2024 г., 16:51В Туркменистане прошло заседание Международной ассоциации ахалтекинского коневодства 24 Апрель 2024 г., 14:25В Париже обсуждают роль Туркменистана в будущем глобальной энергии 24 Апрель 2024 г., 14:20Туркменский вуз участвовал в международном форуме университетов в Москве 24 Апрель 2024 г., 14:14Президент Туркменистана обратился к участникам TEIF-2024 24 Апрель 2024 г., 11:14В Ашхабад прибыл глава МИД Великобритании 24 Апрель 2024 г., 11:09

Eşek özün egsik saýmaz bedewden …
04 Апрель 2017 г., 09:17

        Adatça, adam ogluny onuň häsiýeti kemyrsgal edýär. Bu sözler müň ýyl mundan öň Seljuk türkmenleriniň arasynda ýörgünli ulanylan sözlerdir. Türkmeniň akyl-paýhasy saýylýan Magtymguly Pyragynyň setirlerinde ynsan balasynyň ähli häsiýetlerine çuň seljerme berýän setirlere örän kän duş gelýärsiň. Pyragynyň zamanyndan bäri 300 ýyla golaý wagt geçen hem bolsa, häzirki döwürde ýaşaýan halkara derejeli haramzadalar bolan, pes hem pis häsiýetli Halmyrat Söýün, Geldi Käriz diýen ýalylaryň obrazly häsiýetleri Magtymguly tarapyndan beýan edilip gidilipdir. Magtymguly Pyragynyň «Eşek özüni egsik saýmaz bedewden», «Ite tütün ýokmaz, gula märeke», «Birine gul diýseň, meňi bellidir» diýen parasatly sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär.

      Halmyrat Söýün diýilýän murtly, bigaýrat mahlugyň kimdigini sorasaňyz, onuň baryp 90-njy ýyllarda ýaş türkmen parlamentinde özüni akylly görkezjek bolup, köp gürläp, nadandygyny ile aýan eden wezipeparazdygyny islendik türkmen aýdyp berer. Şol döwürde Halmyrat Söýün diýen şerçi özüni güýçli syýasatçy hökmünde görkezjek bolup, halkyň tarapdary bolan bolup birbada abraý gazandymmykam öýtdi. Emma ony şol wagt Gyzylarbat şäherine häkim bellänlerinde, ol özüni basym ile aýan etdi. Wezipe onuň asyl mazmunyny açyk görkezdi. Boş beýnili, il arasyna azgynlyk salmaga synanyşýan nadan Halmyrat Söýün diňe bir wezipä däl, eýsem özüni para-peşgeşe oýnadyp, kesekiniň maşgalasyna göz gyzdyryp başlady. Kellesi gyzyp, hatda öz gyzyny zorlamakdan hem gaýtmady. Şonda ony şeýtanlar däl-de, öz häsiýetinde oturan azgynlyk oýnady. Soňra ony wyždan azaby kösemedi, gaýtam täze-täze jenaýatçylykly hereketlere iterdi. Şol günleriň birinde maşgalasyna azar berlen zeberdest, babyr ýürekli türkmen ýigitleriniň biri ony tüpeň okundan geçirmekçi boldy. Şonda Halmyrat Söýün öz ilini terk edip ýurt daşyna gaçyp gitdi. Ýewropa aralaşyp, bu gün ol özüni hakykatçy keşbinde görkezjek bolýar. Biwepa köpek kimin, öz watanyna garap üýrüp başlady. Ýurtda gazanylýan üstünliklere, höküm sürýän asuda, parahat durmuşa göriplik edip başlady. Üstünlikli geçen Prezident saýlawlarynda türkmen halkynyň kimiň tarapyndadygyny görüp, ahmyr çekdi, onuň kalby birahatlyk tapdy. Özüniň köçä taşlanan zir-zibildigine, il içinde eşekçede görülmeýändigine bagry tütedi. Indi onuň üçin türkmen isimli adamlaryň kalbynyň gapysy baky ýapykdyr. Ol muňa bu gün göz ýetirip, özüniň bisan bolup galandygyna aglaýar. Onuň şundan başga çäresi ýok. Halmyrat Söýün çäresiz galan betbagt  haramzadadyr.

       Geldi Käriz hem bu babatda onuň aýrylmaz ekiztaýydyr. Öz döwründe türkmeniň tohum atlaryny dürli ýollar bilen daşary ýurtlara çykaryp, soňra olary ýokary bahalardan satyp, jübüsini puldan dolduran Geldi Käriziň kimdigine hem türkmenler örän beletdir. Namartdan hiç wagt merdiň dogmaýandygyny bilýän türkmen halky Geldi Kärizi itden beter ýigrenýär. Geldi Käriziň satan tohum atlary, ýok eden alabaý itleri, betbagt eden maşgalalary barada islendik adamdan sorasaňyz janyýangynlyk bilen gürrüň berer.

     «Pis pisi tapar – suw pesi» diýip türkmenler ýöne ýere aýtmandyrlar. Halmyrat Söýün we Geldi Käriz ýaly pisler türkmen topragyndan uzaklaşyp, Ýewropada biri-birini tapdylar. Beýnileri guran, köňülleri boşan, göwünlerinde şeýtan mesgen edinen bu mahluklaryň indiki ädiminiň ýat ýurtlarda gazylan gabyr boljakdygyna, diňe biz däl, külli türkmen halky düşünip otyr. Öz iliniň üstünligine, ýeňşine çyn ýürekden guwanmagy başarmaýan adamdan Taňrynyň hem bizardygyndan bihabar ülpetleriň keç hem puç ykbalyna gynanasyň hem gelenok.