Agalar hem çagalar
08 Ноябрь 2013 г., 17:04
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşaýarys.
Körpeler, ýaşlar, çagalar bu bagtdan paýly nesillerdir. Gurulýan ajaýyp çagalar baglary, mekdepler, sagaldyş we dynç alyş merkezlei, sport desgalary, bularyň hemmesi häzirki we geljeki nesilleriň hyzmatynda bolar. Bular ýaş nesle ýaşulularyň sowgadydyr, olar hakynda edilýan aladalaryň şaýadydyr.
Ýaşlar merdana we şohratly pederlerimiziň ruhy siňen bu mukaddes toprakda ýaşaýandyklaryna buýsanmalydyrlar. Özlerini şu derejä ýetiren aga-doganlaryna, ata-babalaryna, eje-mamalaryna guwanmalydyrlar.
Bir zaman bir danadan sorapdyrlar:
-Sen nämä juda buýsanýarsyň?
Onda köp muşakgatlary başyndan geçiren, köp külpetleri gören dana kişi:
-Meniň owaly bilen öz watanym bar, yzyma eýe boljak, watanymy gözüniň göreji ýaly gorajak perzendim bar-diýipdir. Az salym sözüne dyngy beribem:
-Galyberse özüme ýeterlik bilimimem bar. Ýöne bilimiň çägi bolmaýar, ony ösdüribermeli. Ol meň özüme bagly- diýipdir.
Durmuşda şol üç zat, derwaýys gerek zatlar, ýaşaýşyň sütüni, diregi bolup durýar. Ynsanyň diregi, onuň ahlagydyr, pederlerinden alan terbiýesidir. Türkmenleriň beýik millet bolmagynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahlak terbiýä uly üns bermegidir, özünden soňky nesliniň terbiýesini boýnuna almagydyr. Agalaryň çagalar üçin jogapkärçiligidir. Bu mesele täze kanunda-da öz manysynyň beýanynyny, durmuşda tutmaly ornuny kesgitleýär. Ululary kiçiler üçin jogapkär edýär, olaryň aladasyny etmegi buýurýar.
Köňül gursagy näçe arassa bolsa, ynsan gözelligi şonça-da zyýada bolýar. Arassa topragyň bagynyň bol, bitginli boluşy ýaly, onuň miwesi hem gaty datly, hasyly bolsa tükenmez bolýar. Şeýle ajaýyp günleri görmek, şirin döwrany sürmek üçin bolsa, ynsan gaty şükürli, sabyrlly bolmaly, köp zatlar, ençeme heňňamy başdan geçiren pederlerimizden, biz hakda alada edýän agalarmyzdan, bir zöz bilen aýdanyňda-durmuşdan öwrenmeli. Durmuş biziň merdi-merdanalygymyz, synmaz berkligimiz, ynsap hem halalygymyzdyr. Ol biziň üçin synag mekdebidir, terbiýe ölçegimizdir.
Lebziňe ygrarlylyk, watanperwerlik, sözüň eýesi bolmak, ikilik etmezlik, wepadarlyk, edermenlik, sahawatlylyk, ynsanperwerlik, sabyr-takatlylyk, geçirimlilik, kanagatlylyk, maksada okgunlylyk, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, bileniňi ile ýaýmak, goňşy-golamyň aladasyny etmek, gapydan gelene güler ýüz bilen garamak, bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüňi bermek-türkmene has, mahsus bolan gylyk-häsiýetdir. Biz ýaşlary şol ruhda terbiýelemelidiris. Olaryň gulagyna şol häsiýetlere eýermegi guýmalydyrys. Bu biziň-agalaryň, çagalarymyzyň öňündäki borjumyzdyr.
Biz şeýle jogapkärçilikli borjumyza dogry dşünip, ýaş nesliň degerli terbiýesini öz üstümize almalydyrys. Sebabi bizden öňküler, biz hakdaky aladany öz üstlerine alypdyrlar, bize indiki, geljek nesliň ykbalyny ynanypdyrlar. Bu arkama-arka gelip duran ykbaldyr, jagapkärçilikdir.
Biziň hemmämiz sallançaga salynyp, ene hüwdisi bilen terbiýelenen, şeýdip-şeýdip kemala gelen ynsandyrys, ene hüwdüsi bolsa, balasyna bolan söýgüden, guwançdan, arzuwdan doly, ýagşy niýetlerden, ýagşy dileglerden pürepürlenýär.
Magtymguly atamyz:
Halala hasap bar, harama azan,
Şeki ýokdyr ýada salgyn bu işi-diýipdir.
Ol adamy ymanly bolmaga çagyrypdyr. Ymanly bolmak-bu ähli tarapdan kämil bolmakdyr. Täze kanun ýaşlar üçin kämillege ýol açyp, mümkünçilik dýöredip, aýratyn hukuk berip, olary ynsanlyga, ynsanperwerlige, halal zähmete, çuňňur ylym-bilime çagyrýar.
Atalarymyz: „Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är“ diýipdirler. Biz rehimdar bolmaly, iliň ynamyny ödemeli, edilen ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermäni başarmaly. Bize miras goýulan ahlak terbiýäni goýaltmaly. Dünýäniň manysyny açyp görközýän kitaplary köp okamaly, ululary diňlemäni, saňa ömür beren ene-ataň gadryny bilmäni, olara çuňňur hormat goýmany başarmaly.
Köşejik men, ak süýt berdiň,
Läleläpjik, jan ene.
Gijelerne hupbat gördiň ,
Hüwdüläpjik jan ene.
Täzeden men çaga bolsam.
Insem dünýä, jan ene.
Didaryňy birje görsem,
Ýok armanym jan ene.
Şu ajaýyp setirleri mydama ýadyňyzda saklamaly. Eneň-ataň, uly nesliň gadryny bilmeli. „Ulyny sylan beg bolar“, „Edebiň ýagşysy ulyny syla“ diýen sözlerden many alyp, özüňe edilen ýagşylygy iki esse edip gaýtarjak bolmaly. „Ata kesbi ogla halal“ diýipdirler, ataň göreldesine eýermeli. Uzak gijeler çirk etmän çykan eneň gadryny bilmeli. Bu ýaş nesliň ömür unudylmaz borjudyr.
Biz birek –birregimiziň öňündäki borjumyzy, bergimizi hasap edip ýörmän, „Agzybirlik ýylysydyr ojagyň“ diýen jümlä eýerip, arkalaşygy iki tarapdan ýöretmeli. Aga hormat goýan çaga, çagany sylan aga-hiç wagt har-hor bolmaz. Olaryň buýsançly başy, mydama dik bolar! Şony ýaşlara düşündirmek- ulylaryň gaýra goýulmasyz wesipesidir.
Hudaýberdi Bäşimow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri