СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии Сегодня, 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества Сегодня, 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта Сегодня, 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США Сегодня, 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане Сегодня, 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС Сегодня, 10:47

Birinji ýarym ýyl: ykdysadyýetiň üstünlikleri
19 Сентябрь 2013 г., 19:40

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň netijeleri ýokary derejelerde görkezilendir. Bu bolsa gelejek üçin oňat esas döredýär. Soňky alty ýylyň içinde jemi içerki önümiň möçberi durnukly ösýär, ösüş depginleri bolsa ýylyň-ýylyna barha ýokarlanýar. 2013-nji ýylyň bäş aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 2012-nji ýylyň degişli döwrüne garalanda deňeşdirilen nyrhlarda 109,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüş depginleri saklanylýar. Senagat boýunça ösüş 6,6 göterim, oba hojalygynda 7 göterim, gurluşykda 17,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda 11,3 göterim boldy.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşine milli ykdysadyýetiň möçberiniň 50 göterimini tutýan senagat pudagy esasy goşant goşdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürmegiň ösüş depginleri şu ýylyň alty aýynda 113 göterime deň boldy. Senagatyň köp pudaklarynda ösüş depginleri saklanylýar.

Senagat ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda ösüş 140 göterime: sementiň öndürilişi 1,8 esse, keramzitiň öndürilişi 133 göterim, demir-beton gurnamalarynyň öndürilişi 123 göterim artdy. Şeýle ösüş depginleri ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen şertlendirilendir.

2013-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda maýa goýumlarynyň möçberi 107,5 göterim artdy. Olaryň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy maýa goýumlarynyň möçberlerini görkezýär. Jemi içerki önümiň ösüşi bolsa 43 göterime deň boldy. Urdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin işjeň maýa goýum syýasaty amalaaşyrylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça 1865 desganyň gurluşygy alnyp barylýar we ABŞ-nyň 41 milliard dollaryndan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirilýär. Onuň 13 milliard dollaryny ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalary özleşdirýärler.

Täze önümçilikleri, şol sanda kaustik sodany, hlory, kaliý dökünlerini, polipropilen önümlerini, poliuretandan gurluşyk materiallaryny öndürmek, timarlaýyş keramika plitalaryny, ýokary tehnologiýaly gurluşyk aýnasyny, ýylylygy goraýan materiallary öndürmäge niýetlenen kärhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bularyň ählisi içerki we daşarky bazar üçin bäsleşige ukyply önümlerdir. Dokma we haly kärhanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.

Maýa goýum maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde senagat esasynda maldarçylygy ösdürmek, suwaryş ulgamyna innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suwarymly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri çykyş edýär.

2013-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistanyň eksporta iberen harytlarynyň möçberi inportyň möçberinden ýokary boldy. 2013-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda hem Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi üstünlikler bilen häsietlendirilýär. Býujetiň gitdeji bölegi 118,1 göterime çykdajy bölegi bolsa 95,7 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň esasy bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda aýlyk haklary, pensiýalar, talyp haklary we beýleki durmuş kömek pullary öz wagtynda berilýär.

Durnukly ösüş Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň esasy bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi öňdebaryjy durmuş ölçeglerine degişli bolup, ilatyň abadançylygynyň ep-esli ýokarlanmagyny üpjün etdi we telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde mümkin boldy. Telekeçiligiň paýyna bolsa ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan jemi içerki önümiň 55 göterimi düşýär. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda kärhanalary we döwlet eýeçiligindäki desgalary 2013-2016-njy ýyllarda hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasy» we bu maksatnamany tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy hem hususy bölümiň ösdürilmegine ýardam edýär. Hasabat döwründe Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan öndürilen senagat önümleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 143 göterime golaý boldy, oba hojalyk önümleriniň ösüşi bolsa iki esse artdy.

Döwletimiz orta we kiçi telekeçiligiň wekilleriniň öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we eksporta gönükdirilen önümleri öndürmäge degişli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmeler biziň ýurdumyzyň dünýä bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli ykdysadyýetimiziň düzümlerini has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.