СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В честь 30-летия принятия Конвенции о правах ребенка дети вывели на поле команды Туркменистана и Шри-Ланки 20 Ноябрь 2019 г., 19:23На ашхабадской сцене с успехом прошла премьера оперы «Паяцы» 20 Ноябрь 2019 г., 19:17В Туркменистане отметят 30-летие Конвенции о правах ребенка 20 Ноябрь 2019 г., 17:29В Ашхабаде состоялась 14-я сессия Рабочей группы СПЕКА по торговле 20 Ноябрь 2019 г., 17:22В Пекине презентовали книги Президента Туркменистана 20 Ноябрь 2019 г., 17:05Компания "Туркмен Милли Логистик" приступила к отгрузке серы по новой технологии 19 Ноябрь 2019 г., 20:42

Telekeçiler-ýurdumyzyň altyn gaznasydyr
06 Сентябрь 2013 г., 15:38

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz Türkmenistan ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda gurulýan we gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany barha köpelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mümkinçilikleriniň bardygynyň alamatydyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanýandygy hem onuň güwänamasydyr.

Ýurdumyzyň telekeçileri hem milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyndan ugur alyp, halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen binalaryň gurluşygyna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň batyrgaý durmuşa geçirilmeginde barha işeňňirlik görkezýärler.

Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”, “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ilkinji hususy neşir bolan “Rysgal” gazetiniň açylmagy, “Rysgal” Täjirçilik Paýdarlar bankynyň döredilmegi, 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda “Syýasy Partiýalar hakynda” Kanunyň kabul edilmeginiň çäklerinde bu günki gün TSTP-niň döredilmegi we onuň agzalarynyň sanynyň gün saýyn artýandygy  bu ugurda ädilen ilkinji ädimlerdir.

Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçileriň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsleşigi hem güýçlendirýär. Türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda baý iş tejribesini topladylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2009-njy ýyldan bäri düýpli gurluşyklara gatnaşyp, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşup, döwrebap oba-şäherleri, ýaşaýyş jaýlaryny, köpsanly medeni-durmuş maksatly desgalary ussatlyk bilen, ýokary hilli gurup gelýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri şähergurluşyk toplumyna işjeň gatnaşyp, durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň gurluşygyny alyp barýarlar. Her hepdede diýen ýaly, türkmen telekeçileri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk öýlerini, sport toplumlaryny, medeniýet öýlerini... gurup, ulanmaga berýärler. Şol görmegeý binalar şäherlerimize, şäherçelerimize, oba-kentlerimize özboluşly gözellik çaýýar, bezeg berýär.

Ine, şonuň üçinem türkmen işewürlerine ägirt uly döwlet buýurmalary ynanylýar. Olar ýokary hilli, asyrlary yzarlaýan we iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän binalary gurýarlar. Sebäbi türkmen telekeçileri binagärlik sungatynda baý iş tejribesini toplan gurluşykçylar-hünärmenler hökmünde özlerini tanatmagy başardylar. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri binagärlik babatynda daşary ýurt firmalary bilen mynasyp bäsleşik edýärler. Muňa hususy kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalary gurýandygy, gurluşykda öňdebaryjy tilsimatlar we innowasion tehnologiýalary batyrgaý ulanmagy başarýandygy doly güwä geçýär.

2013-nji ýylyň 7-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz ak mermere bürenip oturan Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyryna degişli taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Şonda milli liderimiz Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegi türkmen telekeçilerine ynandy. Biz, türkmen telekeçileri bu ýokary ynama öz tutanýerli zähmetiniň netijesinde mynasyp boldular. Bu ýokary ynamy ýurdumyzyň telekeçileriniň ýyl ýazgysyndaky taryhy waka diýip atlandyryp bileris.

Türkmen telekeçileriniň durmuşa geçirýän işlerine hormatly Prezidentimiz mynasyp baha berýär, olaryň maksada okgunly işlemekleriniň aladasyny-da edýär. Milli Liderimiziň Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdaky  meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini telekeçilere ynanmagy-da tötänden däldir. Sebäbi milli Liderimiz türkmen telekeçileriniň iş başarjaňlygyna, päk ýürek bilen zähmet çekip, gowy hilli, berkden berk binalary gurjakdygyna ynanýar.

Ýurdumyzyň ýüregi gözel Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky taslamalaryna laýyklykda, Oguzhan köçesiniň ugrunda ak mermere beslenen ähli amatlyklary özünde jemleýän belent ýaşaýyş jaýlarynyň, edara ediş binalarynyň  we dürli maksatly desgalary täze toplumy emele geler. Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň umumy bahasy 1 milliard 410  million manada golaýdyr.

Türkmen işewürleri bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Medeniýet ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, nebitgaz, oba hojalyk toplumlarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary esasynda ähli amatlyklary bolan 12 gatly ýaşaýyş jaýlaryny bina ederler. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça-da ýaşaýyş jaýyny gurarlar.

Binalaryň taslamasy taýýarlanylanda olaryň hemmesinde ýerasty awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem ýaşaýjylaryň wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary-da nazardan sypmandyr. Onuň üçin ähli amatly şertleri döretmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, binalaryň ýanaşyk ýerlerindäki gök zolaklarda çagalar üçin hem-de sport meýdançalary, köpçülikleýin çäreleri guramak üçin telärler döwrebap enjamlaşdyrylar.

Hususy kärhanalar tarapyndan bulardan başga-da her biri 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň ikisi bina ediler. Şeýle hem telekeçiler 160 orunlyk çagalar bagynyň 2 sanysyny gurarlar. Olarda ösüp gelýän ýaş neslimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler bolar.

Meýilnama laýyklykda bu ýerde Saglyk öýi hem gurlar. Ol ýaşaýjylara lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirer. Saglyk öýünde maşgala lukmanlary, «Tiz kömek» üçin bölümler, maslahat beriş otaglary, anyklaýyş, hirurgiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, dikeldiş-sagaldyş, barlaghana otaglary göz öňünde tutupdyr. Bulardan başga-da paýtagtymyzy ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda bu ýerde söwda we hyzmatlar ulgamynyň degişli düzümleri, söwda-dynç alyş merkezi, 200 orunlyk, birinji gaty dükanly, üç derejeli awtoduralgalar we ulag ýollary gurlar. Şeýle hem bu künjekde edara ediş maksatly birnäçe desgalar bina ediler.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, örän gysga wagtyň, bary-ýogy bäş ýylyň içinde telekeçilerimiz diňe bir ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda däl, eýsem jemgyýetimiziň ösüşiniň hilini kesgitleýän täsirli güýç hökmünde döwletimiziň syýasy durmuşynda hem özlerini ykrar etdirmegi başardylar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagy bazar ykdysadyýetiniň esasy pudagy hökmünde hereket edýär. Telekeçiler gurluşyk pudagynda, gurluşyk materiallaryny öndürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşip bilýärler. Ony telekeçileriň durmuşa geçirýän işlerinde-de aýdyň görmek bolýar.

Ine, şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmegiň  nobatdaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegi türkmen telekeçilerine ynandy. Olar özlerine bildirilen bu ýokary ynamy ödärler, öňde goýlan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirerler diýip arkaýyn aýdyp bileris.

  Paýtagtymyzda amal edilýän düýpli gurluşyklarda türkmen işewürleriniň öňünde geljekde has uly wezipeler durýar. Ol wezipeler täze, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyndan, dürli binalary, inženerçilik desgalaryny gurup, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat.

Hormatly Prezidentimiziň  “Telekeçiler-ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýip uly ynam bildirýän türkmen telekeçileriniň bu wezipäniň aňryýany bilen hötdesinden гелер.