Milli pulumyzyň gymmaty
04 Сентябрь 2013 г., 15:30

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda Milli walýutamyzyň dolanyşyga girizilenine 20 ýyl dolýar. Bu taryh üçin gysga möhlet. Emma Milli pulumyz, onuň taryhy orny hakynda söhbet etmek köpleri gyzyklandyrsa gerek.
Bilşimiz ýaly, Milli pulumyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan dolanyşyga girizilende, iki manat bir amerikan dollary diýip kesgitlenipdi. Emma Milli manadymyzyň bu hümmetini saklap bilmändigi köpleriň ýadyndadyr. 1994-nji ýylyň 1-nji martyndan on manadymyz, 1995-nji ýylyň 1-ýnji ýanwaryndan iki ýüz, 1998-nji ýylyň fewralyndan bäş müň iki ýüz manadymyz bir amerikan dollary diýip, döwlet kursy hökmünde kesgitlenipdi. Ýöne ol döwürlerde hökümetiň türkmen manadynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygyna bellän resmi kursundan başga gara bazar kursy hereket edip, ol kurs türkmen manadynyň resmi kursundan iki essä golaý gymmat bolupdy.
Russiýada 1998-nji ýylyň awgustynda bolup geçen walýuta defoltynyň täsiri bilen türkmen manadynyň gara bazar kursunyň hümmetsizlenmegi gitdigiçe artyp, 2004-nji ýylyň başyna çenli Milli manadymyzyň gara bazar kursy 25, hatda 26 müň manada hem ýetipdi, ýöne 2004-nji ýylyň mart-aprelinden türkmen manadymyzyň gara bazar kursam durnuklaşyp, 23-24 müň manat aralykda tä 2008-njy ýylyň dekabryna çenli saklandy. Şeýlelikde ol döwürlerde türkmen manadymyzyň resmi kesgitlenen kursy 5200 manat, gara bazar kursy 23-24 müň manat bolup, bu iki kursuň tapawudy bäş essä golaý bolupdy.
Adamlarymyz tä 2009-njy ýylyň başyna çenli pul süýşürseler ony amerikan dollarynda saklaýardylar. Milli manadymyza bolan ynam örän pesdi. Şonuň üçin türkmen hökümeti 2009-njy ýylyň başyndan pul reformasyny geçirip, Milli pulumyzy demonirläp, bäş müň esse kiçeldip, dolanyşyga goýbermeli edende, adamlarymyzyň uly bölegi demonirlenen Milli manadymyza hem ynamsyzlyk bilen garapdylar.
Ýöne demonirlenen pulumyz dolanyşyga girizilende, öňki goýberilen ýalňyşlyklar sapak edinildi. 2009-njy ýylda Milli manadymyzyň köne hem täze demonirlenen görnüşleri deň derejede dolanyşykda saklandy. Milli manadymyzyň köne nusagasyny islendik möçberde çalyşmaga päsgelçilik döredilmedi, täze demonirlenen pulumyz 2010-njy ýylyň başyndan ýeke-täk Milli pulumyz bolup demonirlenen türkmen manadymyz dolanyşykda saklanýar.
2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan hökümet köne pulumyzda ýigrimi müň, demonirlenen pulumyzda bir amerikan dollary dört manat kesgitläp, açyk döwlet banklarynda satyp başlady, haýran galmaly, şol çaka çenli köne pulumyzda 23-24 müň manat bir amerikan dollar bolan gara bazar kursy hem derrew döwletiň deňlän kursuna çenli aşaklap, soňky 11 ýylyň dowamynda ilkinji gezek döwletiň bellän amerikan dollar kursy bilen gara bazar kursy 2009-njy ýylyň ýanwarynda deňleşdi.
Hökümetiz 2009-njy ýylyň 27-nji aprelinden bir amerikan dollaryny köne pulumyzda on dört müň iki ýüz elli manat, demonirlenen pulumyzda 2manat 85 teňňe möçberinde kesgitledi. Ynha şondan bärem Milli manadymyzyň 2 manat 85 teňňesi bir amerikan dollar möçberinde saklanyp gelýär. Häzir ýurdumyzda Milli manadymyzyň daşary ýurt walýutasyna gatnaşygynda diňe döwletiň bellän ýeke-täk kursy hereket edip, onuň gara bazar kursy doly ortadan aýryldy.
Dogry, ýurdumyzyň uly şäherlerinde daşary ýurt walýutasyny alyp-satýan käbir dellal adamlarymyz bar, ýöne olaram diňe döwletiň bellän kursundan amerikan dollaryny alyp satýarlar. Köplenç halatda ol dellallar bir amerikan dollaryny 2 manat 80 teňňeden satyn alyp, her dollaryň üstüne 5 teňňe goýup satýarlar. Milli manadymyzdan soň, daşary ýurt walýutasyndan amerikan dollaryna bolan isleg ilatymyzda uly. Munuň düýp sebäbi Türkmenistanda söwda edýän telekeçiler daşary ýurtdan haryt getirenlerinde ol ýerde amerikan dollarynda söwda edýär ekenler. Has dogrusy, amerikan dollarynyň dünýä derejesinde ykrar edilen walýutadygy üçin, ilatymyzda bu pul birligine belli bir derejede uly isleg bar.
Türkmenistanda amerikan dollarynyň gara bazar kursy barka, belli bir derejede rus rubly hem ýewro pul birliginiň gara bazar kursy hem bardy, ýöne ol pul birlikleriniň gara bazar kursy ol pullaryň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda kesgitlenýärdi. Ýöne ýurdumyzda daşary ýurt walýutasynyň gara bazar kursunyň doly ýatmagy bilen indi ilatymyzda rus rublyna ýa bolmasa ýewro pul birligine bolan isleg asla ýok diýerlik derejä ýetipdir. Dürli sebäp bilen agzalan daşary ýurt pul birlikleri gerek bolan ýa ony edinen raýatlarymyz hem ol walýutalary hökümetiň bellän nyrhlarynda döwlet banklaryndan alyş-çalyş edýärler.
Şeýlelikde häzir ilatymyzyň iň esasy ulanýan walýutasynyň türkmen Milli manadymyzdygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Edil häzir bazarlarda söwda edýän telekeçiler hem amerikan dollaryndan türkmen manady bilen has göwünjeň söwda edýärler. Eger-de tä 2007-2008-nji ýyla çenli ýurdumyzda amerikan dollary türkmen manadyna bolan gatnaşykda gün-günden gymmatlan bolsa, indi Milli manadymyz bäş ýyla golaý wagt bäri amerikan dollaryna bolan gatnaşykda şol bir hümmetini saklap gelýär. Tä agzalan döwre çenli amerikan dollarynyň gymmatlap pylança manada ýetjekdigi hakynda ilat arasynda gürrüň edilen bolsa, häzir tersine ilat arasynda amerikan dollarynyň pese düşjekdigi hakynda tassyklanmadyk howsalaly gürrüňler bar. Hut munuň özem ilatymyzyň türkmen manadymyza ynamynyň uludygyny görkezýär.
Türkmenistanda Milli manadymyzyň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşykda durnuklaşmagy ýurdumyza daşary ýurt maýadarlaryň maýa ýatyrmagyna bolan islegini has artdyrdy. Munuň aýdyň mysaly 2006-njy ýylda ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda 12 milliard amerikan dollaryna barabar möçberde daşary ýurt firmalary gurluşyk pudagymyza iş alyp barypdyr. Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler kabinetiniň giňeldilen mežlisinde döwlet baştutany ýurdumyz boýunça gurluşyk pudagymyzda 41 milliard amerikan dollaryna barabar gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny, şonuň 13 milliard amerikan dollaryna barabar puluň ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan özleşdirilýändigini habar berdi. Bu sanlardan görnüşi ýaly häzir ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna daşary ýurt maýadarlary 28 milliard amerikan dollar möçberinde pul ýatyrypdyrlar. Üns bermeli bir ýagdaý, 2008-nji ýyldan bäri dünýäde dowam edip gelýän ykdysady çökgünlik döwründe ýudumyzyň gurluşyk pudagyna daşary ýurt maýadarlarynyň ýatyran puly bir ýarym esse köpelipdir.
Dogry, häzir türkmen manadymyzyň hökümetiň berk kesgitlän nyrhy boýunça daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşygy kesgitlenýär. Ýöne dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän döwründe türkmen manadymyzyň daşary ýurt walýtasyna bolan gatnaşygyny erkin-bazar bahasyndan kesgitlemek halkyň sosiýal ýagdaýynyň peselmegine sebäp bolmagy mümkin. Şol sebäpli hökümet ýuwaş-ýuwaşdan türkmen manadymyza bolan berk nyrh syýasatyndan el çelip, soňlugy bilen Milli manadymyzyň erkin-bazar şertlerinde konwertirlenmegine hem ýol berjekdigine şübhelenmese bolar. Iň esasy zat ýurdumyzda Milli manadymyzyň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşygynda gara bazar kursy doly ortadan aýryldy. Bu bolsa ilatymyzyň Milli manadymyza bolan ynamyny artdyrdy, daşary ýurt maýadarlarynyň bolsa hökümetimiziň ykdysady syýasatyna bolan ynamyny berkitdi.
Türkmenistanyň dünýä ykdysady çökgünlik zamanynda M illi manadymyzyň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşygynda berk durnuklylygy saklamagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň berkliginden habar berýär. Ýokarda hem ýatlap geçişimiz ýaly, Russiýada 1998-nji ýylyň awgustynda bolup geçen ykdysady defoltynyň täsiri netijesinde Milli pulumyzyň hümmeti uly derejede peselipdi. Emma indi türkmen ykdysatiýeti dünýäde ykdysady çökgünlik zamanynda hem kuwwatlydygyny şübhesiz subut etdi.
Käbir ykdysatiýetçiler Milli puluň hümmetini saklamak üçin döwlet belli bir serişde ýatyrýar diýmegi mümkin. Ýöne ýurduň güýçli ykdysady syýasty bolmasa, hökümet islegi bilen Milli puluň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşygyny şol bir derejede saklamagyň mümkin däldigini Garaşsyzlyk ýyllarymyzda öz geçen ykdysady ýolumyz hem doly subut etdi. Ýa bolmasa edil häzirem käbir goňşy döwletlerimiziň näçe tagalla edýändigine garamazdan, olara Milli pullarynyň gara bazar kursuny ýatyrmak başartman gelýär.
Mahlasy, ilatymyzyň türkmen manadymyza bolan ynamy doly berkedi.Indi raýatlarymyz artdyran süýşrgüntlerini Milli manadymyzda saklmakdan ätiýaç etmeýärler. Adamlarymyzyň ynamynyň bar ýerinde Milli manadymyzyň ömrüniň dowamat-dowam boljakdygyna şübhe bolup bilmez.
Döwletmyrat Ýazkulyýew
Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri