Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlarynyň esasy maksatlarynyň biri – tebigata zyýan ýetirmezlik!
26 Август 2013 г., 11:52
Ýokary hilli türkmen ýangyjyny sarp edijilere ilkinji gezek ugradyp başlanyna şu ýylyň 5-nji iýunynda 70 ýyl dolýan zawodlar toplumynda häzirki döwürde bitirilýän işler sözüň doly manysynda bütün dünýä ykrarnamasyna eýedir. Esasan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlara we Ýewropa döwletlerine ýokary hilli nebit önümlerini ibermek bilen kärhana daşary ykdysady dolanyşygynda aýgytly orny eỳeleỳär. Bu ýokary hilli önümlere bolan durnukly islegiň barha artmagy olaryň iberilỳän ỳurtlarynyň geografiỳasynyň we sanynyň köpelmegini üpjün edỳär. Aslynda zawodlar toplumynyň önümleriniň hil babatda halkara ykrarnamasyna eỳe bolmagy kyn däl. Türkmenistan Garaşsyzlygy alynandan soň zawodlar toplumy durkyny tutuşlaỳyn diỳen ỳaly üỳtgetdi we üỳtgedỳär. Olarda öň göz öňüne 50 ỳyl tutulmadyk meseleler Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ähli ugurlary doly dünỳä standartlaryna girizilip, düzedilip başlanyldy, netijede häzirki durkuna getirildi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde toplum öndürýän önümleri boýunça “Altyn globus” halkara baýragyna (Amsterdam, Niderlandlar, 1995 ý.), “Astekleriň ýyldyzyna” (Mehiko, Meksika 1997 ý), “Hil üçin halkara altyn ýyldyzyna” (Ženewa, Şweýsariýa, 1999 ý), “Täze müňýyllygyň baýramy” atly iň oňat söwda markasy üçin baýraga (Pariž, Fransiýa, 2001 ý.), söwda liderleriniň halkara klubunyň “Tehnologiýa we hil üçin täze müňýyllygyň baýramy” atly hormatly diploma (Ženewa, Şweýsariýa, 2001 ý), “Hil üçin halkara baýragyna” (Nýu-Ýork, ABŞ, 2002 ý), “Hil üçin altyn ýyldyza” (Ženewa, Şweýsariýa, 2002 ý.) “Hil üçin täze müňýyllygyň baýragy” (Pariž, Fransiýa, 2008 ý.) atly halkara baýraklaryna mynasyp boldy.
Umuman bellänimizde Türkmenistan Garaşsyzlygyny alynandan soň birnäçe önde goỳulỳan maksatnamalary ỳerine ỳetirỳär, belläp geçmeli ỳerleri maksatnamalaryň ählisi dünỳä standartlaryna ГОСТ-laryna gabat gelỳändigi ỳokardaky belläp geçỳän sylaglar subut edỳär. Ondan başga-da Türkmenistan Kaspi deňiziň kömegi bilen birňäçe ỳurtlar bilen sebitleşỳär, şol maksada eỳerip diňe bir öz döwletiň bähbidini bilmekden başga-da goňşy ỳurtlaryň ekologiki meselesine hem üns berỳär. Zawodlar toplumy Kaspi deňiziniň çäklerinde ỳerleşdirilen, şol sebäpli birnäçe dünỳä standartlaryny Türkmenistan goldaỳar we ỳerine ỳetirỳär. Bulara mysal bolup, her ỳyl Türkmenistanda geçirilỳän halkara Nebit we gaz maslahatynda, sergilerinde, gaz kongreslerinde ekologiki meselelerine seredilỳär, üns berilỳär.
Iň esasy zat bolsa, häzirki zaman dünỳäsiniň öňdebaryjy önümçilikleriniň iň kämil desgalary, tehnologiỳalary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan kärhanada önümçilik görkezijileri ỳylyň- ỳylyna barha ỳokarlandyrylỳar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň birnäçe ỳurtlar bilen şertnama üsti bilen ylalaşyklary ỳerine ỳetirỳär. Şolaryň biri Türkmenistanyň sebitinde nebit we gaz känleri özleşdirmek we ulanmak bilen meşgullanylỳar, ỳagny Malaziỳa döwletiniň “Petronas” kompaniỳasy we birnäçe kompaniỳalar Hazar deňiziniň çäklerinde nebit känlerini özleşdirỳär. Olaryň öňde goỳỳan maksatnamalary şertnamalar bilen doly berkidilendir. Şertnamada daşky gurşawy gormak meselesi esasy bölümleriň biri bolup durỳar. Olar platformalar bilen özleşdirỳärler. Ýöne SSSR döwüründe Hazarỳaka deňizinde hiç hili platformalarda nebit känlerini çykdajyly bolmagy sebäbli özleşdirilmedik. Olar estokadalaryň kömegi bilen göni nebit we gaz guỳulary burawladylar. Şol döwür kynçylyklar we awariỳalar ekologiki mesele hökmünde göz öňüne tutulmaỳardy, bu ýagdaý netijede ỳangyna getirýärdi. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň Çelekendäki kenar känleri özleşdirmegi bes edildi. Sebäbi nebit we gaz guỳularyna gözegçilik döredilip başlady, netijede känlerdäki guỳular 1991-nji ỳylyň noỳabr aỳynda ỳapylmaly diỳlen karar döredildi. Ol guỳulary likwidasiỳa (sement dykysy bilen ỳapyldy).
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleỳasynyň 66-nji sessiỳasynda Türkmenisatnyň Merkezi Aziỳa we Hazar sebiti zolagynda sebitleỳin howpsuzlygyň we durnuklylygyň berk ulgamyny döretmäge bar bolan meseleleri parahatçylykly ỳol bilen çözmäge gönükdirilen tagalalaryny beỳan edip çykyş etdi. Geljekki nesilleriň ösüşi şol meselleriň üstünlikli çözülmegine baglydyr. Şol meseleleriň biri howanyň we daşky gurşawyň global derejede üỳtgemegi bolup durỳar. Ekologiỳa meseleleri dünỳä bileleşigi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyp, ỳuzlenmeleriň birnäçesi kabul edildi, kömür turşy gazynyň atmosfera zyňylmagynyň mukdaryny azaltmak baradaky teswirnama gol çekildi.
Tebigy gurşawyň we oňa täsir edýän ýagdaýlara gözegçilik etmeklik wajypdyr.
Organiki önümçilik birleşiginde himiki taýdan çig mal bolup durýan metan, etan, propan, geliý, kükürtli wodorod we beýleki gazlar öndürilende ekologiki monitoringiň talaplaryna uly üns berilýär.
Ekologiki sertifikasiýasy.
Türkmenistanda hojalyk we başga işleriň ekologiki taýdan howpsuz geçirilmegini üpjün edýän senagatyň we başga obýektleriň sertifikasiýasy amala aşyrylýar. Olaryň hersine bellenen ekologiki talaplaryň ýerine ýetirilmegine ekologiki sertifikasiýasy diýilýär.
Ekologiki sertifikasiýasy - bu ekologiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça talaplary bellemek we olaryň hökmany ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekdir.
Ulgamyň çäginde aşakdaky görkezilen işleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutmaly:
1. Önümçilik obýektleriniň ekologiki sertifikasiýasy; 2.Eko sertifikasiýasy we onuň synag barlag akkreditasiýasy; 3.Ekspert-auditorlaryň taýýarlanmagy we attesasiýasy; ekologiýa taýdan howpsuz hojalyk we başga işleri amala aşyrmak üçin ekologiki sertifikasiýasy-senagat pudaklarynda bellenen ekologiki talaplaryň laýyklygy boýunça ýerine ýetirilmegini kepillendirýär.
Ekologiki sertifikasiýasy raýatlaryň amatly daşky gurşawdan peýdalanmagyna hukuklaryny ýerleşdirmek üçin ykdysady hukuk mehanizmini döretmek maksady bilen geçirilýär. Ekologiki sertifikasiýasynyň maksady depginli mehanizmi üpjün etmekligi, ekologiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça talaplary bellemegi we olaryň hökmany ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi, ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi üçin hukuk we ykdysady täsiri höweslendirmek çärelerini göz öňünde tutmagy öz içine alýar.
Monitoringleriň häzirki döwürde alyp barýan işleri ýurdyň senagat önümçiliginde örän wajypdyr. Ekologiýa meselesi bütin dünýä global meselesidir ol hemişe öwrenilýändir we gözegçilik edilỳändir.
Tebigaty goramak baradaky taglymaty - döwlet we jemgyýetçilik çäreleriniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we dünýäde iň öňdebaryjy tejribä daýanýan wajyp meseleleriniň biridir. Onuň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurduň tebigy baýlyklaryny gorap saklamakdan we rejeli peýdalanmakdan, daş-töwerekdäki gurşawa ekologik deňagramlylygyň we zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň has gowy we ekologik taýdan abadan ýaşamaklaryny, žähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny talabalaýyk üpjün etmekden ybaratdyr.
Islendik ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmak töwerekdäki gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny dürnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmazdan, tebigy baýlyklaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, gaýtadan döretmek, gorap saklamak we ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri üpjün etmezden mümkindäl. Milli bähbitleriň berjaý edilmegi, ýurdy ösdürmegiň tehniki, maliýe ykdysady tärleriniň aňly-düşünjeli utgaşdyrylmagy ekologiýa syýasatyndan üzňe bolmaly däldir. Ekologiýa syýasaty döwleti durmuş-ykdysady taýdan dumukly ösdürmek meseleleri çözülende, mümkin bolan has ýokary netijeleri gazanmaklygy üpjün edýär.
Maksatnama laýyklykda döwletiň ykdysady, azyk, durmuş, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugurlary şeýle kesgitlenildi:
- ýurduň senagat taýdan osüşini daşky gurşawy goramaklyk bilen utgaşdyrmak;
- Aral zolagynda ekologiýa heläkçiligiň zyýanlarynyň öňüni almak;
- agyz suwunyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek;
- adam üçin zyýanly maddalaryň oba hojalyk önümçiliginde ulanyş ölçeglerini berk berjaý etmek, topragyň şorlaşmagyna we iýilmegine garşy göreşmek, zyýanly galyndylaryň howa goýberilmegini azaltmak.
Bu babatda ýurtda döredilen kanunçylyk binýady («Tebigaty goramaklyk hakyndaky», «Atmosfera howasyny goramak hakyndaky», «Uglewodorod baýlyklary hakyndaky», «Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaklyk hakyndaky» kanunlar we başgalar) ykdysady serişdeleriň hereketini hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa tebigatdan peýdalanyjylaryň töwerekdäki gurşawy goramakdaky jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga, tebigata adam tarapyndan ýetirilýän ýaramaz täsirleriň azalmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Haýwanat we ösümlik dünýäsini goramagyň we ondan rejeli peýdalanmagyň ýollarynyň ykdysady taýdan ugrukdyrylyşy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy namalaryny durmuşa geçirmek ýoly bilen amala aşyrylýar. Türkmenistanda daş-töweregi goramak boýunça birnäçe ugurlarda işler geçirilýär. Olar, esasan, şu aşakdakylardan ybarat:
- Türkmenistanyň ekologiki meseleleri;
- Hazar deňziniň meselesi;
- adatdan daşary ýagdaýlar - ýer titreme, tozanly ýeller, şemallar;
- agyz suwunyň üpjünçiligi;
- zeý (kollektor-drenaž) suwlar - olaryň daş-töwerege edýän täsiri;
- biodürlülik;
- önümçilik we ýangyç-energetika toplumynyň ösmegi bilen baglanyşykly döreýän ekologiýa meseleleri.
Türkmenistanyň syýasaty netijesinde ýurda daşky gurşawy arassa saklamak iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şol wajyp mesele Türkmenistanda birjik-de ünsden düşürilenok.
Nebiti gaỳtadan işleỳän zawodlar toplumy häzirki wagtda ene-de rekonstruksiỳa geçirilmegi göz öňüne tutulỳar. Bu geçiriljek işleriň netijesi zawodyň käbir böleklerini dünỳäniň soňky gazananlary bilen utgaşdyrmak bagly. Nebiti gaỳtadan işleỳän zawodlar toplumynda galyndy suwuklyklar ulanylỳan tehnologiỳalar, gaỳtadan işläp, galyndy suwlary arassa dissilirlenen suwa çalşyrỳarlar. Nebiti gaỳtandan işleỳän zawodlar toplumynyň nebiti ỳygnaỳjy göwrümleri, ỳörite basyş we temperatura arkaly saklaỳar. Olaryň hiç hilli daşky gurşaw bilen gatnaşygy ỳokdyr. Sebäbi olar birnäçe galyňlykda bolup özünde birnäçe böleklere bölünỳär.
Nebiti gaỳtadan işleỳän zawodlar toplumy boỳunça her bir bölümçede tejribehanalar bilen berkidilendir. Bu tejribehanalar seljerme barlag işlerini geçirmäge we ylmy işleri amala aşyrmaga niỳetlenen.